Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Farap» şypahanasy

Halkyň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen şypahanalar, saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezleriň biri-de «Farap» şypahanasydyr. «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda 20 kilometr uzaklykda Amyderýanyň sag kenarynda Çärjew etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär. 1985-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýän şypahananyň 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda durky täzelenip, onuň täze binasy gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda 250 orunlyk, 3 gatdan ybarat bu şypahana halkyň hyzmatyndadyr.


1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan 3 sany 900 metrlik çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýy ýatagy açylýar. Guýularyň esasy bejeriş serişdesi sulfat-hloridli-natrili, minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän toparlara degişlidir. Guýularyň suwunyň täsiri ion düzümi we minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän ýerasty suwlaryň toparyna degişli bolup, sulfat hlorid natrili, gowşak aşgarly, subtermal, kükürt wodorodyň ujypsyz mukdaryny saklaýar. Bu tebigy mineral çeşmäniň melhem suwunyň gyzgynlyk derejesi 39 oC gradus bolup, düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 32-den gowrak himiki elementler, ýagny kükürtli wodorod, ýod, brom, bor, şeýle hem bariý, magniý, azot, natriniň sulfaty, natriniň gidrokarbonaty ýaly mikroelementler bardyr.


«Farap» şypahanasy anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar. Bu ýerde aşgazan-içege, öt ýuwýan, ingalýasiýa, fizioterapiýa, wulkan palçygy we Mollagara palçygy bilen bejeriş otaglary bar. Şypahanada, esasan, aşgazan-içege, ýürek-damar, nerw, deri, daýanç-hereket, endokrin, ginekologik, allergik, dem alyş ýollary bilen baglanyşykly keseller bejerilýär.


Şypahananyň anyklaýyş bölüminiň rentgen otagyndaky döwrebap rentgen enjamy bilen döş kapasasynda, garyn boşlugynda ýerleşýän içki agzalaryň kesellerini, daýanç hereket ulgamynyň şikeslerini we kesellerini takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Bölümde ornaşdyrylan ýokary hilli rentgen enjamy agyz boşlugynyň, äň süňkleriň we dişleriň kesellerini anyklamak üçin giňden ulanylýar. 


Şypahananyň endoskopiýa otagyndaky endoskop enjamyň kömegi bilen iýmit siňdiriş ulgamynyň ýokarky bölümlerinde, ýagny gyzylödekde, aşgazanda hem-de on iki barmak içegede ýokary derejeli takyk barlaglary geçirip bolýar. Mundan başga-da bu enjamyň iýmit siňdiriş ulgamynyň ýokarky bölümlerinde ýerleşen del jisimleri aýyrmaga, dürli ýagdaýdaky morfologiki emele gelmelerden barlag materialyny almaga, aşgazan boşlugyny bejeriş mineral suw bilen arassalamaga mümkinçiligi bar.


Ultrases barlag otagyndaky ultrases barlag enjamy bagry, öt haltany, böwregi, aşgazanasty, galkan görnüşli mäzleri, ýatgy turbalaryny, göwreliligi barlamaga we olardaky näsazlyklary öz wagtynda ýüze çykarmaga ýardam berýär. Bu bolsa ýüze çykarylan keselleriň wagtynda bejerilip, olaryň dowamly görnüşlerine geçmezliginiň öňüni alýar.


Anyklaýyş bölüminde elektrokardiografiýa, EhoKG enjamlary oturdylan. Bu enjamlar ýürek-damar ulgamynyň kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmaga we ýürek-damar ulgamynda çuňňur barlag geçirmäge mümkinçilik berýär.


Şypahananyň anyklaýyş-barlaghana bölümi hem häzirki zaman saglygy goraýyş enjamlary bilen üpjün edilen. Bölümde ganyň biohimiýa we umumy barlaglary geçirilýär. Ganyň lagtalanma, brinogen, trombositler, protrombin indeksi kesgitlenilýär. Ganyň düzümindäki elektrolitleriň mukdary barlanylýar. Ganyň wirus gepatitlerine, hlamidiýa, gerpes wirusyna barlagy geçirilýär. Jyns agzalarynyň çyrşagynyň, peşewiň barlagy geçirilýär.


«Farap» şypahanasynyň bejeriş bölüminde fitobar, fizioterapiýa, owkalama, iňňerefleks, ginekologik we bejeriş-bedenterbiýe otaglary hereket edýär. Bejeriş bölüminiň fizioterapiýa otagynda ingalýator enjamynyň kömegi bilen dem alyş ulgamynyň kesellerinde bejergiler berilýär.


Elektroforez enjamy arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň I, II derejeleri, bronhial demgysma, dowamly gastrit, kolit, pankreatit, holesistit, aşgazan we on iki barmak içegäniň baş keselleri, newrit, pleksit, neýromiozit, ensefalit, miýelit, newroz, migren, piýelonefrit, sistit, prostatit, adneksit, endometrit, erkek we aýal önelgesizlik kesellerini bejermäge uly ýardam edýär. 


Ultraýokary ýygylykly (UWÇ) enjamy bronhit, bronhial demgysma, dowamly gepatit, holesistit, pankreatit, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň dowamly baş keseliniň remissiýa döwri, ýiti we dowamly artritler, newrit, newralgiýa, nerw sütüniniň şikeslenmesinden soňky ýagdaýlar, ginekologik we böwrek-peşew kesellerini bejermekde ähmiýeti örän uludyr.


Oňurga sütünini çekýän enjam oňurganyň osteohondrozlaryny, protruziýalaryny we kiçi möçberli oňurga ingilerini bejermekde giňden ulanylýar. Şypahanadaky beýleki döwrebap enjamlaryň kömegi bilen hem ençeme keselleriň öňüni almak, bejermek, saglygy dikeltmek işleri alnyp barylýar.


Suw bilen bejeriş bölüminde şypahananyň mineral suwly wannasy, howuz, şarko duşy, içege ýuwmak, aýlawly duş, ýapgylar hem-de dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanan rahatlandyryjy wannalar bar.


«Farap» şypahanasy bejeriji mineral suwy bilen lukmanlaryň gözegçiligi esasynda daýanç-hereket, dem alyş, iýmit siňdiriş, ýürek-damar, nerw, endokrin, aýal keselleri, deri, böwrek, peşew ýollary bilen baglanyşykly keselleri bejerip, ilata hyzmat edip gelýär.


Mineral suw bilen bejergi – bu dermansyz bejergidir. Şypahananyň mineral suwy peýdalanylyp, wannalaryň, howuzlaryň, duşlaryň, aşgazany we içegäni ýuwmagyň, elektroforez, ingalýasiýa enjamlarynyň üsti bilen bejergiler geçirilýär. Mineral suw wannalar arkaly ulanylanda bedene ýylylyk, mehaniki – himiki täsirleri berýär. Mineral suwuň ýylylyk täsiri çetki damarlary giňeldýär, ganyň şepbeşikligini peseldýär, ýüregiň işjeňligini gowulandyrýar. Suwuň mineral düzümi deri reseptorlarynyň reaksiýasyny üýtgedýär. Mineral suwlar deriniň üstünden bedene sorulýar. Duzlaryň bir bölegi deriniň üstünde galyp, «duz ýapynjasyny» döredýär, em gutarandan soň hem uzak wagtlap bedene täsir edýär.


Şypahananyň mineral suwuny wanna görnüşünde ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde: arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň I-II derejelerinde, ýüregiň işemiýa keseliniň I-II funksional toparynda, I-II derejeli ýürek ýetmezçiliginde, daýanç hereket ulgamynyň kesellerinde: poliartritde, osteoartrozda, osteohondrozlarda, endokrin ulgamynyň kesellerinde: endemiki zobda, süýjüli diabetiň II tipinde, deri kesellerinde: allergiki dermatitde, psoriazda, ekzemada, neýrodermitde, böwrek-peşew, ginekologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde ähmiýeti uludyr.


Raýatlara şypahananyň mineral suwuny lukmanyň görkezmesi boýunça içmeklik maslahat berilýär.


Mineral suwly howuzda daýanç-hereket, ýürek-damar, periferiki nerw ulgamynyň kesellerini bejermek we olaryň hereketini çalt dikeltmek üçin dürli bedenterbiýe maşklary bilen utgaşdyrylyp geçirilýän bejergileriň täsiri uludyr.


Bu ýerde şypahana şertindäki Mollagara palçygynyň bejergisi ýokary netijelilige eýe bolup, keselleri bejermekde, saglygy dikeltmekde, dowamly geçişli kesellerde, dowamly agyryny peseltmekde uly orun tutýar. Palçyklar deňagramly mineral duzlardan, mikroelementlerden, biologiki işjeň maddadan ybarat bolup, terapewtiki we kosmetologiki häsiýete eýedir.


Mollagara palçygy mikroblara garşy güýçli täsir ediji bolup, kesel döredýän mikroblaryň ösmeginiň, ulalmagynyň öňüni alýar. Bu bejergi sowuklama garşy täsir edýär. «Farap» şypahanasynda Mollagara palçygy daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinde: dürli şikeslerden, çykyklardan we döwüklerden soňky ýagdaýlarda, dowamly artroz we artritde, dowamly deformirlenen osteoartrozda, osteohondrozda, dowamly podagrada we podagraly artritde; deri kesellerinde: dowamly psoriazda, ekzemada, neýrodermitde, dowamly atropiki dermatitde, düwürtikli örgünlerde; böwrek we peşew ulgamynyň kesellerinde: dowamly piýelonefritde, sistitde, enurezde, prostatitde; merkezi we periferiki nerw ulgamynyň kesellerinde: polinewritde, oňurga keselleriniň agyryly alamatlarynda, oňurgara ingilerde; dem alyş ulgamynyň kesellerinde: dowamly bronhitde, pnewmoniýada; iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde: dowamly holesistitde, dowamly holangitde, dowamly gastritde, gastroduodenitde, kolitlerde gyzgyn ýapgy görnüşinde, ginekologiýa kesellerinde waginal hem-de erkek jyns agzalarynyň kesellerinde giňden ulanylýar.


Wulkan palçygynyň öýjükleri täzeleýji, deriasty gan aýlanyşygyny işjeňleşdiriji, derini arassalaýjy, bejeriji we berkidiji, deriniň garramagynyň öňüni alyjy täsirleri bar.


Wulkan palçygyny arassalanan derä çalmak maslahat berilýär. Çalnan wulkan palçygy ýagly deride 20-25 minut, kadaly deride 15-20 minut, gury deride 10-12 minut aralygynda saklanylýar. Gözüň, dodagyň daşyna we burnuň deşigine çalmaly däl. Ulanyşdan soň wulkan palçygyny diňe arassa suw bilen ýuwup aýyrmaly.


Ozokerit, parafin bilen bejeriş otaglarynda daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinde: dowamly artrozda we artritde, dowamly deformirlenen osteoartrozda, osteohondrozda; deri kesellerinde: dowamly psoriazda, ekzemada, neýrodermitde; böwrek we peşew ulgamynyň kesellerinde: dowamly piýelonefritde, sistitde, prostatitde; ginekologiýa kesellerinde adneksitde, endometritde; periferiki nerw ulgamynyň kesellerinde: polinewritde, pleksitde; dem alyş ulgamynyň kesellerinde: dowamly bronhitde, pnewmoniýada; iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde: gastroduodenitde, kolitlerde gyzgyn ýapgy görnüşinde bejergi geçirilýär.


Iňňerefleks bilen bejeriş otagynda geçirilýän bejergiler newrozlarda, çilimkeşlikde, aşgazanyň baş keselinde, dowamly gastritde, iç gatamada, neýrodermitde, artritde, newritlerde we olaryň gaýry üzülmelerinde gowy netije berýär.


Aeroionoterapiýa otagyndaky enjama guýlan mineral suw otagyň howasynyň kaliý, kalsiý, brom, ýod we beýleki mikroelementler bilen basym baýlaşmagyna getirýär. Bu mikroelementler dem alyş ýolunyň üsti bilen bedene aralaşýar. Bu otagda lukmanyň görkezmesine laýyklykda dowamly bronhit, bronhial demgysma, endemiki zob, süýjüli diabetiň I-II tipleri, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň I-II derejeleri, dowamly ýadawlyk, ukusyzlyk ýaly ýagdaýlarda 30 minut dynç almak maslahat berilýär.


Şypahanada dynç alýan raýatlara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryndan ugur alnyp, rahatlandyryjy, ýürek-damar, iýmit siňdiriş, dem alyş, peşew bölüp çykaryş ulgamlarynyň işlerini kadalaşdyryjy dermanlyk otlaryň demlemeleri hödürlenýär.


Galoterapiýa otagynda mineral duzlar bilen bejergi geçirilýär. Bu otagda bronhit, bronhial demgysma, arterial gipertoniýa keseliniň I-II derejeleri, periferiki nerw ulgamynyň keselleri, endemiki zob, dowamly ýadawlyk, ukusyzlyk ýaly ýagdaýlar bejerilýär.


«Farap» şypahanasynda aýal-gyzlar beýleki bejergiler bilen bilelikde ginekologiýa ugry boýunça bejergileri hem alýarlar. Aýal-gyzlarda keselleriň döremegine sowuklama, nädogry iýmitlenme, işjeň bolmadyk ýaşaýyş-durmuş şertleri, dürli stres ýagdaýlary sebäp bolýar.


Şypahanada dynç alyp, saglygyny berkidýän aýal-gyzlaryň arasynda ginekologiki keselleriň sowuklamalary (dowamly adneksit, metroendometrit, salpingooforitiň ýiti däl döwri), amaldan soňky hem-de sowuklama sebäpli kiçi çanaklygyň sepleşme keselleri, ilkinji we ikinji önelgesizlik, aýbaşy halkasynyň bozulmalary duş gelýär. Aýal-gyzlara ginekologiýa keselleri boýunça saglyk öýlerinde, hassahanada doly bejergileri alandan soň şypahana şertinde berilýän bejergiler gowy netije berýär.


«Farap» şypahanasynyň mineral suwy bilen bilelikde Mollagara palçygy aýallaryň önelgesizliginde giňden ulanylýar.


Gadymy döwürde hem Mollagara palçygynyň bejergisi aýal-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Häzirki döwürde reproduktologiýanyň ösmegi bilen önelgesizlik derman serişdeleri we operatiw usullar bilen giňden bejerilýär. Muňa garamazdan, önelgesizligi bejermekde «Farap» şypahanasynyň mineral suwy we Mollagara palçygy özüniň bejeriş ähmiýetini ýitirmeýär.


Ýapylýan palçyk gyzgynlygyň täsiri bilen dokumalary çuň gyzdyrýar, damarlary giňeldýär, gan we limfa aýlanyşygyny ýokarlandyrýar. Palçyk bejergisiniň netijesinde, madda çalşygy işjeňleşýär we dokumalar kislorod bilen baýlaşýar. Palçyk goýlan meýdanda deriň bölünip çykmagy ýokarlanýar. Netijede, duzlar we zyýanly maddalar çykýar, öýjügara suwuklygyň çalşygy kadalaşýar, deri tekizlenýär, ýumşaýar, dartgynlygy ýokarlanýar. Nerw ulgamynyň üsti bilen içki beden agzalarynyň işine täsir edýär. Bejeriş tapgyrynyň gutarmagy bilen palçygyň täsiri gutarmaýar.


Bedende bolup geçýän dürli fiziologiki üýtgemeler bejergi gutarandan soň hem dowamly täsir edýär. Her gezek edilýän em biri-biriniň täsirini berkleşdirýär. Degişli barlaglardan geçenden soňra näsag zenanlara şypahanada palçyk bilen bejergi almaga rugsat berilýär. Ginekologiki keseli bolan aýallara Mollagara palçygyny almaga umumy garşy görkezmeler şulardan ybarat:


•  dürli howply täze döremeler;


•  işjeň görnüşli inçekesel;


•  dürli gan keselleri;


•  ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň dekompensasiýa döwri;


•  operasiýadan soňky döwür (1-1,5 aýa çenli);


•  abortdan soňky ýagdaý (3-4 aý);


•  ýatgy aýrylandan soň (ekstirpasiýa) 3 ýyla çenli;


•  ýatgynyň miomasy, polipi, endometriozda (ýatgynyň nemli bardasynyň ösmegi);


•  ýumurtgalyklaryň çişi (kistasy);


•  aýbaşynyň dowamlylygy bir hepdeden köp bolanda;


•  göwrelilikde.

Şypahananyň naharhanasynyň birbada 250 raýaty kabul edip naharlamaga mümkinçiligi bar. Lukmanyň görkezme belligine laýyklykda, dynç alyp saglygyny berkidýän raýatlara 9-njy, 10-njy we 15-nji berhiz saçaklary berilýär.


«Farap» şypahanasynda raýatlaryň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejergi geçirmek üçin başga-da döwrebap hyzmatlaryň ençemesi geçirilýär. Ähli saglygy goraýyş işgärleri şypahanada döredilip berlen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, şypahana gelýän raýatlara ýokary hilli hyzmat edýärler. 


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Farap» şypahanasy


Salgysy: 745180, Türkmenistan, Lebap welaýaty, Çärjew etraby, Hanoba geňeşligi, «Farap» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (422) 3-12-33


Faks belgisi: +993 (422) 3-99-42


E-poçta salgysy: farap@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar:


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner