Sagdyn göwrelilik we çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň düzgünleri
Çaganyň dünýä inmegi her bir maşgala üçin uly bagtdyr. Her bir ene-ata çaga dünýä inenden soň oňa talabalaýyk gözegçilik etmäge, mähir-alada bilen gurşamaga taýýar bolmalydyr. Onuň üçin maşgala agzalary göwreliligiň kadaly geçişini ýola goýup, sagdyn çaganyň dünýä inmegi üçin howp salýan alamatlary wagtynda ýüze çykarmagy başarmalydyrlar. Göwreliligi meýilleşdirmekden öň geljekki ene-atanyň oňa taýýar bolmagy zerurdyr. Şonda göwreliligiň kadaly geçmeginiň, dogrumyň agyrlaşman, çaganyň sagdyn dünýä inmegine mümkinçilik has-da artýar. Şeýle mümkinçiligi berjaý etmek üçin är-aýalyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmegi zerurdyr. Ähli maşgala agzalarynyň hem zyýanly endiklerden daşda durmagy geljekki nesilleriň beden, ruhy taýdan sagdyn we bagtly bolmagyna getirer. Ene-atasynda zyýanly endikler bolan ýagdaýynda, olar çaganyň bedeninde dürli kemisliklere getirýär. Şeýle-de çaganyň wagtyndan öň dogulmagyna, kadaly ösüşden yza galmagyna getirip biler. Her bir göwreliligiň arasyna maslahat berilýän iki ýyl wagt aralygy bolsa ene-atasynyň çagasyna bolan ünsüni has-da köpeldýär. Zenanyň bedeniniň indiki göwreliligine çenli dikelmegine we çaganyň sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.
Ýaş eneler göwreli döwri eýýäm göwresindäki çagasynyň saglygynyň aladasyny edip başlamalydygy barada habarly bolmalydyrlar.
Ene bolmak isleýän her bir zenanyň saglyk ýagdaýyna geljekki nesliň ykbaly bagly. Enäniň göwrelilige taýýarlanýan döwründe sagdyn we dogry iýmitlenmesine geljekki çaganyň sagdyn durmuşy we ösüşi, doga kemislikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagy, doly ösüp ýetişmezlik howpunyň peselmegi bagly bolup durýar.
Çaganyň ene göwresinde doly derejede ösmegi üçin enäniň ganynda aýlanýan we onuň üsti bilen düwünçege düşýän peýdaly maddalaryň ählisi zerurdyr. Zenanyň göwrelilik döwründen öň we göwrelilik wagtynda iýmitlenmesi bilen düwünçegiň iýmitlenmesiniň arasynda ysnyşykly we çylşyrymly häsiýetli baglanyşyk bar.
Ilki bilen, her bir göwreli zenanyň dogry iýmitlenmegi zerurdyr. Dogry iýmitlenmek beden üçin zerur bolan ýokumly iýmiti rejeli we yzygider kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmäniň esasy kadasy bolsa, çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmalydyr. Süýjülikler hoz, bal bilen çalşyrylsa peýdalydyr. Her bir adam tebigy önümleri (zeýtun, günebakar ýaglaryny, balyk etini, ýagsyz göle, guş etini, gök önümleri, ir-iýmişleri) gündelik iýmäge endik etmelidir. Önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň buglanyp, gaýnadylyp taýýarlanylmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi beden agramyny kadaly saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden gorar.
Göwrelilikden öň we göwrelilik döwri dogry iýmitlenmek bu döwrüň kadaly geçmegini kepillendirýär we sagdyn çagany dünýä indirmek mümkinçiligini artdyrýar. Mundan başga-da şol döwürde talabalaýyk iýmitlenmek geljekki enäniň göwresindäki çaganyň bedeninde ömrüniň dowamynda döräp biläýjek keselleriň hem öňüni alyp biler. Bäbegiň pes agramda dogulmagy we onuň geljekki durmuşynda insulin metabolizminiň bozulmagy bilen keselleýjiliginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bardyr. Köplenç zenanlaryň ganazlygy ýygy duş gelip, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenýän döwründe göni baglanyşyk bardyr.
Göwrelilik döwründe nähili iýmitleri iýmeli we nähili iýmitlerden saklanmaly?
Peýdaly iýmit paýy aşakdakylardan ybaratdyr:
• miwe, bakja önümleri;
• kösükliler maşgalasyna degişli bolan iýmitler (merjimek, noýba);
• hoz.
Göwreli zenan günüň dowamynda azyndan 400 g gök önümleri we bakja önümlerini iýmelidir. Munuň üçin hemişe iýmitiňize möwsüme laýyk ter, gök we bakja önümlerini nahara goşmaly. Ýaglar umumy energiýanyň 30%-den az möçberini düzmeli. Doýgun däl ýaglar (meselem balykda, awokadoda, hozlarda, günebakarda, zeýtunda bar bolan ýaglar) doýgun ýaglardan, meselem, ýagly etde, mesgede, palmada we kokosda, gaýmakda, peýnirde bar bolan ýaglardan has peýdalydyr.
Ýagyň möçberini aşakdaky çäreleriň kömegi bilen azaltmak mümkin:
• Naharyň taýýarlanyş düzgünini üýtgetmeli. Mysal üçin: etiň ýagly ýerini aýyrmaly, mesgäniň ýerine (mallardan alynmadyk) ösümlik ýagyny ulanmaly, şeýle hem gowurmak arkaly däl-de, gaýnatmak, buglamak arkaly bişirmeli.
• Düzüminde doýgun ýaglary bolan azyk önümlerini (peýnir, doňdurma, ýagly et) çäklendirmeli. Süýt önümleri (süýt, ýogurt, dorag, gatyk) özünde kalsiý, belok, A, D, B2 witaminlerini saklaýar. Belok saklaýan önümlere: guş eti, balyk eti, deňiz önümleri, ýumurtga degişli. Göwrelilik döwründe günüň dowamynda az-azdan 5-6 gezek iýmitlenmek maslahat berilýär.
Suwa we beýleki içgilere hem göwrelilik döwründe uly üns bermeli. Içýän suwunyň mukdary, hili göwreli zenanyň we çaganyň saglygyna täsiri örän uludyr. Suwuň bedende alyş-çalyş hadysasyny tizleşdirmekde, bedene gerek bolan peýdaly önümleri özleşdirmekde we galyndylaryň çykarylmagynda ähmiýeti uludyr. Esasan hem, suwuň köp mukdary göwreliligiň birinji ýarymynda irki aş saýlama bilen ejir çekýän enelere zerurdyr.
Käbir iýmit önümleri göwredäki çagada doga kemislikleriň bolmazlygyny gazanmaga ýardam berýär. Olara şular degişlidir:
Foliý turşusy B9 witamini bolup, ony göwreli bolmazdan 3 aý öň we göwreliligiň birinji ýarymynda ulanmak göwredäki çaganyň kelle we oňurga beýnisiniň dogry ösüşine ýardam berýär. Onuň gerek mukdary: gije-gündiziň dowamynda 0,4 mg. Foliý turşusy sygryň bagrynda, merjimekde, balyk önümlerinde, noýbada köp bolýar.
Kalsiý süňk dokumasyny berkidýär. Geljekki ene we göwredäki çaga kalsiý önümlerine mätäç bolýar. Çünki kalsiý süňkleriň sagdyn we berk bolmagy üçin zerurdyr. Mundan başga hem kalsiniň nerw we myşsa ulgamynyň işjeňliginde ähmiýeti uludyr. Adaty ýagdaýa garanyňda göwreli zenanlaryň kalsiý elementine bolan talaby 50% artýar. Göwrelilik döwri bedende kalsiý ýetmezçilik edýän bolsa, ol ony enäniň süňklerinden alyp başlaýar. Bu bolsa osteoporozyň (süňkleriň gowşamagy) döremegine getirip biler. Kalsiniň bedende gowy siňmegi üçin D witamini möhümdir.
Kalsiý saklaýan önümler süýt önümleri (dorag, gatyk) hasaplanýar.
Demir ganazlygyň öňüni alýar. Adam bedeninde demir gemoglobini emele getirýär. Demriň ýetmezçiliginde göwreli zenan özüni ýadaw duýýar we onuň kesellere garşy immuniteti peselýär. Demriň ýetmezçiligi göwredäki çaganyň wagtyndan öň dogulmagyna, agramynyň ösüşden galmagyna, horlanmagyna getirip biler.
Demri saklaýan önümlere sygryň bagry, eti, guş eti, balyk, ýumurtga, noýba, şugundyr, nar, alma, şetdaly, erik degişli.
Ýod doga kemislikleriň öňüni alýar. Göwredäki çaganyň sagdyn ösmekligi üçin hem ýoduň ähmiýeti uludyr. Göwrelilik döwründe zenanyň bedeninde ýoduň ýeterlik mukdarda bolmagy, göwreli zenanda we çagada gipotireozyň döremeginiň öňüni alyp biler. Ýoduň ýetmezçiligi göwreliligiň 8-10 hepdeliginden başlap, çaganyň ösüşine täsir edip biler.
Ýod saklaýan önümlere ýodlaşdyrylan duz we deňiz önümleri degişlidir.
C witamini bedeniň gorag funksiýasyny ýokarlandyrýar. C witamini bedende demriň siňdirilişine hem ýardam edýär. C witamini saklaýan önümler: kiwi, apelsin, pomidor, bulgar burçy, kelem, itburun, gök otlar, ysmanak. Ýöne bellemeli zat, bu önümler bişirilen wagty öz ýokumlylyk gymmatlylygyny ýitirip biler. Şonuň üçin ter görnüşde ulanmak has peýdalydyr.
Göwrelilik döwründe, köplenç, işdäniň açylmagy, bolmazlygy ýa-da peselmegi bilen bagly meseleler döreýär. Bu ýagdaýa göwrelilik döwründe zenanyň bedeninde fiziologiki üýtgeşmeleriň bolmagy, şeýle-de lukmana ýüz tutmaly bolan patologiki ýagdaýlar sebäp bolup bilýär.
Göwreliligiň kadaly geçişinde işdäniň üýtgemegi bolmaly ýagdaýmy? Geliň, bulary aýdyňlaşdyralyň!
Eger-de göwreli zenanyň işdäsi peselen ýa-da işdäniň ýoýulma alamatlary bar bolsa näme etmeli?
Bu göwreliligiň birinji ýarymynda köp ýüze çykýan ýagdaý bolup, gormonlaryň üýtgemegi, şeýle-de witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär. Mysal üçin, tagam ýoýulmasynyň (hek, buz, toýun iýesiniň gelmegi) ýüze çykmagy, göwreli zenanyň bedeninde demriň, foliý turşusynyň, B12 witamininiň, kalsiniň ýetmezçiliginiň bardygyny aňladýar. Kada boýunça işdäsiniň peselmegi geljekki enäniň agramynyň peselmegi bilen hem utgaşykly bolýar. Şeýle ýagdaýda işdäni gowulandyrmak zerurdyr. Işdäniň gowulanmagyna daşky täsirleriň orny uludyr. Mysal üçin, adam işdä ýakyn nahary gören mahaly ýa-da tagamly naharyň ysyny alanynda onuň iýmäge bolan höwesi döreýär. Şeýle-de işdäni kadalaşdyrmaga günde şol bir wagtda naharlanmak hem gowy netije berip biler. Endik boýunça şol wagtda iýmit siňdiriş şiresi bölünip, iýmit iýmäge bolan höwesi dörär. Munuň üçin:
❖ Köpräk arassa howada gezelenç etmeli. Fiziki işjeňlik energiýanyň harçlanmagyna getirýär, şol energiýany doldurmak üçin bolsa, iýmek zerurlygy ýüze çykýar.
❖ Saçak owadan görnüşde bolmaly. Işdäni açýan reňkler bolan mämişi, gyzyl reňklerdäki gaplary ulanmaly. Bu toý-baýramlardaky duýgyny döredip, işdäniň açylmagyna getirer.
❖ Nahara gerekli önümleri almak üçin söwda etmek, şol ýerde gowy tagamly önümleriň içinde aýlanmak hem tagam iýmäge bolan höwesiň döremegine getirip biler.
«Dogry däl» iýmitlere bolan höwesi nädip aýyrmaly?
Iýilmeýän önümleri (hek, toýun, çaý we ş.m) iýmäge bolan islegiň döremegi lukmana ýüz tutmalydygyny habar berýär. Şeýle «dogry däl» iýmitler bedende biohimiki bozulmalaryň dörändigi bilen hem düşündirip bolar. Lukman göwreliniň ýagdaýyna görä işdäni gowulandyrýan, iýmite bolan höwesini güýçlendirýän degişli derman serişdeleri, dürli witaminleri içmegi maslahat berer.
Eger-de iýýän önümiňiz geljekki enäniň we çaganyň saglygyna zyýan ýetirmeýän bolsa, onda az mukdarda ulansaň hem bolýar. Şeýle önümleriň (köp mukdarda duzlanan hyýar iýmek we ş.m) zyýan ýetirjegini bilseňiz onda, şol önümler iýeniňde iýmitiňi berk gözegçilikde saklamak zerurdyr.
Göwreli zenanyň işdäsi çendenaşa ýokary bolsa näme etmeli?
Bu geljekki enäniň we çaganyň artyk agramlylyga getirip biljekdigini aňladýar. Umuman, işdäniň ýokarlanmagy bu göwreliligiň adaty alamaty bolup, ösüp barýan bedene ýokumly maddalaryň zerurlygy bilen düşündirse bolar. Şol sebäpli-de geljekki ene agramyny gözegçilikde saklamalydygyny ýatdan çykaryp, kadadan artyk iýmäge başlaýar. Bu ýagdaýy degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp gözegçilikde saklamak zerurdyr.
Munuň üçin işdäni peseltmelidir. Eger-de geljekki enäniň işdäsi gereginden artyk, gözegçilik etmezden has ýokary bolsa, onda lukmana ýüz tutup, onuň maslahatyny almalydyr. Lukman onuň sebäbini anyklar we degerli maslahatlary berer. Sebäbi adamyň işdäsi yzygiderli iýmit kabul etmäge ukyply däldir.
Her bir enäniň uly arzuwy çaganyň sagdyn doglup, bagtyýar kemala gelmegidir. Eger-de zenan göwrelilik döwründe ýokarda bellenilip geçilenleri doly we dogry ýerine ýetirse, onda çaganyň sagdyn dünýä inip, kämil kemala gelmegini gazanyp biler.
Ene süýdi we körpeleriň iýmitlendirilişi
Mähir baglanyşygy
Çaganyň dünýä inmegi maşgalanyň durmuşynda uly dabaradyr, ata-ene üçin uly bagt we şatlykdyr. Emma çaganyň dünýä inmegi bilen birnäçe meseleler we soraglar ýüze çykýar, olar çagany dogry ösdürip ulaltmak baradaky aladalar, ony terbiýelemek, saglyk ýagdaýy bilen bagly bolýar. Bäbegiň ýaşaýşynyň ilkinji günlerinden ýüze çykýan şeýle soraglaryň biri-de, ony iýmitlendirmekdir.
Ene süýdi çaganyň dogry ösüp ulalmagy, sagdyn bolmagy üçin gerek bolan ähli ýokumly maddalary düzüminde saklaýar, olar bäbejigiň bedeninde ýeňil siňýär we doly özleşýär. Ene süýdünde birnäçe gorag faktorlary saklanýar, olar çagany dürli kesellerden, şol sanda ýiti respirator, içgeçme we beýleki ýokançlardan goraýar. Emdirilen wagty hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak, ene bilen çaganyň arasynda çuňňur mähirli baglanyşyk duýgusy ýüze çykýar.
Täze doglan bäbek üçin hemme zat nätanyş bolýar. Bäbek indi oňa nähili öwrenişmeli? Diňe bir usul bilen, ýagny enesiniň göwresindäki ýaly endik bolan rahat, oňaýly şerte düşmeli. Doglandan soň körpäniň öňküsi ýaly özüni rahat duýmagyny üpjün edýän serişde ene süýdünde saklanýar. Daşky şertlere uýgunlaşma ýeňil bolup geçýär.
Ene süýdi bilen iýmitlenýän mahaly bäbekde bagt gormonlary (endorfinler) bölünip çykýar, olar çagada howsalaly ýagdaýy döredýän gormonlaryň (kortizol we kortizon) derejesiniň azalmagyna getirýär. Şol sebäpli näsazlyk duýan wagty bäbek agyzjygy bilen sormak üçin bir zat gözläp başlaýar. Dessine ejesi ene süýdi bilen iýmitlendirip başlasa, çaga ýylaýar, ejesiniň ýürek urşuny, dem alşyny, şeýle-de özüne tanyş tagamy, ysy duýýar, netijede, islendik oňaýsyz duýgudan halas bolýar. Körpejik özüne iýmit berýän, ýyladýan, söýgi berýän we howpsuzlyk döredýän mähriban, ýakyn adamynyň doly goragynda bolýar, bu ösüp barýan çaga örän zerurdyr.
Owuz süýdi
Ilkinji günlerde emele gelýän owuz süýdi bäbegiň talaplaryny doly kanagatlandyrýar. Owuz süýdüniň azajyk mukdary hem ýeterliklidir (5-15 ml), adaty ene süýdüne garanyňda owuz süýdüniň kaloriýasy 2,5 esse ýokary bolýar we onda belok birnäçe esse köpdür, ondan başga-da, owuz süýdi aşgazan-içege ýollarynda peýdaly mikrofloralaryň bolmagyna hem-de onda bar bolan immunoglobulinler (owuz süýdünde olar örän köp mukdarda saklanýar) bäbegi ýokançlardan goraýar.
Çagany haçan goşmaça iýmitlendirip başlamaly?
Diňe ene süýdi bilen iýmitlenýän (6 aýlyga çenli) sagdyn çagalara goşmaça suw bermekligiň geregi ýok. Ene süýdüniň köp bölegi suwdan durýar. Hatda howanyň yssy günlerinde çaganyň talabyna görä ony ene süýdi bilen ýygy-ýygydan emdirilse, çaganyň suw deňagramlylygy kadada saklanýar. Sagdyn çagalara 6 aýlykdan soň goşmaça naharlar berlip başlanýar, şonda suwy hem käseden içirip bolar.
Taýsyz melhem
Ene süýdi çaganyň iýmit siňdiriş we madda çalşygynyň aýratynlyklaryna doly gabat gelýär. Ene süýdündäki ýokumly maddalar ýeňil siňýärler, onuň düzüminde beloklary, ýaglary we uglewodlary özleşdirýän ýörite fermentler saklanýar. Ene süýdünde gorag faktorlary hem bar, emeli süýt garyndylarynyň hiç birinde şeýle «gorag» faktorlary ýokdur.
Ene süýdüniň ýene bir artykmaçlygyny belläp geçmeli: ene süýdüni çaga gerekli ýylylykda alýar, ol howanyň we ýagtynyň täsirinden goraglydyr, onda kesel döredýän mikroblar ýokdur. Bu häsiýeti içgeçme keselleriniň öňüni almakda, esasan-da, howanyň yssy wagtlarynda ene süýdüniň gymmatyny has-da artdyrýar.
Näçe gezek iýmitlendirmeli?
Eneleriň ilkinji alýan maslahatlarynyň biri — çagany onuň talabyna görä emdirmeli. Çaganyň talabyna görä gijelerine emdirmeklige aýratyn üns bermelidir. Çaganyň aşgazan-içege ýollarynyň gurluşynyň aýratynlygyna görä, gijelerine emdirmän arakesme etmekligiň zerurlygy ýokdur. Edil gündizlerine emdirilişi ýaly gijelerine hem emdirmeklik tebigy hadysadyr. Emdirýän zenanlarda gijelerine prolaktin gormony bölünip çykýar, ol süýdiň emele gelşine jogap berýär. Gijelerine emdirmeklik prolaktin gormonyň mukdaryny gerekli derejede saklaýar we gijelerine çaganyň talabyna görä emdirilmegi, «süýt ýetmezçiligi» ýaly nogsanlyklaryň döremeginiň öňüni alýar. Ene süýdi diňe bir çaganyň kadaly ösmegi üçin zerur bolan esasy ýokumly maddalaryň ojagy bolup durman, eýsem, çaganyň ösüşine itergi berýär we köp kesellerden goraýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi çaga 2 ýaşaýança, hatda 3 ýaşyna çenli dowam etmeli. Esasan-da, howanyň yssy aýlarynda, çaga kesellän ýagdaýynda, ýiti içgeçme ýüze çykanda, şeýle-de keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilende ene süýdi bilen iýmitlendirmek örän wajypdyr.
Goşmaça iýmitlendirmegiň düzgünleri
Çaganyň 6 aýy dolansoň oňa birinji goşmaça nahary berip başlamaly. Birinji goşmaça nahar hökmünde gök önümli ýa-da ýarmaly naharlar berilse bolýar. Gowusy gök önümli naharlar berip başlamaly, olar witaminlere, mineral maddalara, kletçatka has baý bolýarlar. Olar ösüp barýan çaganyň bedeni üçin örän gereklidir. Gök önümli nahary, ilkibaşda, kletçatkasy näzijek bolan haýsy-da bolsa bir görnüşden taýýarlamaly (kelem, käşir, kädi, ýeralma). Soňra kem-kemden gök önümleriň 2-3 we ondan hem köp görnüşlerinden bilelikde taýýarlasa bolýar. Taýýar bolan nahara ösümlik ýagy garylýar. Nahary azajyk mukdarda (1-2 çaý çemçeden) berip başlamaly, kem-kemden onuň mukdaryny 150 g çenli köpeltmeli. Birinji gezek nahar irden ýa-da gündiz berilse gowy bolýar, bu bolsa naharyň täze görnüşine çagada nähili täsiriň bardygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Süýtli ýarmalaryň taýýarlanylyşy
Süýtli ýarmalar — emýän çagalara berilýän ikinji goşmaça nahardyr. Ony çaga birinji goşmaça nahary (gök önümli) berilmeginden soňra, takmynan 10-14 günden berip başlamaly. Ýarmaly nahary taýýarlamak üçin tüwi, greçka, mekgejöwen, süle ýarmalaryny ulanmak maslahat berilýär. Bu nahar bilen çaga ösümlik belogyny, krahmal, kletçatka, witaminleriň B toparyny, mineral maddalaryň birnäçe görnüşlerini alar. Süýtli ýarmalary taýýarlamak üçin ilki ýarmalary suwda gaýnadyp bişirmeli, soňra 1:1 gatnaşykda gaýnag suw garylan sygyr süýdüni garmaly we gaýnaýança otda saklamaly (ýa-da bişirilen ýarma ene süýdüni garsa bolýar). Soňra ýarmany blenderden ýa-da elekden geçirmeli we täzeden gaýnaýança otda saklamaly. Taýýar bolan süýtli ýarma mesge ýagy garylýar. Nahary 1-2 çaý çemçeden berip başlamaly we kem-kemden mukdaryny 150 g çenli köpeltmeli. Çagalara senagat önümçiliginde taýýarlanan ýarmaly naharlary hem berse bolýar. Çaga ikinji berlen goşma-ça nahara öwrenişenden soňra, 7-10 günden soň üçünji goşmaça nahary berip başlamaly: öý şertlerinde taýýarlanan gatyk we dorag.
Nahary nähili iýdirmeli?
Goşmaça naharlary çaga çemçe bilen bermeli. Nahar orta goýulykda bolmaly (bulamak görnüşinde), çemçeden haýaljakdan akmaly. Suwuk görnüşinde nahary çaga bermeli däl, sebäbi olarda çeýnemek endigi döräp bilmez. Naharlaryň goýulygyny kem-kemden üýtgedip, has goýy görnüşine geçmeli. Çaga dessine has goýy naharlar berlip başlansa, ýuwudanda kynçylyklar döräp bilýär. Çaga gök önümli naharlar bilen eti üwelen görnüşinde, gaýnadylan gök önümleri ýenjilen we hat-da kiçijik bölejiklere owradylan görnüşde, çöregiň kiçijik bölejiklerini berip başlamaly.
Ene süýdüni emip öwrenen çagalara, çemçe bilen berilýän täze iýmitlerden ýüz öwürmek mahsusdyr. Hiç bir ýagdaýda suwuk görnüşli iýmiti emzikli çüýşelerden çaga bermeklik maslahat berilmeýär. Goşmaça iýmitlerden başda ýüz öwürse-de, soňra, ýagny ençeme gezek hödürlenenden soň çagalaryň iýmiti alyp başlaýandyklary subut edilendir. Çagany zor bilen naharlamaly däldir. Beýle edilende çagada iýmitlenmäge bolan ters duýgynyň döremegi mümkin. Häzirki wagt «höwesjeň iýmitlendirme» diýen düşünje bar, bu enäniň hem-de beýleki maşgala agzalarynyň çagany iýmitlendirme pursadyna bile işjeň gatnaşmagyny aňladýar. Emýän çaganyň täze iýmit bilen tanyşýan döwri, oňa köp söýgi bildirmeli we kanagatly bolmaklyk wajypdyr. Çaganyň özbaşdak iýjek bolup bildirýän islegini höweslendirmeli.
Çaga sagdyn bolsun diýseňiz...
Süýdüň emele gelmegi çylşyrymly hadysa bolup, ol enäniň iýmit düzüminde goşmaça kaloriýanyň berilmegini talap edýär. Laktasiýa (ene süýdüniň emele gelmegi) döwründe süýdüň emele gelmegi üçin goşmaça 500 kkal, günüň dowamynda bolsa, umuman, 2700 kkal gerek bolýar.
Eneleriň dogry iýmitlenmegi «iki adamlyk iýmegi» ýa-da «iýmitiň mukdaryny iki esse köp iýmek» diýmegi aňlatmaýar.
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirýän döwründe ol çagany naharlamazdan 30-40 minut öň, günüň dowamynda 5-6 gezek naharlanmaly, bu süýdüň gowy emele gelmegine ýardam edýär. Içýän suwuklygynyň mukdary günde 2,5 litrden az bolmaly däl, şeýle-de, et gaýnatmasy (bulýon), miwe şireleri, gatyk, süýt, kompotlar, çaý we beýlekiler hem peýdalydyr.
Ene süýdi bilen iýmitlendirýän enäniň iýmiti dürli-dümen we ýokumly önümlerden düzülmeli, onda ýeterlik mukdarda belokly iýmit önümleri bolmaly. Ýeňil siňýän belogyň, kalsiniň ojaklary bolan: et, balyk, ýumurtga, şeýle hem süýt we süýt önümleri bolmalydyr.
Iýmit düzüminde ýarma, çörek we çörek önümleriniň bolmagy hem hökmandyr. Olar ösümlik belogynyň we uglewodlaryň çeşmesidir. Ondan başga-da, iýmitde witaminleriň, mineral maddalaryň esasy ojagy bolup duran gök önümleriň we miweleriň bolmagy zerurdyr.
Häzirki wagtda «Enäniň iýmiti ene süýdüniň mukdaryna täsir edýärmi?» diýen sorag ilat arasynda köp ýaýran. Enäniň iýmitlenişi emele gelýän süýdüň mukdaryna düýbünden täsir etmeýär, ýöne aýalyň iýmiti dowamly wagt ýetmezçilik etse, onda süýdüň düzümine täsir edýär.
Şonuň bilen baglylykda süýdi köpeltmek üçin juda köp mukdarda iýmek, süýdüň köpelmegine ýardam etmeýär, onuň tersine, köp mukdarda çaý içmek, süýdüň hilini peseldýär. Ondan başga-da, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerine laýyklykda, naharlanýan wagty ýa-da nahardan soň derrew çaý içmek, demir elementiniň siňmegine päsgel berýär, netijede bolsa, ganazlygyň döremegine getirýär. Emdirýän enäniň şulary bilmegi zerurdyr:
• süýt önümlerini, gök we miwe önümlerini emdirýän enäniň iýmitinden aýyrmak esassyzdyr.
• Enede ganazlygyň bolmagy, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge garşy görkezme däldir.
• Emdirýän döwründe süýde ýakymsyz ys we tagam beriji ajy burç, sarymsak, sogan ýaly önümleri enäniň iýmitinden çäklendirmeli.
• Emdirýän ene kofe içse, ol basym süýde geçýär we çaganyň newrologiki ösüşinde bozulmalary döredip biler. Günüň dowamynda kofäni bir gezekden köp içmek maslahat berilmeýär.
• Enäniň iýmitinde dorag we beýleki süýtli önümleri kabul edilende çaganyň kellesiniň ýemeginiň ir ýapylmagyna täsir etmeýär.
• Witaminleriň, mineral duzlaryň esasy çeşmesi gök önümler we miweler bolup durýar. Olary emdirýän enäniň iýmitinden çäklendirmek dogry däldir.
Iýmit düzüminde reňkli we adaty kelem, kabaçok, badamjan, kädi, käşir, pomidor, hyýar, gök salat oty ýaly gök önümleriň bolmagy hökmandyr. Şeýle-de, miwelerden: şetdaly, erik, alma, armyt, garaly, nar, garpyz, gawun, witaminlere baý ir-iýmişler: çereşnýa, ülje, gara we gyzyl smorodina iýmek peýdalydyr.
Witaminleriň we mikroelementleriň ene süýdündäki derejesi aýalyň iýmitine bagly bolýar. Witaminleriň B, A, D, E toparlaryny düzüminde saklaýan önümler näçe köp ulanylsa, şonça-da enäniň süýdünde olaryň derejesi köp bolýar.
Ene süýdi arkaly diňe bir iýmit maddalary çaga geçmän, eýsem, enäniň tagam biliji endikleriniň hem geçýändigi barada pikir bar. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalara goşmaça naharlar berilýän döwründe täze iýmitleri oňat kabul edýändigi subut edilen hakykatdyr. Alymlar muny ene süýdi arkaly dürli iýmit leriň tagamy bilen çaganyň öňden tanyşdygy bilen düşündirýärler. Şol bir wagtda emeli görnüşde iýmitlendirilýän çagalar diňe süýt garyndylarynyň tagamyny bilýärler. Şonuň bilen baglylykda ene süýdi bilen iýmitlendirýän döwründe enäniň dürli-dümen (şol sanda ter gök önümleri, miweleri iýmegi) we kadaly iýmitlenmegi, çaganyň sagdyn iýmitlenme endikleriniň döreme gine täsir edýär. Bu bolsa köp sanly keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň şübhesiz artykmaçlygyna garamazdan, çagalaryň käbir böleginde (10-12%) iýmiti kabul edip bilmezlik ýagdaýy ýüze çykyp bilýär. Onda allergiýanyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi ene süýdündäki belok bilen bagly bolmaýar, ol ene süýdi arkaly geçýän antigenler bilen bagly bolýar. Bu ýagdaý ene öz iýmitinde allergiýa dörediji iýmit önümlerini (balyk we balyk önümleri, ýumurtga, hoz, gök önümleriň, miweleriň käbir görnüşleri) gereginden artyk ulanmagynda (has-da aýalyň aşgazan-içege ýollarynda bozulmalar bar bolsa) bolup bilýär.
Eger allergiýanyň döremeginde aýal howp toparyna degişli bolsa, onda enäniň emdirýän döwründe berhiz saklamagy zerurdyr. Käwagtlar enäniň berhizi bozmagy, çaganyň derisinde örgünleriň, iýmit allergiýasynyň ýüze çykmagyna getirýär. Köplenç, bu ýagdaý enäniň iýmitinde şokolad, süýji, sitrus, ýertudana, köp mukdarda hozlar, bal, işbil, balyk, ýumurtga we beýleki käbir allergiýa dörediji önümler (başgaça aýdylanda obligat allergenler) ulanan ýagdaýynda ýüze çykýar. Enede ýa-da çagada allergiýa ýüze çykanda, şol sebäpkär önümi iýmitden aýyrmaly. Emdirýän eneler üçin gipoallergen berhiz düzülende, şeýle maslahatlary ulanmaly.
Çagalarynda allergiýa döremek howpy bar bolan göwreli aýallar, emdirýän eneler üçin iýmit önümleriniň görnüşleri
Iýmit önümleri | Kadaly mukdarda maslahat berilýär | Çäklendirilýär | Maslahat berilmeýär |
Et we et önümleri | Göle, guş, towşan eti | Gaýnadylan şöhlatlar, büzmeçler, sardelkalar hepdede 2 gezekden köp däl | Kakadylan şöhlatlar, konserwalar |
Balyk we balyk önümleri | Hepdede 1 gezek | Kakadylan we duzlanan görnüşi | Konserwalar |
Ýumurtga | Hepdede 3 sany | Gowurlan görnüşi | Enede allergiýa bolsa |
Süýt we süýt önümleri | Gatyk , peýnir (ajysyz), miwesiz ýogurt, dorag, geçi süýdi we geçi süýdünden peýnir | Süýt, gaýmak | Miweli ýogurt |
Ýarmalar, aş önümleri | Greçka, mekgejöwen, tüwi, arpa, aş | Garşy görkezme ýok | Çäklendirme ýok |
Çörek we çörek önümleri | Bugdaý, bugdaý-çowdar çöregi, bugdaý kepegi | Hamyrmaýaly çörek önümleri, biskwitler hepdede 2 gezekden köp ulanmaly däl | Krekerler, tiz taýýarlanýan tagamlar (fastfud) |
Iýmit ýaglary | Rafinirlenen ösümlik ýaglar: günebakar, mekgejöwen, zeýtun, mesge ýagy | Mal ýaglary | Maýonez, margarin |
Şeker we konditer önümleri | Köke, zefir | Şeker (günde 40 grama çenli) ýa-da bal, almadan, armytdan jem | Tortlar, kremli kökeler, şokolad, bal, ýertudanadan, sitrus önümlerden, üzümden jem |
Gök önümler | Ýeralma, kelem, şugundyr, kabaçok, hyýar, kädi, käşir | Tomatly önümler | Tomat pastasy, ketçup, çipsi |
Miweler | Alma, armyt | Erik, şetdaly, gawun, ülje, garaly | Sitrus miweler, ýertudana |
Miweli içgiler | Almanyň we armydyň tebigy şiresi, miweli içgiler, çaý, arassa agyz suwy | Erigiň, şetdalynyň, garalynyň, üljäniň şireleri we nektarlary | Gazly içgiler |
Göwrelilik döwründe geçirilýän barlaglar
Göwrelilik döwri zenanyň ýagdaýyny we göwredäki çaganyň ösüşini anyklamak üçin meýilnamalaýyn barlaglardan geçirilmegi hökmanydyr. Ine, şeýle barlaglaryň biri-de göwrelileriň ultrasesli barlag (USB) skriningidir.
Skrining birnäçe saglygy goraýyş barlaglarynyň toplumy bolup, ol enäniň göwresindäki çaganyň fiziki ösüşini anyklamaga, hromosom keselleriniň we doga kemisligiň howply toparyny irki döwürde ýüze çykarmaga niýetlenendir. Skrining barlagyny ähli göwreli zenanlaryň geçmegi hökmanydyr. Sebäbi ol enäniň göwresindäki çaganyň genetiki kesellerini, doga kemisligi, göwreliligiň dowamynda ýüze çykýan käbir meseleleri we gaýra üzülmeleri irki döwürde anyklap, bejergi almagyna ýardam edýär. Göwreliligiň tutuş dowamynda skrining barlagy 3 gezek geçirilýär (göwreliligiň her üç aýlygynda).
Birinji skrining göwreliligiň 11 hepdesinden 14 hepde aralykdaky döwri öz içine alýar we şonda göwredäki çaganyň türre-depe ölçegi (kadaly ýagdaýda 45 sm-den 85 sm-e çenli) anyklanylýar. Birinji skrining iki etapdan durýar: ultrases barlagy (USB) we ganyň ýörite barlagy.
Birinji USB skrininginde göwredäki çaganyň:
• fiziki ösüşine;
• onuň bedeniniň gurluşyna;
• ýürek urgusyna;
• kelle we ýüzüň süňklerine, oňurganyň, kelle beýnisiniň ýagdaýyna;
• göwredäki çaganyň ýan suwuna;
• çaga ýoldaşyna;
• burun süňküniň ösüşine baha berilýär.
Birinji skrining, esasanam, hromosom kesellerini — aneuploidiýany (Dauna sindromy-trisomiýa 21; trisomiýa-18; trisomiýa-13) ýüze çykarmaga niýetlenendir. Eger-de kadaly bolmadyk ýagdaýynda, hökman keseli anyklamak üçin ganyň barlagy hem geçirilýär.
Ikinji skriningde göwredäki çaganyň eliniň we aýagynyň süňkleriniň ösüşine baha berilýär. Hromosom kesellerinde eliň we aýagyň süňkleri gysga bolýar. Ikinji USB skrining 18-21 hepdelikde geçirilýär. Bu barlagda:
• göwredäki çaganyň fiziki ösüşine baha berilýär;
• çaga ýoldaşynyň ýerleşýän ýeri anyklanylýar;
• göbek bagynyň birikýän ýeri anyklanylýar;
• ýatgy boýunjygynyň uzynlygy ölçenilýär (gysga bolsa wagtyndan öň düşmek howpy döreýär);
• göwredäki çaganyň ýan suwy ölçenilýär (amniotiki indeks: köp suwlulyk we az suwlulyk);
• çaganyň doga kemisligi anyklanylýar;
• düwünçegiň dopplerografiýasy ýaly barlaglar geçirilýär.
Üçünji skrining 30-34 hepdede geçirilýär. Bu skriningde hem ikinji skriningiň barlaglary gaýtalanýar we çaganyň ýatyş ýagdaýy anyklanyp, lukman tarapyndan dogrumyň görnüşi: tebigy ýol bilen ýa-da kesar kesimi arkaly geçiriljekdigi kesgitlenýär.
❖ Ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek bilen bagly her ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygy «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi» diýlip bellenip geçilýär. Bu hepdelik çagalaryň saglygynyň berkidilmeginiň bähbidine ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamaga we wagyz etmäge gönükdirilendir. Hepdeligiň dowamynda ene süýdüniň peýdasy barada giň jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumat bermek-düşündiriş işleri guralýar.


