Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Şypahanalar halkyň hyzmatynda

Ýurdumyzda zähmet bilen dynç alşy utgaşykly guramak, ilatyň döwrebap şertlerde saglygyny berkitmegi üçin mümkinçilikleri döretmek, şypahana işini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler adam hakyndaky aladanyň esasy ugrudyr. Eziz Diýarymyzyň şypahana-dynç alyş ulgamynda alnyp barylýan işler bu ugurdaky gazanylýan üstünliklerden nyşandyr. Çünki Türkmenistanyň şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzdaky we daşary döwletlerdäki tejribäniň iň gowularyny özünde jemleýär.


Şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly ynsanlara şypa berýär. Olaryň amatly howa şertleri, Gün şöhlesi, mineral suwlary, gözel tebigaty hem-de bejeriş usullary saglygy bejermekde-de, berkitmekde-de örän netijelidir. Şypahanalarda tebigy melhemler, lukmançylyk ylymlarynyň gazananlary, sagdyn iýmitlenmek hem-de bejeriş maşklarydyr hereketleri adama toplumlaýyn täsir edýär we bedeni pugtalandyrmaga, saglygy dikeltmäge, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 


Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman», «Ýyly suw» we «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Olar bir bitewi düzümi emele getirip, halkymyza hyzmat edýär.  


Her biri özboluşly melhemler mekany bolup durýan bu şypahanalarda tebigy bejeriji serişdeleriň: ýerasty mineral suwlaryň, minerallaşan duzly suwuň, gyzgyn çägedir daşlaryň, ozokerit jisiminiň, palçygyň, dermanlyk ösümlikleriň, ekologiki taýdan arassa howanyň, özboluşly mikroklimatyň, suw-sport çäreleriniň kömegi bilen keselleri bejermek, esasy bejerginiň täsirini artdyrmak, keselleriň öňüni almak, gowy dynç alyp, saglygyňy dikeltmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Olaryň her biri belli-belli ugur boýunça ýöriteleşdirilendir. «Baýramaly» şypahanasynda böwrek, ýürek keselli näsaglar şypa tapsalar, «Mollagara» şypahanasynda esasan daýanç-hereket, nerw ulgamlarynyň keselleri anyklanan syrkawlar saglygyny dikeldýärler. «Farap» we «Arçman» şypahanalary aşgazanyň, bagryň, öt çykaryjy ýollaryň, jyns agzalarynyň, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň kesellerini bejermekde meşhurlyga eýe bolan bolsalar, «Ýyly suw» şypahanasynyň kükürtli, wodorodly, bromly, ýodly suw guýularynyň kömegi bilen aşgazan-içege, periferiki nerw, daýanç-hereket, endokrin ulgamlarynyň keselleriniň, önelgesizligiň, duz ýygnanmanyň bejergisinde görnetin oňyn netijeler gazanylýar. Köp kesellere şypa tapmak mümkin bolan «Berzeňňi» şypahanasynyň az minerallaşan, organiki maddalara baý düzümi, aýratyn hem, gastrit, holesistit, pankreatit, kolit, osteohondroz, osteoartrit kesellerinde, ýanykdan soňky ýaralaryň bejergisinde peýda edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen «Awaza» şypahanasynyň himiki elementlere baý mineral suwy peşew çykaryş we jyns agzalarynyň, bogunlaryň, deriniň, galkan şekilli mäziň kesellerini bejermekde, şikeslerden soňky dikeldişde üstünlikli ulanylýar. «Daşoguz» şypahanasynyň tebigy çeşme suwy daýanç-hereket, nerw, peşew çykaryş, endokrin ulgamlarynyň kesellerinde, deriniň, jyns agzalarynyň näsazlyklarynda wanna ýa-da duş görnüşinde ulanylýar. Howasy-da, ösümlikleri-de müň derde derman bolan Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynda esasan dem alyş ulgamynyň (bronhial demgysmanyň ýeňil we orta agyrlykly derejesiniň ýitileşmedik döwri, pollinoz, dowamly bronhit, faringit, laringit, rinit, sinusit, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli), daýanç-hereket ulgamynyň (artrit, poliartrit), endokrin ulgamynyň (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, gipofizar ýetmezçilik, 2-nji tipli süýjüli diabet), şeýle hem, ýürek-damar, nerw, aýal keselleri bejerilýär.


Ýurdumyzyň şypahanalary ýokary hilli bejeriş-dikeldiş kömegini bermek bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerini amala aşyrmaga, şol sanda ilatyň saglygyny goramaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga we keselleriň öňüni almaga, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge uly goşant goşýar. Olar ýylyň ähli paslynda halkymyzyň hyzmatyndadyr. Şypahanalaryň her biri hakynda aýratynlykda saýt arkaly giňişleýin tanyşmak mümkindir!

banner
banner
banner