Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Kardiologiýa merkeziniň dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary bilen üpjün edilmegi, bu ýerde yhlasly zähmet çekýän lukmanlaryň ýokary hünär derejelerine eýe bolmagy milli Saglygy goraýyş ulgamynyň uly üstünliklere ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Germaniýa, Fransiýa, Ysraýyl, Ýaponiýa ýaly öňdebaryjy ýurtlaryň meşhur önüm öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen merkeziň lukmanlary birnäçe ösen döwletlerde bolup, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Dünýäniň halkara derejeli saglyk merkezleriniň lukmanlary bilen hünär-tejribe babatynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Aýratyn-da, Halkara Kardiologiýa merkeziniň lukmanlary nemes kärdeşleri bilen ýürek-damar kesellerini bejermek we bu keselleriň öňüni almak barada yzygiderli tejribe alyşýarlar. Merkeziň lukmanlary iň döwrebap innowasion enjamlara ussatlyk bilen erk etmegi başarýarlar.
Halkara Kardiologiýa merkezinde hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna hem-de yzygiderli aladalaryna laýyklykda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň we öňüni almagyň hiliniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Ýakynda bize bu merkezde bolup, lukmanlaryň birnäçesiniň gündelik alyp barýan asylly işleri baradaky gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi.
Halkara kardiologiýa merkeziniň ýürek nogsanlyklar bölüminde näsag çagalarda we uly adamlarda operasiýalar geçirilýär. Olar, esasan-da, dört görnüşe bölünýärler:
1. Çagalaryň doga ýürek kemisliklerini bejermek. Bu operasiýalar 2019-njy ýyldan bäri ýaňy 3 aýlyk bolan çagalarda-da geçirilip başlandy. Ozal munuň ýaly kiçi ýaşly çagalarda operasiýa geçirmek mümkinçiligi ýokdy. Bu hem biziň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerimiziň biridir.
2. Ýüregiň rewmatik nogsanlygyny bejeriji (ýüregiň gabsasy (klapany) emeli protez bilen çalşyrylýar ýa-da ýüregiň gabsasyny dikeldiji) operasiýa.
3. Ýüregiň işemiýa keselini bejeriji operasiýa — ýüregiň gan damarlaryny (koronar) şuntirleme.
4. Ýüregiň döreme we beýleki kesellerini bejeriji operasiýa.
Näsaglara ýokary we netijeli bejergileri geçirmek üçin hemme şertleriň bardygy bizi diýseň begendirýär. Bölümiň lukmanlary Germaniýa, Ysraýyl, Russiýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kardiologiýa merkezlerinde hünär kämilleşdiriş okuwlarynda bolup geldiler. Biziň merkezimizde näsaglaryň öz dertlerine şypa tapmagy üçin iň bir döwrebap şertleriň döredilendigi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu bolsa milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli hem-de umumadamzat ähmiýetli durmuşa ornaşdyrýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleriniň biridir.
Merkeziň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň iki sany bölümçesi bolup, ol iki ugra gönükdirilendir: kardiohirurgiki operasiýalaryň anesteziologiki üpjünçiligi we operasiýadan soňky ýakyn döwürde operasiýa geçirilen näsaglara intensiw bejergini geçirmek, gözegçilik etmek, şeýle hem ýiti ýürek-damar ýetmezçiligi hem-de dekompensirlenen ýürek ýetmezçiligi bolan näsaglaryň bejergisini amala aşyrmak. Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary näsaglara geçirilýän bejergi işleriniň has-da netijeli bolmagyny üpjün etmäge giň şertleri döredýär.
Narkoz-dem beriş enjamlary ingalýasion anestetikleri ulanyp anesteziany geçirmäge, «BIS» monitoringiň gözegçiliginde narkozyň çuňlugyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Agyr derejeli ýagdaýdaky bedeniň işiniň gözegçiliginiň has takyk usuly — bu «PICCO» monitoring usulydyr. Bu ýürek-damar ulgamynyň, öýkenlerdäki damardan daşarky suwuklygyň ýagdaýyny hem-de bedeniň suw deňagramlygyny doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Döwrebap göçme rentgen, ultrases, bronhoskop enjamlary arkaly näsagyň ýagdaýyny goşmaça anyklap bolýar. Ganyň ýokary täsirli emlerini: gemofiltrasiýa, gemodiafiltrasiýa we gemodializi geçirmäge uly şertlerimiz bar.
Dünýäde lukmançylyk ylmynyň yzygiderli ösmegi hem-de ulanylýan enjamlaryň kämilleşmegi, lukmanlaryň hem hünär taýýarlygyny dowamly artdyrmagyny talap edýär. Biz, esasan-da, nemes kärdeşlerimiz bilen hünär kämilleşdiriş babatynda ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarys. Ondan başga-da, döredilýän giň mümkinçilikler arkaly bölümiň hünärmenleri Russiýa, Ysraýyl ýaly ýurtlarda bolup, olaryň iş tejribeleri bilen tanşyp, bilimlerini artdyrýarlar. Aýratyn-da, nemes hünärmenleriniň merkeziň lukmanlarynyň taýýarlyk derejelerine, ukyp-başarnyklaryna ýokary baha berýändikleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Şunuň ýaly, sebitde iň öňdebaryjy saglyk merkezinde zähmet çekýändigimize buýsanjymyz egsilmezdir. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şeýle döwrebap şertleri halkymyzyň saglygy baradaky bimöçber aladasynyň beýanydyr.
Merkeziň rentgen-endowaskulýar hirurgiýa bölüminde näsaglara koronar angiografiýa (damarlary şekillendirme), kelle beýniniň, boýnuň, elleriň we aýaklaryň damarlarynyň angiografiýa barlaglary geçirilýär. Geçirilen barlaglardan we endowaskulýar amallaryndan soň, näsaglara gözegçilik edilýär. Ýüregiň doga kemisliklerini, ýagny alyn ýürek ara germewiň ýetmezçiliklerini okklýuder (göni manyda düşündirilende deşigi ýapmak üçin ulanylýan ýamak ýaly ýörite serişde) bilen ýapmakda döwrebap bejergileri ýerine ýetirýäris. Bu bejergi but wenadan ýerli agyrysyzlandyrmanyň astynda amala aşyrylýar.
Açyk arterial akymynda endowaskulýar bejerginiň netijeliligi has uludyr. Näsaglary bejermekde açyk arterial akymyň islendik diametrlerinde spirallaryň we okklýuderleriň dürli görnüşleri üstünlikli ulanylýar. Täze doglan çagalarda duş gelýän çylşyrymly ýürek kemisliklerinde çep garynjygyň gipoplaziýasy, üç gabsaly klapanynyň guramasy, magistral damarlarynyň nogsanlyklarynda Raşkindiň operasiýasy şowly geçirilýär. Öýken arteriýasynyň we aortal klapanynyň doga stenozlarynda (gysylmalarynda) transfemoral ballon walwuloplastikasy giňden amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda ilkinji sapar aortanyň dogabitdi gysylmasynda CP stent graftyň kömegi bilen transfemoral BIB Numed ballon arkaly ýerli agyrysyzlandyrma usuly bilen endowaskulýar aortanyň stentirleme (damary giňeltmek) operasiýasynyň geçirilmegi-de uly üstünliklerimiziň biridir. Ýürek işemiýa keselinde koronar damarlarynyň dürli zeperlenmelerinde dürli çylşyrymlykdaky stentirleme operasiýalary ýerine ýetirilýär. Olara koronar damarlaryň dowamly zeperlenmesinde stentirleme operasiýalary degişlidir.
Hassahanada dürli derejeli operasiýalar üstünlikli geçirilýär we operasiýadan soňra näsaglaryň özüni duýşy gowulaşýar. Sebäbi endowaskulýar operasiýa, adaty, hirurgiki operasiýalardan özüniň çalt we ýeňil ýerine ýetirilýändigi, näsag üçin has-da amatlydygy bilen tapawutlanýar. Operasiýanyň bu görnüşinde ýörite rentgen enjamlary ulanylýar. Bedene uly şikes ýetmeýär. Bu ugruň dünýä boýunça operasiýa etmegiň täze ugurlaryna degişlidigine garamazdan, ýurdumyzda şeýle operasiýalaryň ýokary derejede geçirilýändigine guwanjymyz çäksizdir.
Geljekde transfemoral aortal klapanynyň implantasiýasy, mitral ýetmezçiliginde mitral klip, garynjykara germewiniň ýetmezçiliklerinde endowaskulýar okklýuder bilen okklýuziýa operasiýalaryny geçirmegi öz öňümizde uly maksat edip goýýarys. Şunuň ýaly döwrebap derejede yhlasly zähmet çekmäge giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.
Merkeziň şöhle bilen anyklaýyş we angiografiýa bölüminde Ýürek ýetmezçiliklerini doly anyklamak we ýürek kesellerini bejermek üçin, rentgen, elektromagnit enjamlarynyň ähmiýeti uludyr. Bölümde rentgen we elektromagnit şöhleleri arkaly näsaglaryň umumy saglyk ýagdaýyny kesgitlemek üçin, ýürek-damar ulgamynyň, döş kapasasynyň, kelle beýniniň, boýun, döş, bil oňurgasynyň, garyn boşlugynyň agzalarynyň barlaglary geçirilýär. Şeýle-de sanly rentgen, kompýuter tomografiýasy, magnit rezonans tomografiýasy, densitometriýa hem-de angiografiýa enjamlary arkaly ýürek we gan-damar keselleri anyklanylýar, netijeli bejerilýär.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen Halkara Kardiologiýa merkezinde döwrebap şertleriň döredilendigi lukmanlaryň näsaglara ýokary derejeli hyzmat etmegini üpjün edýär. Bölümiň hünärmenleri halkara derejesinde hünär taýýarlygyny geçýärler. Ýaş hünärmenlerimiz hem yzygiderli kämilleşýärler.
Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölümi Biziň ulanýan ýokary derejeli ehokardiografiýa näsaglaryň ýürek keselini anyklamaga, zerurlyk ýüze çyksa, operasiýanyň dowamynda ýüregiň işleýşine gözegçilik etmäge, soňra operasiýanyň netijesini seljermäge giň şertleri döredýär.
Mundan başga-da, bölümde näsaglaryň keselini anyklamak üçin ýörite barlaglar geçirilýär. Munuň üçin, bölümde hünär ugurlary boýunça kardiolog, terapewt, endokrinolog, newropatolog, pediatr, oftalmolog, otorinolaringolog, ginekolog, endoskopiýa barlaglaryny geçýän lukmanlar bar. EKG we weloergometriýa, spirografiýa, fiziki işjeňlik ýagdaýynda EKG barlagy (tredmil test), ultrases barlagy otaglarynda näsaglar barlagdan geçirilýär. Näsaglaryň keselini dogry anyklamak möhüm işleriň biridir. Munuň üçin, bölüm Germaniýanyň, Ýaponiýanyň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Lukmanlar hem yzygiderli hünär taýýarlygyny geçýärler.
Olar Germaniýada, Awstriýada, Ysraýylda, Russiýada ýörite okuwda bolup geldiler. Bu olaryň dünýä derejesinde ylmyň täze gazananlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Halkara Kardiologiýa merkezine ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän ýa-da myhmançylyga gelen daşary ýurtly raýatlar-da ýüz tutýarlar.
Merkeziň aritmologiýa bölüminde ýüregiň urgusynyň (ritminiň) we geçirijiliginiň çylşyrymly bozulmalarynyň anyklaýyş, bejeriş işleri hem-de bejergi alýan näsaglarda EKG gözegçiligi (monitoring) geçirilýär. Ol ýüregiň ritminiň geçip gidýän bozulmalaryny anyklamaga mümkinçilik berýär. Bölümde ýüregiň elektrofiziologiýa barlagy we ritm bozulmalaryna getirýän ojaklaryna radioýygylykly kateter ablýasiýasy netijeli geçirilýär, AW düwün tutgaýly (paroksizmal) ýüregiň çalt urmagy (tahikardiýa), WPW sindromy, alyn ýürek titremesi ýaly ýürek urgusynyň bozulmalary bejerilýär. Flýuroskopiki däl nawigasion CARTO-3 ulgamyň kömegi bilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän operasiýalar: alyn ýürek fibrillýasiýasy, garynjyk tahikardiýasy, suprawentrikulýar, garynjyk ekstrasistoliýalar ýaly ýürek ritminiň bozulmalarynyň radioýygylykly ablýasiýasy geçirilip başlandy.
Başga-da ýüregiň geçirijiliginiň bozulmalarynyň (AW gabawynyň we SA gabawynyň) agyr derejelerine hemişelik EKS (ýüregiň işleýşini kadalaşdyryjy enjam) ulgamyň implantirlenme (emeli usulda goýmak) operasiýasy ýerine ýetirilýär. Konserwatiw bejergisi peýda bermeýän ýüregiň ritminiň bozulmasy, dowamly alyn ýürek fibrillýasiýasy bar bolan we şol sebäpli ýüregiň güýjüniň peselmesi ýüze çykan näsaglarda gaýra üzülmeleriň öňüni almak üçin AW düwnüniň emeli destruksiýasyny geçirip, hemişelik EKS ulgamyň implantirlenme operasiýasy geçirilip başlandy. Bölümde çagalarda hem operasiýalar geçirilýär.
Bölümde ulanylýan enjamlar, esasan-da, ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleridir. Biz Germaniýa, Russiýa, Gazagystan, Gruziýa ýaly ýurtlarda kämilleşdiriş okuwlarynda bolup geldik. Tehniki-enjam mümkinçiligi we toplanan baý tejribelerimiziň netijesinde, geljekde jana howply garynjyk tahikardiýasy bar bolan çylşyrymly ýürek ritminiň bozulmalarynda hem-de ýüregiň güýjüniň peselmegi bilen bagly dowamly ýürek ýetmezçilikli näsaglarda CRT we IKD ulgamlarynyň implantirlenme operasiýalaryny, şeýle hem alyn ýüregiň fibrillýasiýasy (alyn ýürek tirpildemesi) bolan, agramy 10 kg-dan pes çagalarda ýürek çalt urma tutgaýlaryny bejeriji operasiýany geçirmegi meýilleşdirýäris.
Merkeziň barlaghana bölüminde bölüminde Germaniýa, Fransiýa, ABŞ, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda öndürilen awtomatik analizatorlar bilen ganyň düzümi, biohimiki, immunologiki we ganyň lagtalanmasynyň barlaglary geçirilýär. Dogrusy, döwrebap enjamlar bilen kardiologiýa degişli giň möçberdäki barlaglary geçirmäge doly mümkinçilik bar. Bu bolsa operasiýalaryň dowamynda we intensiw bejergi bölüminde möhüm bolan barlaglaryň giň mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle hem gatnaw şertlerinde bejergi alýan näsaglara berilýän hyzmatlaryň giňeldilmegine mümkinçilik berýär.
Biz ýurdumyzdaky beýleki saglyk merkezleriniň barlaghanalary ýa-da ylmy-kliniki merkezleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Dürli meselelerde özara tejribe alşyp, maslahatlaşyp, bitewi bir ulgam derejesinde iş alyp barýarys.
Halkara Kardiologiýa merkezi açylan gününden bäri şu ýerde zähmet çekýärin. Şu döwürde dünýäniň birnäçe döwletlerinde hünär kämilleşdiriş okuwynda bolduk. Görüp-bilşimiz ýaly, biziň barlaghanamyz dünýäde lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary esasynda iş alyp barýar. Bu milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetendiginiň aýdyň görkezijileriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda döwrebap saglyk merkezleriniň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Ol ýerlerde zähmet çekýän lukmanlaryň hünär derejeleriniň has-da ýokarlandyrylmagy üçin giň şertleriň döredilýändigini aýratyn bellemek möhümdir.
Halkara Kardiologiýa merkeziniň agzybir işgärleriniň dünýäde iň ösen derejeli saglyk merkezleriniň birinde zähmet çekýändiklerine hem-de Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşýandyklaryna buýsançlary egsilmezdir.
Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, «Saglyk» (1970-nji) köçesi, 30-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 48-72-10
Faks belgisi: +993 (12) 48-86-60
E-poçta salgysy: direction.med.centers@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 142
Ugur almak üçin bellik: Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta