Ilkinji kömek we onuň ähmiýeti
Raýatlara öz-özüne gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömeginden öňki kömegi bermegi we degişli saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutmagy öwretmek hem-de olaryň keselleriň öňüni almak boýunça sowatlylygyny artdyrmak.
Ilkinji kömek näme?
1. Raýatlara ilkinji kömek betbagtçylykly ýagdaýlarda, şikes ýetmelerde, zäherlenmelerde hem-de olaryň janyna we saglygyna howp salýan başga ýagdaýlarda we kesellemelerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli taýýarlygy bolan we ilkinji kömegi bermäge borçly bolan adamlar tarapyndan lukmançylyk kömeginden öň berilýän kömek görnüşinde berilýär.
2. Ilkinji kömegiň berilýän saglyk ýagdaýlarynyň sanawy we ilkinji kömegi bermek boýunça çäreleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Ilkinji kömegi bermek boýunça okuwyň maksatnamalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýar.
Gan akmalarda berilýän ilkinji kömek
Gan akma – bu ganyň damardan daşyna, ýagny bedeniň boşluklaryna ýa-da daşyna akmagydyr.
Gan akmanyň sebäpleri
1. Dokumalaryň we damarlaryň mehanik şikeslenmeleri;
2. Süňküň zaýalanyp eremegi bilen geçýän keseller (nekrozlar, ýaralar, iriňli ýaralar we süňkde dörän dömme çişleri);
3. Damar diwarynyň süzüjiliginiň bozulmagy (C - awitaminozda, sepsisde, uremiýada, arterial gan basyşynyň peselmeginde we ş.m.).
Gan akmada ýüze çykýan alamatlar
1. Umumy ysgynsyzlyk we baş aýlanma;
2. Huşunyň ýitmegi;
3. Gözüne gaýmalaşýan nokatlaryň görünmegi;
4. Gorky duýgusynyň we howa ýetmezçiliginiň peýda bolmagy;
5. Ýürek bulanma;
6. Derisiniň agarmagy we reňkiniň solmagy, sowuk der bilen örtülmegi;
7. Arterial gan basyşynyň peselmegi;
8. Ýürek urgusynyň we dem alşynyň ýygylaşmagy, çaltlaşmagy.
Daşky gan akmada berilýän ilkinji kömek
1. Hadysa bolan ýerine ünsli nazar bilen seretmeli, özüň üçin we ejir çeken adam üçin howpsyz ýagdaý döretmeli;
2. Ejir çeken adamyň dirilik alamatlaryny barlamaly;
3. Gan akma alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin daşky barlag geçirmeli;
4. Eger gan akma bar bolsa, onuň görnüşini anyklamaly (arterial, wenoz ýa-da kapillýar gan akma);
5. Gan akmany saklamagyň iň oňaýly usulyny tapmaly we ulanmaly;
6. Alnan ýaranyň edil özüne gysyjy ýa-da basyjy güýç ulanmaly;
7. Arteriýany barmak bilen basmaly ýa-da çümmüklemeli;
8. Gysyjy sargy, daňy goýmaly;
9. Gan akýan ahyry bogundan epläp maksimal derejede gysyp saklamaly;
10. Gan akmany saklaýjy žgut goýmaly;
11. Ejir çeken adamy golasty örtükler bilen (eşik, ýorgan, palto we ş.m.) örtmeli;
12. Ejir çeken adamyň umumy ýagdaýyny «Tiz kömek» gullugy gelýänçä yzygiderli barlap durmaly (huşuny, dem alşyny, pulsuny);
13. Gan akmany saklamak üçin goýlan sargyny ýa-da žgudy berk göz astynda saklamaly (ýagny gan akmanyň saklanandygyna güwä geçmeli);
Gan akmada ýerine ýetirilip bilinjek gadagan edilýän çäreler
1. Bilege ýa-da injige žgut goýmak gadagan, sebäbi ol ýerleriň derisiniň edil aşagyndan orta we kiçi injik nerw şahasy geçýär. Eger-de bu nerw gysylaýsa ahyr öz hereketini ýitirer.
«Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly.
Gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi üçin tiz kömek merkezleri we nokatlary
Saýtda ulanylýan esasy düşünjeler
Gan akmalar
Gan akma – bu ganyň damardan daşyna, ýagny bedeniň boşluklaryna ýa-da daşyna akmagy.
Gan akmanyň sebäpleri
1. Dokumalaryň we damarlaryň mehanik şikeslenmeleri;
2. Süňküň zaýalanyp eremegi bilen geçýän keseller (nekrozlar, ýaralar, iriňli ýaralar we süňkde dörän dömme çişleri).
3. Damar diwarynyň süzüjiliginiň bozulmagy (C-awitaminozda, sepsisde, uremiýada, arterial gan basyşynyň peselmeginde we ş.m.).
Alamatlar
1. Umumy ysgynsyzlyk we baş aýlanma.
2. Huşunyň ýitmegi.
3. Gözüne gaýmalaşýan nokatlaryň görünmegi.
4. Gorky duýgusynyň we howa ýetmezçiliginiň peýda bolmagy.
5. Ýürek bulanma.
6. Derisiniň agarmagy we reňkiniň solmagy, sowuk der bilen örtülmegi.
7. Arterial gan basyşynyň peselmegi.
8. Ýürek urgusynyň we dem alşynyň ýygylaşmagy, çaltlaşmagy.
Daşky gan akmalarda ilkinji kömek
1. Hadysa bolan ýerine ünsli nazar bilen seretmeli, özüň üçin we ejir çeken adam üçin howpsyz ýagdaý döretmeli.
2. Ejir çeken adamyň dirilik alamatlaryny barlamaly.
3. Gan akma alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin daşky barlag geçirmeli.
4. Eger gan akma bar bolsa, onuň görnüşini anyklamaly (arterial, wenoz ýa-da kapillýar gan akma).
5. Gan akmany saklamagyň iň oňaýly usulyny tapmaly we ulanmaly.
6. Alnan ýaranyň edil özüne gysyjy ýa-da basyjy güýç ulanmaly.
7. Arteriýany barmak bilen basmaly ýa-da çümmüklemeli.
8. Gysyjy sargy, daňy goýmaly;
9. Gan akýan ahyry bogundan epläp maksimal derejede gysyp saklamaly.
10. Gan akmany saklaýjy žgut goýmaly.
11. Ejir çeken adamy golasty örtükler bilen (eşik, ýorgan, palto we ş.m.) örtmeli.
12. Ejir çeken adamyň umumy ýagdaýyny “Tiz kömek” gullugy gelýänçä yzygiderli barlap durmaly (huşuny, dem alşyny, pulsuny).
13. Gan akmany saklamak üçin goýlan sargyny ýa-da žgudy berk göz astynda saklamaly (ýagny gan akmanyň saklanandygyna güwä geçmeli).
Gadagan çäreler
1. Bilege ýa-da injige žgut goýmak gadagan, sebäbi ol ýerleriň derisiniň edil aşagyndan orta we kiçi injik nerw şahasy geçýär. Eger-de bu nerw gysylaýsa ahyr öz hereketini ýitirer. “Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Ýaralar
Adam bedeniniň derisiniň, nemli bardasynyň ýa-da beýleki çuňňur dokumalarynyň bitewiliginiň islendik bozulmalaryna “ýara” diýilýär.
Ýaranyň sebäpleri:
Önümçilik we hojalyk şikesleri, betbagt we awtoulag hadysalary, sport ýaryşlary ýa-da türgenleşikleri, uruş we ş.m. ýagdaýlar zerarly bedeniň açyk şikeslenmegi. Bedene şikes ýetiren ýiti zada görä: ýaralar birnäçe görnüşlere bölünýär:
1) dürtülen, sünjülen ýaralar (çüý, iňňe, biz, gazyk ýaly ýiti zatlar bilen ýaralanmak);
2) kesilen ýaralar (pyçak, aýna, gaýçy, kesgir ýaly ýiti zatlar bilen ýaralanmak);
3) bertigen ýaralar (kütek zadyň degmegi bilen alnan ýaralar, ýagny gögerme bilen geçýän ýaralar).
4) ok atylan ýaralar.
5) dişlenen ýaralar.
Alamatlar:
Bedeniň ýaralanan ýeriniň açylmagy, agyry, gan akma, çiş we hereketiň bozulmagy.
Ýaralarda ilkinji kömek:
1) ýaralanan adamyň umumy ýagdaýyny, şikesiň göwrümini we agyrlyk derejesini kesgitlemeli.
2) ýaranyň töweregindäki derini antiseptik serişde bilen arassalamaly
(ýod, spirt, göwherli ýaşyl ergini).
3) ýaradan akýan gan akmany saklamaly, aseptik steril sargy goýmaly.
4) sargy goýlandan soň näsagy alan şikesine görä howpsyz we oňaýly ýagdaýa getirmeli.
5) agyrsyzlandyryjy serişde içirmeli (analgetik gerdejigini) ýa-da sanjym etmeli.
Bellik: islendik ýara hapadyr. Kömek etmezden öň, ilki bilen öz elleriňi arassalamaly,soňra ejir çeken adamyň ýarasynda degişli işleri ýerine ýetirmeli.
Gadagan çäreler:
1) ýaranyň üstüne antiseptik erginleri guýmak gadagan.
2) ýaradan gan akmasy togtadylsa-da ony açyk halda goýmak gadagan. Hapa düşmezlik üçin, goramak maksady bilen, ony steril hasa bilen örtmeli, saramaly.
3) pagta pamygyny ýaranyň içine tampon hökmünde ulanmak gadagan, sebäbi pagta özüne çyglylygy çekýär, siňdirýär, emma gan akmany saklamaýar. Şonuň üçin ony diňe ýaranyň töweregini arassalamak üçin ulanmaly.
4) ýaranyň üstüne ýapylan steril hasa örtügini çala berkitmeli däl. Ýagny steril hasa bint bilen bedene berkidilmeli, fiksirlenmeli.
5) sünjülen şikeslerde ýiti zady özbaşdak ýaradan çykarmaly däl, şeýle hem ýaranyň içindäki del jisimleri, okuň seçgilerini özüniň aýyrjak bolmaň!
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Döwükler
Daşky güýjiň täsiri netijesinde süňkiň bitewiliginiň doly ýa-da bölekleýin bozulmagyna ,,Döwük” diýilýär.
Döwügiň sebäpleri:
Döwükler: şikesler sebäpli, ýagny: urgy, gysylma, basylma, ýokardan gaçma ýaly hereketler netijesinde we keseller, ýagny: osteomiýelit, süňk inçekeseli.
Alamatlar:
1) agyry, çiş, gyzarma, gögerme we hereketiniň bozulmagy;
2) süňküň gyşarmagy (deformasiýasy);
3) ahyryň uzalmagy ýa-da gysgalmagy;
4) kadada bolmadyk artykmaç bognyň emele gelmegi (“Ýalan bogun” alamaty);
5) süňküň döwlen ýeri ellenip barlananda özboluşly süňk şykyrdysynyň eşidilmegi, nätekizligiň, büdür-südürligiň eliňe bildirmegi (krepitasiýa alamatynyň bolmagy).
Döwüklerde ilkinji kömek:
1. Agyrsyzlandyrma (diliň aşagyna owradylan analgetik tabletkadan iki sanysyny goýmaly we myşsadan agyrsyzlandyryjy ergini sançmaly);
2. Süňki döwlen agza, ahyra gaty zatdan söýeg goýmak (döwlen süňk bölekleriniň ýerinden gozganyp süýşmezligi, agyryny güýçlendirmezligi we şoga düşmezligi üçin). Bu çärä ,,Transport immobilisasiýasy” diýilýär. Ony ýerine ýetirmek üçin standart şinalaryny ulanmaly. Eger-de şinalar ýok bolsa onda golasty gaty zatlary ulanmaly (tagta, turba, agajyň şahasy, sübse, saýawan we ş.m.). Söýeg diňe döwlen süňke direnmän, eýsem onuň ýokarsyndaky we aşagyndaky bogunlary gurşap almaly(ahyryň tutuşlygyna).
3. Ejir çeken adamy hassahananyň ýöriteleşdirilen bölümine gyssagly äkitmeli.
4. Eger döwük açyk görnüşde bolsa, transport immobilizasiýasyndan ozal:
1) gan akmany saklamaly.
2) ýaranyň gyrasyny ýod ýa-da spirt bilen arassalamaly.
3) ýara aseptiki steril sargy goýmaly.
4) ejir çeken adamy ulagda hassahana gaty seresaply, silkmän, iýmit iýdirmän.
5) suwuklyk içirmän, üşetmän, ýyly örtüp, goragly äkitmeli, sebäbi näsagyň trawmatik şoga düşmegi mümkin.
Gadagan çäreler:
1)hadysa bolan ýerde ýa-da ulagda döwlen süňkiň böleklerini doly anyklaman, barlaglardan geçirmän, özbaşdak ýerine salmak gadagan.
2)şina goýman, näsagy götermek we äkitmek gadagan.
3)näsaga iýdirmek, içirmek gadagan.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Oňurgalar
Ýanyklar
Ýokary (gyzgyn) temperaturanyň, elektromagnit ýa-da ionizirlenen şöhläniň, himik serişdeleriň (aşgarlar, kislotalar, agyr metallaryň duzlary) täsiri netijesinde alnan şikese “ýanyk” diýilýär.
Ýanygyň sebäpleri:
Termiki ýanyklar bedeniň dokumalaryna, öýjüklerine gyzgyn suwuklygyň dökülmegi, gyzgyn gaty zatlaryň galtaşmagy, ýalnyň, howryň, buguň täsir etmegi netijesinde döreýärler.
Ýanygyň alamatlary:
Gyzarma, çiş, awunma, agyry, içi suwuklykdan doly gabarçaklaryň (pakgarmalaryň) emele gelmegi, çuňňur derejeli ýanykda: ýarada guran, garamtyl gabyklaryň emele gelmegi, hat-da dokumalaryň ölmegi, çüýremegi we garalmagy (nekroz) ýaly zeperlenmeleriň döremegi.
Ýanykda ilkinji kömek:
1) ýeňil derejeli ýanykda, ýagny gabarçaklar, pakgarmalar bolmasa, deri bütin bolsa, ýanan meýdana sowuk ýa-da buzly tulum goýmaly, 5-10 minut sowuk suwuň akymyna tutup durmaly, soňra spirt, arak ýa-da atyr bilen arassalamaly
2) agyr derejede ýanykda köpürjik görnüşindäki aerozoly bedeniň ýanan ýerine sepmeli.
3) agyrsyzlandyryjy (analgetik) serişdeden - 2-tabletka (gerdejik) içirmeli.
4) ýanyk şogunyň öňüni almak üçin ýanan agza söýeg goýmaly, onuň üçin transport şinalaryny ýa-da golastyndaky gaty zatlaryň birini ulanmaly.
5) “Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly we ol gelýänçä, köp mukdarda ýyly suwuklyk içirip durmaly.
Gadagan çäreler
1. Ýanan meýdanyň dokumasyna ýagly melhemleri, krahmaly ýa-da uny ulanmak bolanok.
2. Näsagyň eşigini ýanan agzadan çekip çykarmak bolanok, kesip aýyrmaly.
3. Içi suwuklykdan doly gabarçaklary (pakgarmalary) kesmek we ýarmak bolanok.
4. Ýanan meýdanyň sargysyny aşa gysyp daňmak, plastyr ýelmemek bolanok.
5. Ýanan meýdanyndaky ýapyşan hapalary, közi we küli ýuwup aýyrmaly däl.
6. Spirt, ýod ýa-da beýleki spirtli serişdeleri ýanan meýdana çalmaly däl.
7. Lukmanyň görkezmesi bolmasa, özbaşdak narkotik serişdeleri sançmak bolanok.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Ýanyklarda ilkinji kömek
Sowuk almak ýa-da doňmak
Pes temperaturanyň(sowugyň) täsir etmegi netijesinde bedeniň belli bir dokumasynyň ýa-da böleginiň şikeslenmegine doňmak ýa-da sowuk almak diýilýär.
Doňmagyň sebäpleri:
Çyglylygy ýokary bolan howa şertlerinde yzygiderli bolmak, aşa sowan zadyň uzak wagt bedene galtaşyp durmagy, aýazly howanyň täsir etmegi, alkogol-içgili ýagdaýda sowukda galmak, gysýan aýakgap geýmek, gulluk wagty bir nokatda hereketsiz durmak, gan aýlanyşygyň aýaklarda pes bolmagy, gyş paslynda ýuka geýinmek ýaly ýagdaýlar doňmaga getirýärler.
Alamatlar:
Şikes alandan soň ilkinji sagatlarda hemme alamatlar doly ýüze çykman hem biler, aýratyn hem çuňňur derejede doňsa. Diňe ýönekeý awunmalar, güýçli däl agyrylar we deri duýujylygynyň peselmegi hem-de doňan deriniň sowuk bolmagy we reňkiniň solmagy ýaly alamatlar bolup biler. Bu döwre: ,,Gizlin döwür” diýilýär. Emma, doly alamatlar, ýagny hakyky alamatlar doňan dokuma ýyladylandan soňra kem-kemden ýüze çykyp, görünip başlaýar.
Bu döwre: ,,Reaktiw döwür” diýilýär. Diňe şondan soň doňmagyň agyrlyk we çuňňurlyk derejesi kesgitlenilýär.
Ilkinji kömek:
1.Näsagy ýyly otaga geçirmeli;
2.Doňan agzalaryndan eşiklerini çykarmaly däl;
3.Doňan agzalaryny we näsagyň özüni ýyly örtükler bilen örtmeli (galyň ýorgan, eşik ýa-da pagta köp mukdarda ulanmaly), nasagy çalt depginde ýylatmaly däl. Ýylylyk bedeniň gan aýlanşygynyň dikelmegi bilen bilelikde gelmeli.
4.Ýyly suwuklygy köp mukdarda içirmeli.
5.Analgetik serişdesini 1-2 tabletka içirmeli.
Gadagan çäreler:
1.Doňan agzany owkalamak, birden ýylatmak bolanok.
2.Doňan agzany ýyly suwa salmak ýa-da gyzdyryjylary goýmak bolanok.
3.Ýaglary ýa-da wazelini derä sürtmek bolanok.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly. Sowuk almanyň derejeleri
Gün urma ýa-da ýalyn geçme şikesi
Gün urma ýa-da ýalyn geçme şikesi – bu adamyň janyna howp salýan ýagdaý bolup, ýokary çyglylyk, suwsuzlyk ýa-da bedeniň termoregulýasiýa hadysasynyň bozulmagy ýaly şertlerinde ýokary temperaturanyň bedene zyýanly täsir etmegi.
Sebäpleri:
Tomsuň jöwzaly yssysynda güniň gyzgyn şöhlesiniň adam bedeninden geçmegi.
Çyglylygy ýokary bolan howa şertlerinde ýokary temperaturanyň bedene ýetirýän zyýanly täsiri.
Aşa ýyly geýinmek, ýa-da deriniň ýylylyk we der bölüp çykaryşyna päsgel berýän (böwet bölýän) sintetik matalardan tikilen eşikleri geýmek.
Alkogolly içgini köp mukdarda içmegi termoregulýasiýa hadysasynyň bozulmalaryna getirýär, bu ýagdaý bolsa gün urma ýa-da ýalyn geçme hadysasyny ýeňilleşdirýär.
Alamatlar
1.Bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy (40 C., hat-da ondan ýokary).
2.Suwsamak (teşnelik).
3.Derlemekligiň peselmegi ýa-da ýitmegi.
4.Deriniň reňkiniň gyzarmagy.
5.Dem alşyň we ýürek urşunyň ýygylaşmagy, çaltlaşmagy.
6.Pulsirleýän (sorkuldyly) kelleagyry.
7.Tutgaýlaryň, gallýusinasiýalaryň, huşsuzlygyň döräp bilmegi.
Gaýragoýulmasyz kömek:
1.Ejir çeken adamy salkyn ýere, kölegä, arassa howaly ýere geçirmeli.
2.Kellesini ýokary galdyryp ýatyrmaly, ýakasyny açmaly, has dogrusy - biline çenli eşigini çykarmaly.
3.Depesine sowuk kompress goýmaly, endamyna sowuk suw sepmeli.
4.Köp mukdarda sowadylan suw içirmeli.
5.Waleriana-goýundy ergininden 20-damja ýarym bulgur suwa damdyryp içirmeli.
Gadagan çäreler:
1) ejir çeken adamy çaltlyk bilen ýa-da birden sowatmaly däl, mysal üçin sowuk suwa salmaly däl.
2) endamyna spirt çalmaly däl, çünki spirt deriniň dem alýan we ýylylygy bölüp çykarýan gözeneklerini ýapýar, gysýar.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Ýylylyk we gün urmada ilkinji kömek
Bihuşlyk (sinkope)
Bihuşlyk – gysga wagtlaýyn huşyny ýitirmek.
Sebäpleri
1. Şok we güýçli agyry
2. Nerw dartgynlygy
3. Çalt we ýiti gan akmalar
4. Ganyň göwrüminiň peselmegi
5. Arterial gan basyşynyň birden peselmegi
6. Ganda glukozanyň mukdarynyň birden azalmagy
7. Anemiýa. Ol hem gan azlyk bilen düşündirilýär.
Ilkinji kömeginiň berilmegi
1.Uky arteriýasynda pulsyň bardygyna güwä geçmek/
2.Aýak ahyrlaryny bir az ýokaryk galdyrmaly, gysýan eşiklerini ,bil kemerini we galstugyny gowşatmaly.
3.Burnunyň aşakdaky agyrly nokadyna basmaly ýa-da owkalamaly we naşatyr spirtini ysgatmaly.
4.Egerde 3-4 minudyň dowamynda huşy gelmese näsagy garyn üstüne öwürmeli dem alyş ýollarynyň geçirijiligini üpjün etmeli we maňlaýyna buzly tulum goýmaly.
5.Bihuşlykda näsagy arassa howa çykarmaly ýa-da penjireleri açmaly.
Näme etmeli däl.
1.Uky arteriýasynda puls bolsa, ýüregiň göni däl owkalamasyny etmeli däl.
2. Burnuna naşatyr spirtini damdyrmak we burun töweregine goýmak bolanok (ol burun we dodagynyň ýanyklaryna getirip biler)
3.Gaýtalanýan bihuşlyklarda we bil, garyn agyrlarynda gyzdyryjy tulumy goýmaly däl.
4.Egerde bihuşlykda we arterial gan basyşyň peselmeginde iýmitlendirmeli däl.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Bihuşlykda ilkinji kömek
Tutgaýlar
Tutgaý – bu myşsalaryň birden çekilmegi,erkin myşsa güýjüne getirmeýän dartgynlyk.
Sebäpleri
1) Witaminleriň we mikroelementleriň, esasan kalsiý we magniý ýetmezçiligi
2) Az hereketlilik we aşa dartgynlyk
3) Göwrelilik we zenan bedeninde üýtgemeler
4) Bedenden kaliniň duzlaryny çykarýan derman serişdelerini ulanmaklyk
5) Dürli keseller, şol sanda süýjüli diabet,damar warikoz keseli,
Alamatlary
Tutgaýlar agyry bilen häsiýetlenýär, bir näçe sekuntdan 10 minuda çenli dowam edýär. Güýçli tutgaý döwründe myşsalardan köp mukdarda biologik önümleri bölünip çykýar, bu hem biologik täsir etmesini saklaýar.
Ilkinji kömek
1.Näsagy ýere ýatyrmaly
2.Kellesiniň aşagyna ýumşak (togalanan eşigini) goýmaly
3.Ýuwaşlyk bilen kellesini gapdala öwürmeli. Bu ýagdaý oňa howpsyz erkin dem almagyna we gusuk jisimler bilen düwünmezligine kömek edýär.
4. Töwerek daşynda ýiti we gaty gurallar bolmaly däl.
5. Adam üýşen ýagdaýynda howa geler ýaly olary gapdala süýşmekligini haýyş etmeli.
6.Ýakasyny ýa-da galstugyny gowşatmaly äýnegini çykarmaly.
“Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.
Näme etmeli däl.
1. Näsagy ýere gysmaly däl, goşmaça şikesleri alyp biler
2. Dişlerine we äňine zeper ýetmezligi üçin agzyna del jisimleri salmaly däl
3. Emeli dem bermeli däl. Tutgaý geçenden soň näsagyň özi özbaşdak dem alyp başlaýar
4. Näsaga doly özüne gelýänçä hiç hili suwuklyk bermeli däl
Elektrik şikeslenme
Elektroşikeslenme diýlip elektrotogyň täsiri etmeginde ýerli we umumy zeperlenmelere aýdylýar.
Sebäpleri:
1) adamyň tok çeşmesi bilen gatnaşykda bolmagy
2) tokly çeşme ( adam bilen tok çeşmesiniň uly bolmadyk aralykdan elektrotoguň derä geçmegi)
Alamatlary
1. Huşuň saklanmagy, tutgaýyň ýüze çykmagy.
2. Huşuň ýitmegi, tutgaýyň bolmagy.
3. Dem alyş we ýürek damar ulgamynyň işjeňliginiň kadadan çykmagy, huşuň ýitmegi, tutgaýyň ýüze çykmagy
Ilkinji kömek
1. Ejir çekeni elektrik tok bilen galtaşmasyny aýyrmak
2. Ejir çekeni beriljek kömege taýýarlamak
3. Ejir çekene ilkinji emeli dem bermek; ýapyk görnüşde ýüregiň göni däl owkalamasyny geçirmek.
Näme etmek gadagan
1. Togy aýyrman, ejir çekene el degirmek bolanok.
2. Togy öçürijileri gözläp wagt ýitirmeli däl.Tok geçirmeýän zatlar arkaly ýa-da tok simini islendik ýerinden tutawajy agaçdan ýa-da plassmasadan bolan pyçak bilen kesmeli.
3. Biologik ölüm ýagdaýyndan öň geçirilýän reanimasiýa çäreleri bes etmeli däl
4. Ýyldyrym uran ýa-da ýokary woltly tok uran ýagdaýynda ejir çekeni ýere gömmeli
5. Ejir çekeniň ýanyndaky ýerde ýatan tok simine golaýlaşmak bolanok.
Tiz kömegi çagyrmaly
Ýyldyrym bilen şikeslenme
Ýyldyrym bilen şikeslenme - bu elektro şikes bolup, elektotoguň täsir etmegi netijesinde ýüze çykýan ýagdaýy.
Sebäpleri
Açyk meýdanda bolmagy. Belli bolşy ýaly ýyldyrymyň esasy düşýän ýeri belentlikler bolup durýar. Şol sebäpli esasanam ýyldyrym çakanda, haçanda adam, açyk meýdançada, beýik binalaryň üçeginde ýa-da açyk suwly howdanlarda bolanda.
Tok geçirijiler bilen galtaşmagy. Ýyldyrym şikesi, haçanda adam suw geçiriji turbany, demir haýaty, telefon simini tutan ýagdaýynda bolup geçýär. Ýyldyrym tolkununyň belli bir ýere düşmegi we şol ýere ýaýramagy ejir çekene täsir edýär.
Urgy bolan ýerinde bolmagy. Ýyldyrym tolkuny ýere düşen wagty yzyna serpikmek bilen, dürli burçlara ýaýraýar.
Alamatlary
Zeperlenmelere görä alamatlary tapawutlanýar. Alyn ýürek titremesi bolan ýagdaýynda arteriýa gan basyşy peselýär, ejir çekeniň ýüreginiň çalt urmagyna we umumy ýagdaýynyň erbetleşmegine getirýär. Ýürek agyry we garyşyk dem gysma bolmagy mümkin.
Ilkinji kömek
1. Ýyldyrym bilen zeperlenen bedende, beýleki elektro şikesleriňki ýaly dartgynlyk bolmaýar. Şol sebäpli adamy dogumly ellemek bolýar, rezin ellik we başga gorag enjamlary gerek bolmaýar.
2. Egerde ejir çeken dem almasa, arkanlygyna gaty ýerde ýatyryp, emeli dem bermeklige başlamaly.
3. Uky arteriýasynda pulsy barlamaly ýa-da gulagy döş kapasasyna goýup diňlemeli, egerde ýürek urgusy eşidilmese, ýüregiň göni däl owkalamasyna başlamaly.
4. Egerde ejir çeken gulagy eşitmeýän ýaly, gürleşip bilmese, hereket etmese, pulsy gowşak, dem alşy seýrek bolan ýagdaýynda, ony huşuna getirjek bolmaly, naşatyr spirti bilen ezilen pagtany burnunyň töweregine eltmeli.
5. Ejir çeken huşunda bolasa, ony köşeşdirmeli, ýyly süjüli çaý içirmeli. Tiz kömek gelýänçä mydama ýanynda bolmaly, pulsyny, dem alşyny, huşunyň derejesini barlap durmaly (ejir çeken bilen gürleşmeli).
Näme etmeli däl
Ejir çekeni topraga gömmek bolanok. Tok urany topraga gömülende- tok ýere siňýär, ejir çeken direlýär diýilmeklik – ýöne bir azaşmaklykdyr. Elekrik togy adam bedeninden okgunly geçýär, hiç hili galyndy dartgynlyk galdyrmaýar.
Tiz kömek çagyrmaly.
Arynyň, bal arynyň we eşek arynyň çakmagy
Bal arynyň çakmagynyň alamatlary
1. Çakylan ýerinde dişlenen badyna ýiti we ýakyjy agyry emele gelýär.
2. Dişlenen ýerinde çişiň we gyzarmanyň ortarasynda ak nokadyň ( aryň iňňesiniň geçiren ýerinde) bolmagy.
3. Allergik reaksiýasy.
4. Çakylan ýeriniň çişiniň ulalmagy.
5. Bütin bedeninde gijeýän örgüniň bolmagy.
6. Üsgülewik, astma görnüşli dem almasynyň kynlaşmagy.
7. Ýürek bulanma, gusmaklyk.
Arynyň çakmagynyň alamatlary
1. başaýlanma
2. ýürek bulanma
3. gusmaklyk
4. dem gysma
5. tutgaý
6. arterial basyşynyň çalt pese düşmegi
7. huşynyň ýitirmegi
Ilkinji kömek
1. Çakylan ýerini syn etmek haýsy mör-möjegiň çakandygyny anyklamak.
Bal arynyň iňňesini tapmaly. Beýleki ary çakanda ol iňňesini goýmaýar. Çakylan ýerini basmak we gaşamak bolanok, zäheriň gana geçmegi güýçlenýär.
2. Zäheriň galanyny we hapalary aýyrmak üçin çakylan ýeri ýuwmaly.
3. Arynyň iňňesini çykarmaly.
4. Çakylan ýeri wodorodyň perekisi, ýod, spirt ýaly antiseptikler bilen zyýansyzlandyrmaly.
5. Çişi aýyrmak üçin, çakylan ýerine sowuk kompress goýmaly.
Näme etmek bolanok:
1. Çakylan ýerden zäheri gysyp çykarmaly däl.
2. Kompress hökmünde ýer, çäge, ýaprak ulanmak gadagan , bu ýagdaý ýokançlara getirip biler.
3. Çakylan ýerini owkalamak bolanok, bu ýagdaý zäheriň çalt ýaýramagyna getirýär
Tiz kömek gullugyny çagyrmak.
Zäherli ýylanlaryň çakmagy
Alamatlary
Bir-birinden anyk tapawutlanýan nokat görnüşli bir ýa-da iki ýara ýa-da sypçyrylma. Çakylan ýerinde agyry we ösýän çiş ( suwlanma) , üşütme, güýçli ýürek bulanma, gaýtarma, myşsalaryň gowşaklygy, sowuk der basma, uka ýykgynlyk.
Ilkinji kömek
Heläkçilige sezewar bolana doly rahatlygy we keseleýin ( gorizontal) ýagdaýy üpjün etmeli.
1. Zeperlenen aýagy doly hereketsizlendirmeli, ony sagdyn aýaga daňmaly. Ýylan elden çakan ýagdaýynda eli epilen görnüşinde berkitmeli.
2. Ýarajygy zyýansyzlandyrmaly (ýod ýa-da jöwherli ýaşyl bilen), çakan ýerine gysýan sargy goýmaly, çişiň ( suwlanmanyň) ösmegi ýokarlansa, sargy ýumşak dokumany gysmazlygy üçin ony wagtal-wagtal gowşadyp durmaly.
3. Heläkçilige sezewar bolana köp mukdarda suw, çaý we ş.m. bermeli. Köp suwuklygy içirmegi bedenden zäheriň çykmagyna ýardam berýär.
4. Gerek bolan ýagdaýynda emeli dem beriň we ýüregiň owkalamasyny geçiriň.
Tiz kömek gullugyny çagyrmaly.
Näme etmek bolmaýar:
1) çakan ýerini atanak şekilli kesmek ýa-da zeperlenen meýdançany kesip aýyrmak. Tötänleýin kesiji esbaplar ( pyçak, aýna bölejikleri) ýokançlyklara getirip bilýär.
2) ýarany oda tutulan esbaplar, oduň közi bilen ýakmak.
3) çakan ýeri ýakmak netijesiz, sebäbi ýylanyň zäherli dişleriniň uzynlygy 1 sm. barabar, şol sebäpli zäher çuň dokumalara ýaýraýar we ýüzleý ýakmaklyk ony ýok etmäge ukyply däl. Ýakylan ýerde bolsa kesmek emele gelip, onuň aşagy iriňläp başlaýar.
4) çakan ýerden ýokarda žgut goýmaly. Zeperlenen ahyrlara (el-aýaklara) žgudyň goýmagy heläk bolanyň ýagdaýyny erbetleşdirýär we ölüm howpyny ýokarlandyrýar.
5) alkogol içgilerini içmek. Ýatda saklaň alkogol içgiler zähere garşy däldir, tersine ol bedenden zäheriň çykmagyny kynlaşdyrýar we onuň täsirini güýçlendirýär.
Itleriň, pişikleriň we ýabany haýwanlaryň dişlemegi
Sebäpleri
Ýaýramagyny hasaba almak bilen dişlenmäniň aşaky görnüşleri: itleriň, pişikleriň we ýabany haýwanlaryň dişlemegi duş gelýärler.
Alamatlary
Şikeslenmäniň daşky görnüşi haýwanyň görnüşi we ululygy, ýaranyň ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Itleriň dişlemegi – bu deride ýüzleý yzyň ýa-da dokumalaryň ýyrtylmagy bilen çuň kesilmeleriň we itiň yzlarynyň bolmagy. Dişlenmäniň ululygy – kiçi itleriň uly bolmadyk ýaralaryndan, uly haýwanlaryň hüjüminden ýüze çykan agyr şikesleri bilen tapawutlanýarlar.
Ilkinji kömek
1. Dişlenen ýeri ýaranyň üstündäki hapalardan we sülekeýden arassalamak üçin sabynly arassa suw bilen ýuwmaly. Bu ýagdaýlarda bakterialara garşy sabynyň ulanmagy amatly.
2. Ýarany antiseptik bilen arassalamaly. Ol perikis wodorodynyň ergini ýa-da hlorgeksidin bolup biler.
3. Soňra ýaranyň gyralaryna seresaplyk bilen ýod çalmaly.
4. Uly bolmadyk gan akmalarda, tiz kömegiň hünärmenleri gelýänçä gany saklamaly däl. Uly gan akmalarda berk daňyny daňmak hökmanydyr.
Näme etmeli däl
Ýara spirt, ýod we beýleki serişdeleri guýmak gadagan.
Tiz kömegi çagyrmaly
Ugar gazy bilen zäherlenme
Ugar gazy (CO) –bu yssyz, reňksiz gaz, onuň bilen zäherlenme gipoksiýany ýüze çykarýar, öýjükleriň ýaşaýyş işjeňligi bozulýar we ölüm ýüze çykýar.
Sebäpleri
Ugar gazy bilen zäherlenme sönüp barýan közlerden, peçiň içi doly ýanyp bolmanka howa sorujy ýapylanda ýüze çykýar. Entek gyzyl sönmedik ot bolanda howa sorujy turbany ýapmaly däl.
Alamatlary
Gözüň awuşamagy, gulaklaryň şaňlamagy, kelle agyry, ýürek bulanma, huşuňdan gitme.
Ilkinji kömek
1. Ejir çekeni arassa howa çykarmaly.
2. Geýimlerini açmaly, dem alyş ýollarynyň geçirijiligini dikeltmeli, dili gitmez ýaly gözegçilik etmeli.
3. Ejir çekeni aýagy kellesinden ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly.
4. Kellesine sowuk zat goýmaly.
5. Bedeni we döşini sypalamaly, üstini ýapmaly, naşatyr spirtini ysgatmaly.
6. Eger-de gaýtaryp başlasa- gapdala ýa-da garnyna öwürmeli.
Tiz kömegi çagyrmaly.
Ýürek-öýken reanimasiýasy
Ýürek-öýken reanimasiýasy bedeniň möhüm işjeňligini dikeltmäge we kliniki ölüm ýagdaýyndan aýyrmaga gönükdirilen gyssagly çäreleriň toplumydyr.
Sebäpleri
Duýdansyz ölüm (dem alyş we gan aýlanyşygy) keseller (miokardyň ýiti infarkty, ýürek ritminiň bozulmagy) sebäpli bolup biler.
Alamatlar
Uky arteriýalarynda aňyň, dem alşyň, pulsyň ýoklugy, preagonal, agonal ýagdaýy, kliniki ölüm.
Ilkinji kömek
1) ejir çekeni gözden geçirende demi bolmasa, öýkeniň emeli dem bermegi amala aşyrmaly.
2) ýokarky dem alyş ýollarynyň geçirijiligini üpjün etmeli. Ejir çekeniň kellesini bir tarapa öwürmeli we agyz boşlugyndan gan, gusuk massasy, del jisimleri aýyrmak üçin barmagyňyza esgi orap arassalamaly.Burun geçirijiligini barlamaly, zerur bolsa arassalamaly.
3) ejir çekeniň eňegini bir eliňiz bilen ýokary galdyrmaly we kellesini yza çekmeli. Özüňizi ýokançlardan goramak üçin ejir çekeniň agzyna elýaglyk, mata bölegi ýa-da örtük goýmaly. Ejir çekeniň burnuny başam barmagyňyz bilen basmaly. Çuňňur dem almaly, dodaklaryňyzy ejir çekeniň agzyna berk basmaly. Agzyň üsti bilen 2 gezek güýçli dem almaly, dowamlylygy her dem alyş 1 sekunt bolmaly.
4) ejir çekeniň döşüniň hereketini yzarlamaly. Howa bereniňizde döşi hereket edýän bolsa, onda hemme zady dogry edilýändigine güwä geçmeli.
5) dem almak bilen birlikde puls ýok bolsa, ýüregiň göni däl owkalamasyna başlamaly.
Ýüregiň göni däl owkalamasynyň tehnikasy
1) ejir çekeni tekiz gaty ýerde gorizontal ýagdaýda ýatyrmaly.
2) ejir çekeniň gylyç şekilli ösüntgisini tapmaly.
3) gylyç şekilli ösüntgiden 2 barmak ýokary bu owkalamanyň ýeridir.
4) eliňiziň aýasyny owkalajak ýerine goýmaly, döş sünküne ritmiki, endigan, berk, wertikal basmaly, eliňi biri-biriniň üstüne goýup “gulp” görnüşinde basmaly.
5) basyş çuňlugy 100-110 basyş minutda. Şol bir wagtyň özünde 4-6 sm aralykda basmaly.
6) eger-de ýüregiň göni däl owkalamasy emeli dem bilen gezekleşýän bolsa, onda döş süňküne 30 gezek basmaly.
Näme etmeli däl
1) eger-de uky arteriýada puls bar bolsa, ýüregiň göni däl owkalamasyny geçirmek bolanok.
Tiz kömek çagyrmaly.
Uksus turşysy bilen zäherlenmek
Uksus turşysy, CH3COOH ýiti ysly, reňsiz ýanyjy suwuklyk.
Sebäpleri
Adaty ýagdaýlarda uksus turşysy bilen zäherlenmekagyzdan ulanylan ýagdaýlarda ýüze çykýar we köplenç hemme zadyň tagamyny dadyp görmäge endikli bolan kiçi ýaşly çagalarda duş gelýär. Uly adam özüne kast etme maksady bilen zäherlenýär, ýöne käwagtlar zäherlenme tötänleýin bolup bilýär.
Alamatlary
Nemli gatlagyň ýanmagy, agyry duýgylary haýsy agza şikes ýetenligine bagly bolýar. Şikes agyz boşlugunda, bokurdakda, gyzylödekde,epigastriýada ýerleşip biler. Bu ýagdaýlara ganly gaýtarma alamatlary hem goşulyp biler. Ýuwdynmakda bozulmalar ýüze çykýar we tüýküligiň bölünip çykmasy ýokarlanýar.
Ilkinji kömek bermek
1. Agzy arassa sowuk suw bilen çaýkamaly, bokudagy ýuwmaga çalyşmaly. Bu zatlary näsagyň janyna howp salynan bolsa, güýçli agyrylarda etmeli däl.
2. Öý şertlerinde aşgazany ýuwmak prosedurasyny geçirmeli ( ilkinji kömegi bermek kwalifikasiýasy zerur bolanda)
Näme etmek bolmaýar.
Gaýtarmak arkaly ýuwmak gadagan,sebäbi iýmit siňdiriş ýoly arkaly turşy yzyna gaýdanynda zäherlenen adamyň ýagdaýyny erbetleşdirýär. Turşulyk reaksiýany nahar sodasyny ulanmak (giňden ýaýran ýalňyşlyk) arkaly basjak bolmaly däl. Lukmanlar gelýänçä hiç hili derman serişdesini bermeli däl, häli hem bolsa iýmit kabul etmek gadagan.
Tiz kömegi çagyrmaly.
Kömelekler bilen zäherlenmek
Sebäpleri
Köp ýagdaýlarda zäherlenme kömelekleri ýygmagyň tejribesini bilmedik ýa-da ýeterliksiz sebäplere görä ýüze çykýar. Zäherli kömelekleri ýalňyşlyk bilen diňe bir tokaýda ýygmany, eýsem satylýan önüm gerekli barlagdan geçmedik bazarlardan hem satyn alyp bolýar.
Ýaýramagy boýunça ikinji sebäplere kömelekli nahrlaryň bişirilmeginde gutulgysyzlygyň bolmagy mümkindir. Kömelekler uzak wagtlap taýýarlanylýar, şonuň üçin käbir öý bikeleri özbaşdak nahar bişirmäniň wagtyny kemeldip, saçaga ýeterlikli ýylylyk bilen işlenmedik önümi goýýarlar.
Alamatlary
Kömelekler bilen zäherlenmäniň alamatlary beýleki iýmit intoksikasiýalarynyň alamatlaryna meňzeş bolup, olaryş hemmesi üçin
- iç geçme
- gaýtarma
- garyn boşlugynda agyry hasiýetlidir.
Ilkinji kömek bermek.
1. Aşgazany ýuwmak, onuň üçin 1,5 litrden az bolmadyk suw ulanmaly. Diliň düýbüne çemçe bilen basmak arkaly gaýtarmany döretmeli. Göwrelileri gaýtartmaly däl.
2. Iç geçme ýok bolsa, 1 nahar çemçe wazelin ýa-da sürgi ýagyny içirmeli.
3. Haýsy hem sorbet ( “Aktiwleşen kömür”, “Polisorb MP” we beýlekiler) içirmeli.
4. Köp suwuklyk bilen üpjün etmeli: mineral (gazsyz) suw, ajy gara jaý.
5. Ejir çekeni krowada ýatyrmaly. Aýagyna ýuljak grelka goýmaly.
Näme etmek bolmaýar.
Komelek bilen zäherlenmede spirtli içgileri kabul etmek, agyry aýryjy, gaýtarma garşy we iç geçmä garşy serişdeleri ulanmak düýbünden gadagan.
Tiz kömegi çagyrmaly.
Ýüregiň göni bolmadyk massažy
Ýürek massažy – ýürek duranyndan soňra onuň işiniň dikeldilme we ýüregiň işiniň dikeldilemgi boýunça gan akymynyň üznüksizligini üpjün etmäge ýardam berýän mehaniki täsir edilmedir. Ýürek massažyna bolan görkezmelere ýüregiň durmasynyň ähli ýagdaýlary degişli bolup durýandyr. Ýürek dürli sebäplere görä ýygrylmasyny bes edip bilýär: koronar damarlarynyň gysylmagy, ýiti ýürek ýetmezçiligi, miokardyň infarkty, agyr şikeslenme, ýyldyrym ýa-da elektrik togundan ejir çekme we ş.m.
Duýdansyz ýürek durmasynyň alamatlary – birden agarma, huşuň ýitmegi, uky arteriýasynda ýürek urgysynyň ýitmegi, dem alyşyň ýitmegi ýa-da seýrek, tutgaýly dem almanyň peýda bolmagy, görejiň giňelmegi.
Ýürek massažynyň esasy iki görnüşi bolýar: göni däl, ýa-da daşky (ýapyk), we göni, ýa-da içki (açyk).
Ýürek göni däl massažy döşüň öňünden yza basylmagynda, döş bilen oňurganyň aralygynda ýerleşen ýürek şeýle bir güýç bilen basylýar welin, onuň içindäki gan damarlara geçmeginde esaslanýar. Basylmagy bes edileninden soňra ýürek dogurlanýar we oňa wenoz gany gelip başlaýar.
Ýüregiň göni däl massažyny her adam bilmeli. Ýürek durmasynydan soňra ony haýal etmän tiz wagtda başlamaly. Ýürek massažy ýüregiň durmasynydan haýal etmäni başlanylsa has peýdaly bolýar.
Ýürek massažy blen döredilýän, gan aýlanyşygynyň netijeliligi üç sany alamatlar boýunça kesgitlenilýär: massažyň edilmegine baglylykda uky arteriýasynda ýürek urşunyň peýda bolmagy, görejiň inçelmegi we özbaşdak dem alyşyň peýda bolmagy. Göni däl ýürek massažynyň netijeliligi ejir çekýäniň döş kapasasyna güýç goýulýan ýeriň dogry saýlanyp alynmagy üpjün edýär ( gylyç görnüşli ösüntgisiniň üstünde döşüň aşaky bölegi). Massaž edýäniň eli dogry ýerleşen bolmaly. Olar tirsek bogunynda dogurlanan bolmaly. Basyşyň güýji döşi oňurga tarap 4-6 sm süýşirmek üçin ýeterlikli bolmaly. Massažyň yzygiderliligi 1 min ýüregiň azyndan 60 gezek gysylmagyny üpjün etmek üçin ýeterlikli bolmalydyr. Howanyň köp möçberiniň öýkene däl-de aşgazana düşen ýagdaýynda, aşgazanyň çişmegi näsagy halas etmäge kynçylyk döreder. Şonuň üçin epigastral (döşüň aşagy) bölüme basmak bilen, aşgazany howadan wagtal-wagtal boşadyp durmaklyk has maksadalaýykdyr.
Ýüregiň göni däl massažy diňe öýkenleriň emeli wentilýasiýasy bilen dogry utgaşdyrylanda has netijeli bolýandyr. Ýürek-öýken reanimasiýasynyň geçirilýän wagty azyndan 60 minut ýa-da lukmançylyk işgärleriniň gelýän wagtyna çenli dowam edilmelidir.
Ýürek-öýken reanimasiýasy
Ýürek-öýken reanimasiýasynyň üç sany esasy tärleriniň fundamental manysy we olaryň logiki yzygiderliligi “ABC kanuny” görnüşinde düzülendir:
A – dem alyş ýollarynyň geçirjiligini üpjün etmek
B – emeli dem alyşy geçirmek
C – gan aýlanyşyň dikeldilmegi.
1. Näsagy degişli ýagdaýda ýatyrmak: arkanlaýyn gaty ýerde pilçeleriniň aşagyna eşikden ýygnalan tegelegi goýup ýatyrmak. Kelläni maksimal ýagdaýda yza eplemek.
2. Agzy açmak we agyz boşlugynyň içine syn etmek. Agyz boşlugyny görkeziji barmaga oralan burun ýalygy bilen nemlerden we gaýtarmalardan arassalamaly. Eger dil giden bolsa – şol barmak bilen aýlamaly.
3. Sag tarapynda durmaly. Yza eplenen ýagdaýynda ejir çekýäniň kellesini çep eliň bilen saklamaly, şol bir wagtda onuň burun ýollaryny barmaklar bilen ýapmaly. Sag eliň bilen aşaky äňini öňe we ýokaryk süýşirmeli. Şol wagtda indiki amallar örän wajypdyr:
a) Uly we orta barmaklar bilen äňiniň çekge ýaýlaryndan saklamaly;
b) Görkezme barmak bilen agyz boşlugyny açýarlar;
c) Dördünji we bäşinji barmaklaryň ujy bilen uky arteriýasynda ýürek urgysyny gözegçilikde saklaýarlar.
4. Uludan dem almaly, dodaklaryňy ejir çekýäniň adamyň agzyna goýmaly we dem bermäni ýerine ýetirmeli. Agzy ilki bilen arassagylygy berjaý etmek üçin islendik arassa mata bilen ýapmaly. Den goýberlende döş kapasasynyň göterilmegini gözegçilik etmeli. Dem alyş sikliniň ýygylygy 1 minutda 12-15 gezek, ýagny 5 sekuntda bir gezek dem bermeli.
Ejir çekýande özbaşdak dem alma alamatlary ýüze çykyp başlanynda ÖEW (öýkenleriň emeli wentilýasiýasy) özbaşdak dem alma sanynyň 1 minutda 12-15 barabar bolýança, bes edilenok. Şol bir wagtda dem bermäniň yzygiderliligi ejir çekýän adamda dikelýän dem almagy bilen mümkin boldugyndan utgaşdyrylýar.