Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Mollagara» şypahanasy

«Mollagara» şypahanasy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşip, deňiz derejesinden 13 m pesdedir. Ol Amyderýanyň Hazar deňzine çenli akan köne ugrunda — Uzboýuň sag kenarynda ýerleşýär. 


«Mollagara» şypahanasynda häzirki zaman innowasion tehnologiýaly kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş bölümleri bolup, saglygy goraýyş işgärleriniň ilata göwnejaý hyzmat etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Anyklaýyş bölüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän barlaghana, EKG, ultrasess barlagy, endoskopiýa otaglarynda raýatlar barlagdan geçýärler we bu ýerdäki gulak-burun-bokurdak, göz we stomatolog, ginekolog, urolog-androlog, terapewt, newropatolog lukmanlaryň gözegçiliginde bejergi alýarlar. 


Häzirki zaman amaly lukmançylykda farmasewtiki derman serişdeleri bilen däl-de, eýsem, tebigy bejeriş serişdeleriň kömegi bilen dürli keselleriň öňüni almaklyga we bejermeklige uly üns berilýär. Şeýle bejeriş usullaryň ençemesi «Mollagara» şypahanasynda jemlenendir. Şypahana bejeriş serişdeleriniň ulanyş usuly ýönekeýligi, ýokary netijeliligi, ýeňil geçirilmegi we zyýanly täsiriniň azlygy bilen häsiýetlenýär. 


Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda şypahanada işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şypahanada bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullaryň täze we netijeli görnüşleri ornaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygy girizildi. Şypahanada saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna we ylmy işleriň alnyp barylmagyna uly üns berilýär.


Şypahanada esasy bejeriş serişdeleri bolan gyrmançaly gara palçygy, şor suwy birnäçe usulda, ýagny beden agzalaryna ýapgy, dyky görnüşinde, stomatologiýada dişleriň düýbüne, etine ýapgy etmek usulynda, şor mineral suwly wanna kabul etmek, beden agzalaryna pürkmek görnüşinde ulanmak bilen bir hatarda, dürli görnüşli kämil fizioterapiýa enjamlarynyň kömegi bilen bejergiler geçirilýär. Şeýle-de krioterapiýa — sowuk howa akymy bilen bejergi, galoterapiýa — nahar duzunyň aerozoly bilen dem alyş ýollarynyň bejergisi, baroterapiýa — ýokary basyşly kislorod bilen bejergi, gidrokolonoterapiýa — içegäni arassalamak, nemlendirmek, psammoterapiýa — minerallar bilen baýlaşdyrylan çäge bilen bejermek, stounterapiýa — bazalt daşlar bilen bejergi, gidroterapiýa — suw bilen bejergi, ozonoterapiýa — ozon gazy bilen bejergi, fitoterapiýa — dermanlyk ösümlikler bilen bejergiler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, ynsan saglygyna we gözelligine hemaýat berýän inwaziw däl mezoterapiýa, limfadrenaž, ultrakontur, sauna haltajygyny, «eksillis», aerokosmiki kapsula ýaly enjamlar oturdylan kosmetologiýa hyzmatlary ýola goýlan we bu bolsa raýatlaryň olardan uly isleg bilen peýdalanmaklaryna getirýär. 


«Mollagara» şypahanasynyň esasy bejeriş serişdeleri — peloidoterapiýa — palçyk, balneoterapiýa — mineral suwlar we klimatoterapiýa — daşky gurşawyň täsiri bilen berilýän bejergilerdir. 


Bu täsin künjegiň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda Mollagara kölüniň uly ähmiýeti bardyr. Hiç hili akar suwuň daşyndan gelip guýmaýandygyna garamazdan, ýylyň tutuş dowamynda şol bir derejesini saklaýan köl ýokary bejerijilik häsiýetine eýedir. Minerallaşmagyň has ýokary bolany üçin köle giren adam suwuň düýbüne çökmän, hemişe onuň ýüzünde saklanýar. Kölüň gara gyrmançaly palçygyna we şor suwuna taý geljek başga melhemler mesgeni tutuş sebitde ýok diýerlikdir. Kölüň palçygy belli bir derejede gyzdyrylyp, kada laýyk ulanylanda, kentlewügiň sowuklamasy, gulagagyry, ýüze düşýän ýakal, örgün ýaly ençeme dertden saplanmakda özboluşly melhemdir. Şypahanada nerw we daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, guragyry hem bejerilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde gyzgyn palçyk arkaly edilýän emler beden agzalary üçin juda peýdalydyr. Tebigy kölüň şor suwunyň bejeriş täsiri hem onuň gyrmançaly palçygynyňkydan kem däldir. Palçykdyr suwly wanna gezekleşdirilip kabul edilende, dyza we bogna duz ýygnanmagy, bil süňküniň sowuklamasy ýaly ençeme dertler gaýra tesýär. Şypahananyň bölümlerinde näsaglara suwasty owkalama, bedenterbiýe, ultrases barlagy, kliniki we biohimiki hyzmatlar ýola goýlandyr. Laý, duzly suw wannasy, elektrikleşdirilen palçyk we yşyk bilen bejerişi gezekleşdirme usuly, sagaldyş maşklary, owkalama arkaly bejergiler amala aşyrylýar. Häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen, oňurga süňki ugurly toplumda oňurga ýiligine we süňküne zeper ýeten näsaglara toplumlaýyn bejergi ýola goýlandyr. Bil-oňurga keselleri bölümi sebitde ýeke-täkdir.

Şypahananyň howasy köp keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir. Landşaftyň aýratynlygy, yssy guraklyk, atmosfera basyşy, temperatura aratapawudy, Gün şöhlesiniň täsiri belli bir derejede oňaýly şert döredip, beýleki bejeriş serişdeleriň gowy täsir etmegine goldaw berýär. 


«Mollagara» şypahanasynda, esasan, şu keseller boýunça bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilýär:


• daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleri;


• nerw ulgamynyň sowuklama keselleri;


• peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama keselleri;


• jyns agzalaryň sowuklama keselleri.


Şypahana bejergisi şu ýagdaýlarda wagtlaýyn garşy görkezme bolup durýar:


ýiti sowuklama we ýokanç keseller;


dowamly sowuklama keselleriniň ýitileşmegi;


inçekeseliň işjeň döwri;


göwrelilik;


aşgazanda, içegede ýara baş keseli;


çiş keselleriniň ähli görnüşleri;


 II-III derejeli ganazlyk we ganyň beýleki keselleri;


ýürek-damar keselleri: ýüregiň işemiýasy, geçirilen infarkt, II-III derejeli gipertoniýa keseli we ş.m.


«Mollagara» şypahanasynda ulgamlaýyn bejerginiň netijesinde gan aýlanyşyň, limfa akymynyň ýokarlanmagy bilen dokumalaryň, öýjükleriň kislorod bilen üpjünçiligi gowulaşýar, öýjükleriň regeneratiw işjeňligi güýçlenýär, bular bolsa metabolizmiň işjeňleşmegine getirýär. Immunomodulirleýji täsiri ýokarlanýar, zyýanly galyndylaryň bölünip çykyşy artýar, gerek bolan ýokumly maddalaryň, mikroelementleriň ýetmezçiligi doldurylýar, sowuklama hadysasynyň sorulmak, agyrynyň aýrylmak hadysasy bolup geçýär.


Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin bejeriş ähmiýetli otaglardan başga­-da, dynç alyş­-jemgyýetçilik otaglary hem göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde berhiz lukmany tarapyndan ýörite düzülen aýry­-aýry berhiz nahar sanawyny içine alýan restoran we isleg bildirýän her bir adamyň türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biljek ýeri bolan fitobar ýerleşýär. Fitobarda bolsa, lukmanlaryň maslahatlary esasynda bellenilýän Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, dürli görnüşli hoşboý ysly melhemlik çaýlar demlenip, şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlara hödürlenýär. Bu bolsa şypahana bejergisiniň has oňyn täsirli bolmagyna getirýär.


Şypahana onuň çäklerinden daşarda ýerleşýän tebigy köl hem degişlidir. Kölüň kenarynda howuz, solýariý, dynç alyş bassyrmalary, kafe bar. Suwdan çykanyňdan soňra ýuwunmak üçin duş hem halkyň hyzmatynda. Kölüň gür ýylgyn tokaýlygyna bürenen beýleki çägesöw kenarynda ajaýyp görnüş höküm sürýär. Bu täsin künjegiň kenaryndaky arassa ak çäge-de tapylgysyz melhemdir. Jemi 30 gektar meýdandaky şypahanada sport meýdançalary, tebigy kölüň boýundaky 300 adamlyk solýariý, 250 sany awtoulaga niýetlenen duralga, her biri 250 we 200 orunlyk naharhanalar, ýüzüş howdany, ýapyk howuz, dükanlar, dermanhana, internet-kafe, kitaphana, bilýarddyr tennis zallary, dynç alyş otagy, türk hammamy, sauna, 30 orunlyk çagalar bölümi we körpeler üçin oýun otagy, 300 adamlyk mejlisler zaly, amfiteatr we beýleki amatlyklar ajaýyp sazlaşygy döredýär.


«Mollagara» şypahanasynda ýylyň ähli möwsüminde diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlar hem dynç alyp saglyklaryny dikeldýärler. Şypahanada dynç alyp, saglygyny dikeldýän raýatlardan, daşary ýurtlulardan gelip gowuşýan hoşallyk hatlary sanardan köp. Bu lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we gaýry işgärleriň öz gündelik işine jogapkärçilikli çemeleşýändiklerinden, hünär ussatlygyndan nyşandyr. Adam saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda we zähmet ukybyny ýokarlandyrmakda deňi-taýy bolmadyk şypahana gelýänleriň sany yzygiderli artýar.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Mollagara» şypahanasy


Salgysy: 745100, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, «Mollagara» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (222) 9-10-19, +993 (222) 9-10-17


Faks belgisi: +993 (222) 9-10-23


E-poçta salgysy: mollagara@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: Ýolagçy gatnawlary 


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner