Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi

Paýtagtymyzdaky Halkara newrologiýa merkezi hem halkyň saglygyny goramak babatynda döwletimiz tarapyndan iň bir döwrebap şertleriň döredilýändiginden aýdyň nyşandyr. Ajaýyp binaly Halkara newrologiýa merkezinde nerw keselleriniň öňüni almak, nerw kesellerini netijeli bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris.


Merkez dünýäniň iň öňde baryjy lukmançylyk önümlerini öndürijileriň enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri hünär ussatlygyny kämilleşdirmek babatynda yzygiderli okuw-tejribe taýýarlyklaryny geçýärler.


Merkeziň neýrohirurgiýa bölüminde kelle beýnisinde, oňurga ýiliginde dörän keselleri bejermekde uly işler alnyp barylýar. Kelle beýnide duş gelýän täze döremeleri nerw ulgamynyň işjeňligine zyýan ýetirmezden aýyrmakda ýokary hilli innowasion enjamlaryň ähmiýeti uludyr. Merkezdäki döwrebap neýronawigasiýa ulgamly enjam kelle beýnide dörän keseli anyk kesgitlemäge, geçirilýän operasiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, operasiýadan soňky döwürde bolup biljek gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam berýär. Beýni damarlaryndaky döreýän damar çişlerini aýyrmak, ýagny anewrizmalary klipirlemek usuly arkaly operasiýalary geçirmek ýola goýuldy. Şeýlelik bilen, anewrizmanyň boýunjygy ýöriteleşdirilen gysgyçjyklar bilen ýapylyp, beýnä gan inmeleriň öňüni almak boýunça ygtybarly bejergi geçirilýär.


Neýrohirurgiýa ugry boýunça garaguş keseliniň hirurgiki bejergisi hem doly ýola goýuldy. Gije-gündiziň dowamynda elektroensefalograýa ýazgysy esasynda näsagyň kelle beýnisinde tutgaýyň döremegine sebäp bolan ojaklar ýüze çykarylýar. Ol ojaklaryň anyklanylmagynyň netijesinde operasiýalary ýerine ýetirmek bilen, maksadalaýyk bejergi geçirilýär. Şonuň bilen birlikde-de, näsag garaguş tutgaýyndan doly saplanýar, soňra onuň yzygiderli derman kabul etmegine hem zerurlyk ýüze çykmaýar.


Merkeziň angiograýa barlaglary bölüminde gan damarlarynyň barlaglary ýerine ýetirilýär. Kelle beýniniň, ýokarky we aşaky ahyrlaryň, içki agzalaryň, ýüregiň damarlarynyň ateroskleroz keselleri utgaşyp gelende angiograýa barlaglaryny geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Ultrasesli dupleks skanirleme barlagynyň netijesinde umumy uky arteriýalardaky, içki uky arteriýalaryndaky hem-de beýnijigi gan bilen üpjün edýän oňurga arteriýalaryndaky aterosklerozly ýasmyjaklary (blýaşkalary) irki döwründe ýüze çykarmaga mümkinçiligimiz bar. Şeýlelikde, näsaglaryň kelle beýnisinde gan aýlanyşygy, ygtybarly gan üpjünçiligi bilen bagly döräp biljek keselleriň stentirleme operasiýalary arkaly öňi alynýar. Ýygy duş gelýän içki uky arteriýalaryndaky aterosklerozly gysylmalary, ýagny stenozlary selektiw angiograýa barlagynyň netijesinde, dessine, ballon angioplastika amaly geçirilip, stent goýmak usuly bilen aýrylýar. 


Kelle beýni damarlarynda duş gelýän keselleri, ýagny anewrizmalary arterio-wenoz malformasiýalaryň hem interwension neýroradiologiki enjamlary ulanmak bilen netijeli bejermek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Beýni damarlarynyň angiograýa barlagy geçirilip, anewrizma ýüze çykarylýar we onuň spiral embolizasiýa operasiýasy geçirilýär. Şeýlelik bilen, gemorragiki insultlaryň öňüni almakda, ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmekde ähmiýetli bejergiler geçirilýär. 


Kelle beýni gan aýlanyşygynyň ýiti bozulma kesellerinde, işemiki insultlarda beýniniň içki damarlary tromb bilen ýapylan halatynda, dessine, ol tromblary sorup aýyrmak boýunça amallar geçirilýär.


Halkara newrologiýa merkeziniň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminde agyr ýagdaýa düşen näsaglara depginli bejergi amala aşyrylýar. Öz wagtynda barlagy doly göwrümde geçirmek üçin ähli şertler döredilen. Ýiti işemiki insult kesel kesgitlemesi tassyklanan näsaglarda dessine ulgamlaýyn trombolitiki bejergini amala aşyrmak doly ýola goýuldy. Munuň üçin goýberilýän derman serişdesiniň beýni damarynyň içindäki dörän tromblary eretmekde iňňän uly ähmiýeti bardyr. Beýni damarjyklary ýapylyp insult hadysasy başlandan, dessine bu bejergi geçirilse täsirliliginiň has ýokary bolýanlygy ylymda mälimdir. 


Göwrümli täze döremeleriň innowasion enjamlaryň ulanylmagy bilen rezeksiýasy, ýagny täze döremäniň doly aýrylmagy hem üstünlikli amala aşyrylýar. Kelle beýnidäki täze döremeler, ýagny çişler aýrylýan wagty operasiýanyň ýerine ýetirilişi yzygiderli neýromonitoring gözegçiliginde saklanylýar, bu bolsa operasiýadan soňky döräp biljek newrologiki bozulmalaryň öňüni almaga ýardam berýär.


Neýrohirurglar tarapyndan kelle beýnide bar bolan motor zonalarda duş gelýän täze döremeleri operasiýa etmegiň täzeçe usullary ýerine ýetirilip başlandy. Kelle beýniniň motor zonasynda operasiýa edilende töwekgellik ýokarydyr. Näsagda operasiýadan soňky döwürde hereket bozulmalary ýüze çykyp bilýär, meselem: elleriniň, aýaklarynyň ysmazlygy. Häzirki wagtda bolsa, innowasion neýromonitoring enjamyň kömegi bilen, ýagny anesteziýa astynda ellerine we aýaklaryna ýörite elektrotlary birikdirilip, kelle beýniniň elektrosti mulýasiýasy geçirilip, neýrohirurg lukmany operasiýa edip duran mahaly motor zonalara (kelle beýni däki herekede jogap berýän merkezlere) golaýlaşýan wagtynda neýrofiziolog lukmany tarapyndan dessine duýdurylýar. Şeýlelikde, neýrohirurg lukmany ýaşaýşa wajyp zolagyň üstünden aýlanyp zeper ýetirmän geçýär. Innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen şular ýaly operasiýalar häzirki wagtda neýrohirurgi ýa operasiýalarynda giňden ulanylýar.


Kelle beýnidäki gidrosefaliýalarda, ýagny beýniniň garynjyklaryndaky emele gelýän suwuklygyň geçiriş ýolunyň ýapylanlygy sebäpli, kelle beýnide suwuklygyň mukdary artýar. Bu bolsa dürli görnüşli newrologiki bozulmalara getirýär. Şular ýaly halatda, näsagyň kelle çanagyny açmazdan, kiçijek yş döretmek arkaly endoskopiki operasiýalar ýerine ýetirilip başlandy.


Neýrohirurgiki operasiýalar arkaly kelle beýni damarlarynyň diwarlarynyň gowşamagy esasynda dörän anewrizmalary klipirlemek operasiýalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, anewrizmalaryň ýarylmagynyň öňi alynýar, bu bolsa beýnä gan inmäniň derejesiniň peselmegine getirýär. 


Oňurga beýniniň içki boşlugynyň suwuklyk bilen doly bolmagyna «siringomiýeliýa» diýlip at berilýär. Eger-de bu beýni sütünjiginde bolsa «siringobulbiýa» diýilýär. Bu keselde näsaglaryň ellerinde ysmazlyk peýda bolýar. Şular ýaly keseller dessine ýüze çykarylyp, mikroşuntlary goýmak operasiýasy ýola goýuldy.


Adam bedeninde 12 sany jübüt nerwleriň bardygy mälimdir. Şolaryň V, VII, VIII, IX jübüt nerwleriniň töwereginde dörän täze döremeleriň operasiýalary hem üstünlikli ýerine ýetirilip başlandy. Kelle beýnidäki herekete, geplemäge jogap berýän merkezde täze döremeler operasiýa edilip aýrylanda «awake» hirurgiýa usuly ilkinji bolup, Türkmenistanda Ysraýyl döwletiniň neýrohirurg lukmany professor Zwi Ramyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilipdi. «Awake» hirurgiýasy bu - operasiýa wagtynda näsagy öz huşuna getirmek bilen operasiýany dowam etmekdir.


Kelle çanagy açmak bilen beýni çişine ýetilýänçä umumy agyrysyzlandyrma edilýär, soňra näsag huşuna getirilýär we operasiýa şular ýaly ýagdaýda dowam edilýär. Eger-de näsagyň saz çalmak ukyby bar bolan halatynda, näsag operasiýa wagtynda saz çalmak bilen meşgullanýar, bu näsagyň hereket funksiýasyna gözegçilik etmäge, esasan hem, barmaklaryň ujundaky inçe hereketleriniň bozulmalaryny ir duýmaga mümkinçilik berýär. Operasiýa wagty näsag bilen gepleşip durulýar, olaryň gepleýşine, aň ukybyna, tertip boýunça sanlary sanaýşyna syn edilýär. Netijede, operasiýadan soňky bolup biljek hereket, gepleýiş bilen bagly bolup biljek gödek bozulmalaryň öňi alynýar.


Merkeziň beýni gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmasy bölüminde näsaglara degişli bejergi, öňüni alyş-dikeldiş işleri geçirilýär. Näsaglara diňe bir derman serişdeleri bilen bejergi berilmän, eýsem, zioterapewt hünärmenleriniň gatnaşmagynda irki dikeldiş işleri geçirilýär. Bu bolsa özüniň oňaýly netijelerini görkezýär. 


Irki dikeldiş bölüminde insultdan soňky irki we giçki döwürlerde näsaglara bejergi bermegi dowam etmek, ikilenji insultyň öňüni almak ýaly toplumlaýyn saglygy dikeldiş işleri alnyp barylýar. Nerw keselli näsaglarda öz wagtynda doly anyklaýyş, bejeriş, öňüni alyş maksatly çäreler geçirilýär. Bu bolsa ýokanç däl keselli näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygynyň uzalmagyna, ýaşaýşa ukyplylygynyň doly dikeldilmegine ýardam berýär.


Rentgen anyklaýyş bölüminde nerw keseline uçran näsaglar kompýuter tomograýa, magnit rezonans tomograýa barlaglaryndan geçirilip, keselleri ir ýüze çykarmakda, geçirilen bejergileriň täsirliligine baha bermekde uly işler alnyp barylýar.


Fizioterapiýa bölüminde, esasan-da, bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär. Näsaglara insultdan soňky bozulmalaryň döremeginiň öňüni almak babatynda ýöriteleşdirilen maşklar öwredilýär. Ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly näsaglar işjeň hereketliligi dikeltmek bilen bagly maşklary ýerine ýetirýärler.


Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 22-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-73-15, +993 (12) 48-73-16


Faks belgisi: +993 (12) 48-73-08


E-poçta salgysy: 

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 32, 34, 35, 37, 103


Ugur almak üçin bellik: Halkara lukmançylyk merkezleri


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner