Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

Hormatly kärdeşler, hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti (mundan beýläk – Guramaçylyk topary) Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 10 – 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.


Halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy güni mynasybetli geçiriler we 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dabaraly açylyşy bolar.


Halkara sergä dünýäniň köp ýurtlaryndan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller, şeýle hem ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri gatnaşarlar. Sergide derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän türkmen işewürleri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezerler. Halkara sergi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.


Halkara sergide «Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmekde we ýurdumyzyň şypahanalarynda ýetilen sepgitler, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işleridir wideoşekilleri görkeziler.


Bilim ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezer. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.


Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi meýdançasynyň merkezinde ýerleşdiriljek monitorda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny berkitmek, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkeziler.


Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň açylyşy bolar we daşary ýurtly alym-professorlaryň wekilleri gatnaşarlar we çykyş ederler. 


Ylmy maslahatyň işi 19 bölüm boýunça ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde 12-nji oktýabra çenli dowam eder. Ylmy maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar. «Iç keselleri», «Kardiologiýa we kardiohirurgiýa», «Onkologiýa», «Oftalmologiýa», «Ýokanç keselleri», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy», «Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologiýa-fiziologiki meseleleri we pulmonologiýanyň, allergologiýanyň esasy soraglary», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir», «Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak», «Sport ulgamynda innowasion  tehnologiýalar», «Halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmek», «Ylmy ösdürmekde ýaş alymlaryň orny» atly mowzuklaýyn mejlislere gatnaşyjylar meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.


«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň çykyşy hem meýilleşdirilýär.


«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmagyň şertleri


1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyran tezisleriniň awtorlary üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmalydyr.


2. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin ýörite hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):


Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň hasaba alnyş görnüşi


1

Familiýasy


2

Ady


3

Atasynyň ady


4

Wezipesi


5

Alymlyk derejesi we ady


6

Işleýän ýeriniň doly ady


7

Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksi hem görkezilmeli)


8

Iş telefony we elektron poçta salgysy


9

Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazylmaly däl)


10

Nutugyň tematiki ugry


11

Nutugyň dili (nutugyň haýsy dilde ýazylandygy görkezilmeli)



3. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalar taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde bolmaly.


3.1. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.


3.2. Halkara ylmy maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.


4. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.


5. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.


Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar


1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlaryny we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.


2. Sahypa ölçegleri: ýokarky we aşaky taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – kitap görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.


3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.


4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe «Word for Windows» formatynda kabul edilýär (*.doc we *.docx giňeltmesi bilen).


5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:


awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlenmek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;


gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;


nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öňürti 1 setir goýbermeli.


6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.


7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň sahypalary belgilenilmeýär.


8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.


9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.


10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.


11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.


12. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez».


13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg».


14. Faýllary arhiwirlemeli däldir.


15. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň tezisleri we annotasiýalary (kagyz we elektron görnüşinde) 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyna çenli kabul edilýär.


Habarlaşmak üçin,


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi


Telefon belgisi: (+993 12) 40-04-51, 40-04-11, 48-92-94


Faks belgisi: (+993 12) 40-04-53, 40-04-66


E-poçta salgysy: info@saglykhm.gov.tm, resminamamz@sanly.tm


Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Telefon belgisi: (+993 12) 44-84-09, 36-17-34


E-poçta salgysy: met.int.department@gmail.com, nie.turkmenistan@gmail.com


Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti


Telefon belgisi: +993 (12) 39-98-37


E-poçta salgysy: turkmensport@sanly.tm


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy


Telefon belgisi: +993 (12) 94-14-52


E-poçta salgysy: rustamtme@gmail.сom

Guramaçylyk topary


banner
banner
banner