Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bellidir. Şolaryň biri-de, ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 kilometr günortasynda, Merkezi Köpetdagy etekläp oturan Berzeňňidäki çeşmedir. Bu çeşmäniň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. Onuň umumy minerallaşmasy M-3,2 g/dm3, gyzgynlyk derejesi 36 °C, pH = 7,2. Guýynyň suw çykaryjylygy sekuntda 5 litre barabardyr. «Berzeňňi» mineral suwunyň düzümi şulardan ybarat: azot umumy gazyň 92%, kükürtli wodorod gazy 3,3-3,9 mg/dm3, sulfatlar, kalsiý, magniý – degişlilikde 83, 57, 28 ekw.%, az mukdarda mikrogoşundylar – ýod 0,2 mg/dm3, brom 1,1 mg/dm3, sink 10-15 mg/dm3, marganes 0,005 mg/dm3. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.


«Berzeňňi» mineral suwuny şu kesellerde ulanmak maslahat berilýär:


I. Iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleri:


1. Dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe;


2. Reflýuks-ezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda;


3. Aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda;


4. Ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde;


5. Içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýynda;


II. Endokrin keselleri:


1. Süýjüli diabet;


III. Urologiýa keselleri:


1. Dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejeleri;


2. Dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe.


Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Aşgabat şäherinde, Berzeňňide Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasyny gurmak meýilleşdirildi we onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda» 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. 


Kärhana ýylda 5,0 mln. çüýşe ýa-da sagatda 3500 çüýşe mineral suwy 250 ml we 500 ml göwrümlerde gazlandyrylan hem-de gazlandyrylmadyk görnüşlerde öndürmäge ukyplydyr.


Kärhana Italiýanyň «Korfil» kompaniýalarynyň öndüren önümçilik we kömekçi tehnologiki enjamlary, hil we mukdar barlag enjamalary bilen enjamlaşdyryldy. Kärhanada önümçilik işleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.


Kärhana suw taýýarlaýjy, önümçilik, hil barlagy we mikrobiologiýa bölümlerinden durýar.


Suw taýýarlaýjy bölüminde tebigy çeşmeden gelýän suw 10 tonna göwrümli gaba ýygnalýar we şol gapdan süzgüjiň üstünden geçirilip, düzüminde bar bolan daş we beýleki gaty jisimlerden arassalanýar. Soňra ýöriteleşdirilen enjamda suwuň düzüminden demir we marganes ionlary aýrylýar. Indiki tapgyrda suw aktiwleşdirilen kömrüň üstünden geçirilip, belli derejede ýumşadylýar we 5 tonna göwrümli gaba ýygnalýar. Soňra suw 2 sany örän ownuk – yzygiderlikde 10 mikron we 5 mikron ölçegli – süzgüçleriň üstünden geçirilýär we ultrafiolet çyrasynyň täsirine tutulýar. Doly derejede arassalanan suw önümçilik bölümine geçirilýär.


Önümçilik bölüminiň işi hemmetaraplaýyn ýokary derejede gurnalyp, Ýewropada kabul edilen talaplara laýyklykda meýilleşdirilendir. Bu ýerde arassalanan we 10°C çenli sowadylan suw uglerodyň ikili okisi ýa-da kömürturşy gazy (CO2) bilen 9 g/l derejede baýlaşdyrylýar. Bu iş Germaniýanyň «Waýskof» kompaniýasynyň öndüren enjamynda ýerine ýetirilýär.


Şol bir wagtyň özünde suw guýuljak çüýşeler ýöriteleşdirilen ulgama tertiplenip goýulýar we monobloga ugradylýar. Monoblokda çüýşeler bir wagt-da 16 sanydan ýuwulýar, guýmaga taýýar edilen suw bilen doldurylýar we gapaklanýar. Indiki tapgyrda olara ýöriteleşdirilen enjamda ýarlyklar ýelmenýär we degişli ýazgylar ýazylýar.


Soňra 500 ml göwrümli çüýşeler 6-dan, 250 ml göwrümli çüýşeler bolsa 12-den polietilen bilen gaplanýar we taýýar önüm ammara ugradylýar.


Hil barlagy we mikrobiologiýa bölüminde hil, mukdar we mikrobiologiýa barlaglaryny amala aşyrmak üçin gerekli enjamlaryň ählisi oturdylan. Olar Ýewropanyň ösen döwletlerinde öndürilen enjamlardyr.


Bölümde kärhanada arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär. Taýýar önümiň düzümindäki minerallaryň, kömürturşy gazynyň derejeleriniň talabalaýyklygy, pH görkezijisi barlanýar. Barlaglar Ýewropanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.


Kärhanamyzyň önümi mähriban halkymyzy taňrynyň nazary düşen türkmen topragynyň jana şypa beriji melhem suwy bilen üpjün eder. Bu suwuň köpugurly bejeriji häsiýetleri ony daşary ýurtlara-da eksport etmäge düýpli esasdyr.


Edaranyň ady: «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasy


Salgysy: 744036, Aşgabat şäheri, «Berzeňňi» köçesi, 3-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-97-47


Faks belgisi: +993 (12) 48-97-47


Web-saýt salgysy: berzennihealth.com.tm


E-poçta salgysy: 


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 16


Ugur almak üçin bellik: «Berzeňňi» şypahanasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner