Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy

Türkmenistan şypahana baýlyklarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýän döwletleriň biri bolmak bilen, patlawuk palçyklarynyň ägirt köp goruna eýedir. Patlawuk palçyklary kesel bejerijilik mümkinçilikleriniň giňligi, bejeriş täsiriniň köpugurlylygy boýunça derman serişdeleriniň hiç biri bilen deňeşdirip bolmajak tapylgysyz gymmatlykdyr. 2014-nji ýylda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde açylan Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana hem bu ugurda öwgä mynasyp işleri alyp barýar. Bu kärhana ekologik taýdan arassa, terapewtik we kosmetik önümler, şol sanda Mollagara kölüniň palçygyny, wulkan palçygyny we deňiz duzuny gaplamaga niýetlenendir.


Italiýanyň önüm öndüriji kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen zawod esasy bölümleriň ikisinden: — önümçilik we hile gözegçilik edýän bölümden ybaratdyr. Öz gezeginde, önümçilik ulgamy dörde bölünýär, bularyň özara baglanyşygy kompýuter arkaly amala aşyrylýar. Birinji bölümçe suwy taýýarlamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde osmos desgasy gurnalandyr, ol her sagatda bellenilen kadalara laýyklykda arassa suwuň 500 litrini taýýarlamaga ukyplydyr, şol suw bolsa önümçilikde ulanylýar.


Ilkinji tapgyrda bu ýere gelýän deňiz duzy owradylýar hem-de göwnejaý, şol sanda magnitleriň kömegi arkaly dürli goşundylardan doly arassalanýar. Soňra ol zerur bölejiklere bölünýär hem-de ýörite reaktorda diňe tebigy görnüşdäki dürli goşundylar — türkmen topragynda bitýän dermanlyk otlar, şeýle-de hoşboý ysly we reňkleýji maddalar bilen baýlaşdyrylýar. Soňra losýonlaryň, kremleriň düzümine goşuljak duz gaplaýjy ulgama ugradylýar, bu ýerde ony taýýarlamak we çüýşejiklere gaplamak bilen bagly bolan jemleýji tapgyr amala aşyrylýar. Gaplar (15 — 500 gram aralygyndaky) bu serişdäniň peýdaly häsiýetleriniň göwnejaý ýagdaýda saklanmagy üçin alýumin folga bilen dolanýar. Duzuň belli bir bölegi 15, 25 we 160 gram ölçegde gerdejik görnüşinde gaplanýar. 25 gramlyk duzly önüme dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan suwuklyklar hem goşulýar.


Kärhanada bejeriş palçyklaryny gaplamak boýunça-da bölüm hereket edýär. Bu bölüm öndürýän önümleri bilen ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň we ilatymyzyň islegini doly kanagatlandyryp bilýär. Bölümde çig mal arassalanýar we reaktorda arassalanan suw bilen garylyp, gaplaýjy konweýere ugradylýar, şol ýerde dürli göwrümli (30 — 1000 gramlyk) gaplara gaplanylýar. Bu gaplar ykjam ýapylýar we olara ýarlyklar ýelmenilýär. Ýazgyly kagyzlar bilen bellenýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde «Akardion» atly (hersi 120 gramlyk) önümiň öndürilmegi-de ýola goýlupdyr. Munuň özi palçygyň özboluşly görnüşi bolup, içki agzalary bejermek üçin ulanylýar. Bu önümler içerki we daşarky bazarlara ugratmak üçin niýetlenendir.


Mollagara kölüniň palçygy «bäsdeşleri», meselem, Ýakyn Gündogardaky Asuda deňizdäki ýa-da Ukrainanyň Saki palçykly şypahanasyndaky palçyk bilen deňeşdireniňde, käbir artykmaçlyklara eýedir. Birinjiden, Mollagaradaky çägeli däl-de, gyrmançaly palçyk. Ol çalt siňýär we basym guraýar. Başgaça aýdanyňda, Mollagaradaky palçygyň täsir edýän möhleti uzak hem-de täzeden dikeltmek bilen bagly täsiri boýunça dünýädäki belli şypahanalardaky palçyklardan tapawutlanýar.


Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda il arasynda bu kölüň haýran galdyrýan aýratynlyklary barada ençeme rowaýatlar aýdylyp gelinýär, onuň suwy we palçygy köp mukdardaky hloridler we natriniň, magniniň, demriň sulfatlary, bromuň duzlary we beýleki minerallara baýdyr. Hatda alymlar bularda kümşüň we altynyň mikroelementlerini-de ýüze çykardylar. Umuman alanyňda, Mollagaradaky suwuň minerallaşdyrmak derejesi 200-250 mg/l barabardyr.


Ir döwürler adamlar synag etmek arkaly, Mollagara kölüniň häsiýetlerini we onuň palçygy bilen bejermegiň usullaryny äşgär edipdirler. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde ýokary netijeli bu tebigy serişdäniň gös-göni bejeriji täsirini ýetirýändigi hem-de bejerişiň beýleki görnüşlerine garanyňda, täsirlilik güýjüni artdyrýandygy ylmy taýdan subut edildi diýip belleýär.


Applikasiýalar ýa-da dolamak görnüşinde palçyk bilen bejeriş daýanç-hereket agzasynyň kesellerini, guragyryny, poliartritleri we newritleri, osteohondrozy, deri kesellerini, reproduktiw ulgamy we beýlekileri bejermekde degerli ýardam berýär. Şeýle-de şu hili palçyklar dürli şikeslerden soňra, hususan-da, bogunlary bejermekde ulanylýar. Hatda beýleki usullar degerli netije bermedik halatynda-da, palçykly bejeriş oňaýly ýardam berýär. Nähoş ilkinji tapgyrlardan soňra, köp ýyllap özüni kösän keselden saplanýandygyny duýup ugraýar.


Wulkanyň bejeriş palçyklary-da ýurdumyzyň sagaldyş merkezlerinde giňden ulanylýar. Wulkanyň bejeriş palçyklarynyň agramly bölegi Günbatar Türkmenistanda — Hazaryň türkmen kenarynda bar. Bu sebitlerde millionlarça ýyllaryň dowamynda palçykly depeler we köller bolupdyr. Wulkanyň palçygynyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bar. Bularyň bejeriji häsiýetleri şypahanalarda we kosmetologiýada, şeýle hem lukmançylykda deri, ýürek-damar, aşgazan, içege kesellerini bejermekde, reproduktiw ulgam bozulanda giňden ulanylýar. Wulkanyň palçygy zyýansyz bolup, onda makro we mikro faunanyň garyndylary ýokdur. Haýran galdyrýan bu ýerleriň kölleriniň wulkanyndan çykýan küli, şeýle hem onuň palçygy keselleriň öňüni almakda we bejermekde örän ýokary netije berýän serişdelerdir. Bular selçeň toprakly metallar bilen baýlaşdyrylandyr. Olaryň düzüminde seziý, berilliý, taliý, germaniý, indiý we topragyň gatlarynda seýrek gabat gelýän beýleki dagynyk elementler bar.


Soňky ýyllarda tutuş dünýäniň alymlary palçygyň elin görnüşleriniň bejeriji häsiýetleri babatda uly gyzyklanma bildirýär. ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň derman öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary örän köp sanly derman serişdeleriniň işlenip çykarylýandygyna garamazdan, tebigy palçygy häzirki döwürdäki lukmançylygyň tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, onuň bejeriji häsiýetlerini öwrenmek boýunça giňişleýin ylmy barlaglary geçirýärler.


Häzirki wagtda täze enjamlary we kämil usullary ornaşdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda farmasewtikanyň we parafarmasewtikanyň önümçiliginiň gerimi giňeldilýär hem-de ilaty ýerli çig maldan taýýarlanan ýokary hilli dermanlyk we goşmaça serişdeler bilen has dolulygyna üpjün etmek üçin bu önümçiligiň kuwwatlyklary artdyrylýar.


Zawodyň hile gözegçilik etmek bölümi çig malyň we taýýar önümiň himiki we mikrobiologiýa barlaglaryna amal etmekde zerur bolan barlaghanasy Ýewropanyň belli görnüşdäki elektron enjamlary bilen üpjün edilen. Bular PH-metr, wiskozimetr, densitimetr, agram ölçeýji ýokary takyklykly analitik terezi, elektron mikroskop we beýlekilerdir. Şularyň kömegi arkaly önümiň turşulygy, çyglylygy, akaganlygy we beýleki häsiýetnamalar barlanýar.


Edaranyň ady: «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy


Salgysy: 745100, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Jebel şäherçesi, Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy


Telefon belgisi: +993 (222) 9-66-12


Faks belgisi: +993 (222) 9-66-12


E-poçta salgysy: 


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 10


Ugur almak üçin bellik: Balkan welaýatynyň 6-njy dermanhanasynyň 3-nji şahamçasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner