Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Türkmenistanda ilata berilýän onkologiýa kömegi sebitleýin häsiýetli bolup, üç derejeden ybaratdyr. Olar,
— şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde hereket edýän onkologiýa serediş otaglary;
— welaýat derejesinde welaýat onkologiýa hassahanalary;
— ýurt derejesinde Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi.
Her bir şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde onkologiýa we serediş otaglary hereket edýär. Olar umumy bejeriş ulgamy bilen netijeli aragatnaşykda bolup, öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu derejede ilata onkologiýa kömegini bermekde esasy wezipeler howply we howpsuz çişleriň (täze döremeleriň) öňüni almak, olary anyklamak, çiş keselleri babatda howatyrly topara girýän adamlara hem-de howply çiş keselli näsaglara gözegçilik etmek bolup durýar.
Ikinji sebitleýin basgançakly dereje welaýat merkezlerinde ýerleşýän welaýat onkologiýa hassahanalary bolup durýar. Aşgabat şäherinde bu wezipäni Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ýerine ýetirýär. Bu derejede howply we howpsuz çişler babatda, olaryň öňüni almak, kesgitlemek we bejermek boýunça işler geçirilýär. Onkologiýa hassahanalary şeýle meseleler boýunça onkologiýa we serediş otaglaryna guramaçylyk-usulyýet, amaly-maslahat kömegini berýär. Şeýle kömekler bejeriş ulgamynyň saglygy goraýyş edaralaryna hem berilýär. Welaýat onkologiýa hassahanalaryndan guramaçylyk-usulyýet, amaly-maslahat kömegini bermek üçin her bir şähere, etraba jogapkär onkolog bellenilýär. Aşgabat şäheriniň onkologiýa we serediş otaglary bolan her bir saglyk öýüne, şeýle-de Ahal welaýatynyň her bir şäherdir etrabyna jogapkär onkolog Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinden bellenilýär. Welaýat onkologiýa hassahanalarynyň guramaçylyk-usulyýet otaglary onkologiýa we serediş otaglary tarapyndan ilata berilýän onkologiýa kömeginiň amala aşyrylyşyna, hasaphasabat resminamalarynyň alnyp barlyşyna gözegçilik edýärler we bellenen jogapkärler bilen bilelikde olara guramaçylyk-usulyýet, amaly-maslahat kömegini berýärler. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, welaýat onkologiýa hassahanalary, onkologiýa we serediş otaglary her ýyl ýokary derejeli onkologiýa gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda öz iş meýilnamalaryny düzýärler hem-de olaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edýärler.
Täze onkologiýa hassahanalary gurlanda, onkologiýa keselleriniň öňüni almakda, olary kesgitlemekde we bejermekde dünýädäki iň öňdebaryjy iş tejribesi göz öňünde tutulýar. Olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiligine, işgärleriniň hünär taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň döwrebap binasy hem aýdyň mysaldyr. Onuň kämil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerinde işleýän işgärler Ýewropanyň öňdebaryjy kliniki merkezlerinde hünär taýýarlygyny geçdiler. Merkez ilata onkologiýa kömegini bermekde baş edara bolmak bilen, öz ugry boýunça ýurdumyzyň umumy bejergi ulgamynyň saglygy goraýyş we onkologiýa edaralaryna guramaçylyk-usulyýet, amaly-maslahat kömegini berýär. Onkologiýa we serediş otaglaryna bolsa guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edýär.
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi onkologiýa hassahanalary, onkologiýa we serediş otaglary, şeýle-de umumy bejeriş ulgamynyň edaralary üçin işgärleri taýýarlaýar. Ol Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şöhle bilen kesgitleýiş we bejeriş, onkologiýa kafedrasy üçin hem okuw binýady bolup durýar. Merkezde geljekki onkolog lukmanlar internaturany geçýärler. Onuň bölümleriniň 19-synda onkologiýa keselleriniň öňüni almak, olary kesgitlemek we bejermek boýunça amaly işler alnyp barylýar. Merkeziň amaly işine häzirki zaman öňüni alyş, kesgitleýiş, bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi howply täze döremeleriň has köp duş gelýän görnüşleri boýunça biraýlyklary geçirmegi doly amaly işe ornaşdyrdy. Her ýyl süýt mäzleriniň, öýkeniň, prostatynyň we ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almaga gönükdirilen biraýlyklar geçirilýär. Olarda ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmaga we raýatlary sagaldyş gözegçiliginden geçirmäge aýratyn üns berilýär. Barlaglarda ýüze çykarylan howply we howpsuz täze döremeli näsaglar onkologiýa gullugynyň edaralary tarapyndan hasaba alynýar. Şeýle näsaglaryň keselini doly kesgitlemek, bejermek üçin degişli işler geçirilýär, olara sagaldyş gözegçiliginiň geçirilmegi üpjün edilýär.
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ylmy edara bolup durýar we ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Aspiranturanyň, doktoranturanyň üsti bilen ylmy işgärler taýýarlanylýar. Dalaşgärlik esasynda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary ýerine ýetirilýär. Ylmy-barlag işlerine welaýat onkologiýa hassahanalarynyň işgärleri-de çekilýär. Alymlary we hünärine ussat işgärleri taýýarlamakda halypa-şägirt ýörelgesine möhüm ähmiýet berilýär. Merkez Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bolup durýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, şeýle-de Ýewropanyň, ABŞ-nyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalary bilen aragatnaşyk saklaýar.
Edaranyň ady: Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 22-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 48-77-97, +993 (12) 48-77-87
Faks belgisi: +993 (12) 48-89-10
E-poçta salgysy: oykm@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 103, 142
Ugur almak üçin bellik: Halkara lukmançylyk merkezleri
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta