Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Ýyly suw» şypahanasy

«Ýyly suw» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Bu ýerdäki mineral suwlaryň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýylda mälim edilendir. «Ýyly suw» şypahanasynyň täze taryhy 2009-njy ýylyň 28-nji noýabrynda başlanýar. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen şypahananyň 80 orunlyk täze binasy açylýar. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda ýene 200 orunlyk täze binasy gurlup ulanylmaga berilýär. Şypahanada raýatlara döwrebap hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir.


«Ýyly suw» şypahanasynda jana melhem suwlary bolan 6 sany dik guýy bar. Bu guýularyň çuňlugy 600 metrden 2100 metre çenli uzaýar we olaryň her birinden çykýan suw (temperaturasy 24-den 50 derejä çenli) özboluşly bejeriş häsiýetine eýedir. Guýularyň ikisiniň suwy içimlik, galan dördüsi bolsa wanna görnüşinde peýdalanylýar.


Gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şypahananyň daşky gurşawynyň tebigaty göwnüňi galkyndyryjy bolsa, bu ýeriniň tämiz dag howasy hem jana melhemlikdir. Şypahananyň töweregine ekilen müňlerçe düýp nahallar ýetişip, boý alyp, uly tokaýlygy ýadyňa salýar.


Şypahanada 3 bölüm bolup, bu ýerde raýatlara göwnejaý dynç almak, saglygyny dikeltmek üçin giň hyzmatlar toplumy hödürlenilýär.


Anyklaýyş bölüminde döwrebap kämil enjamlar bilen üpjün edilen rentgen, ultrases, EKG, barlaghana otaglary bar.


Suw bilen bejeriş bölüminde raýatlar wanna kabul edýärler, howuzlarda suwa düşýärler. Bu bölümde olara suwasty owkalama, aýlawly duş bejergileri berilýär.


Umumy bejeriş bölüminde raýatlara ozokerit, parafin, wulkan we Mollagara palçygynyň ýapgylaryny ýapmak arkaly bejergi berilýär. Bölümiň bejeriş bedenterbiýesi otagynda ylgaw ýodajygy, şwed merdiwany, welosiped we beýlekiler bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna salgylanmak esasynda öýken, bokurdak kesellerini çopantelpek, borjak ýaly otlar goşulyp taýýarlanan melhemligiň bugy bilen bejeriş işleri geçirilýär.


Şypahananyň derman otlary bilen bejerilýän otagy (fitobar) hem mydama köp adamly bolýar. Bu ýerde dynç alýan raýatlara türkmen topragynyň dermanlyk otlaryndan dürli çaý demlemeleri hödürlenilýär.


«Ýyly suw» şypahanasynda, esasan­da, şu aşakdaky ugurlar boýunça (keselleriň ýitileşmedik döwründäki) bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilýär:


Bedeniň daýanç-hereket synalarynyň keselleri:

– dowamly artritler we rewmatiki poliartritler, dowamly spondiloartritler.


Ýürek-damar ulgamynyň keselleri:​

– 1­2 derejeli arterial gipertoniýa, ýürek işemiýa keseli, miokarditler, miokardiodistrofiýa, beýni ganaýlanyşynyň bozulmalary.


Nerw ulgamynyň keselleri:

– merkezi we çetki nerw ulgamlarynyň kesellerinde (radikulit, poliradikulit, pileksit, kelle beýni şikeslerinden soňky ýagdaýlar, newrozlar).​


Bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri:​

– dowamlygastritler ýiti däl döwründe, duodenit, holesistit, kolit, aşgazan we on iki barmak içegä ýara düşende, bagryň, öthalta ýollarynyň dürli dowamly kesellerinde, öt çykaryjy ýollaryň diskineziýalarynda.


Deri keselleri:

– psoriaz, neýrodermitler, ekzemalar, dermatitler, witiligo.


Allergiki keseller: 

– allergiki dermatit.


Jyns agzalarynyň keselleri:

– endometrit, uretrit.


Endokrin keselleri:​

– süýjüli diabetiň 2-­nji tipi, galkan şekilli mäziň ýod ýetmezçiliginden dörän keseller.


«Ýyly suw» şypahanasyna saglygyny dikeltmäge we bejergi almaga geljek raýatlaryň, ilki bilen, maşgala lukmanlarynyň maslahatyny almagy möhümdir. Ýagny bu ýerde geçirilýän tebigy häsiýetli bejergilere garşy görkezmeleriniň-de bolup biljekdigini unutmaly däl.


Şypahanada newropatolog, ginekolog, terapewt lukmanlary bu ýere gelýän raýatlara bejeriş-öňüni alyş boýunça maslahatlary berýärler, netijeli bejergileri belleýärler.


Ýylyň ähli paslynda şypahana köp adamly bolýar. Çünki bu ýerde bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň hemmesi ýapyk binalarda geçirilýär. Bu bolsa howa ýagdaýlaryna garamazdan, ýylyň bütin dowamynda raýatlara ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemäge giň şertleri döredýär.


Şypahanada raýatlara berhizlik häsiýetli iýmitler berilýär. Mundan başga-da, şypahanada yzygiderli medeni çäreler geçirilýär. Medeniýet-sungat işgärleriniň çykyşlary guralýar. Arçman ata, Köwata ýaly Diýarymyzyň gözel künjeklerine gezelençlere gidilýär.


Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygy barada edýän taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bütin ýurdumyzda giňden tanalýan «Ýyly suw» şypahanasynda ildeşlerimize ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemek biziň baş maksadymyzdyr.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Ýyly suw» şypahanasy


Salgysy: 745180, Türkmenistan, Ahal welaýaty, Bäherden etraby, «Ýyly suw» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (131) 2-38-51


Faks belgisi: +993 (131) 2-38-51


E-poçta salgysy: yyly-suw@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 


Ugur almak üçin bellik:


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: 

banner
banner
banner