Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

Arkadag şäheriniň Аrassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edarasy ak mermerli döwrebap 3 gatly täze binada ýerleşýär. Gullugyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmak bolup durýar. Onuň düzümi dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan dört sany uly bölümlerden ybarat bolup, onda birnäçe bölümçeler we barlaghanalar hereket edýär:


I. Standartlaşdyryş we metrologiýa üpjünçilik toparly maglumat-seljeriş bölümi;


II. Arassaçylyk-gigiýena bölümi;


III. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümi;


IV. Zyýansyzlandyryş bölümi.


Standartlaşdyryş we metrologiýa üpjünçilik toparly maglumat-seljeriş bölümi bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynda edilýän we geçirilýän işler barada maglumatlary ýygnaýar, seljerýär we netije çykarýar, zerur bolan teklipleri taýýarlaýar. Ilat arasynda sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, bölümde halkyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ýaly işlere gözegçilik alnyp barylýar.


Arassaçylyk-gigiýena bölümi ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik desgalaryň we beýleki obýektleriň sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine gözegçilik işlerini ýerine ýetirýär.


Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminde ýokanç we parazitar keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, derejesini peseltmek we ýok etmek boýunça epidemiýa garşy we keseliň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini gurnaýar we olaryň geçirilişine gözegçilik edýär. Arkadag şäheriniň çägine aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alyş işlerini alyp barýar.


Zyýansyzlandyryş bölüminiň esasy wezipesi edara-kärhanalar bilen şertnama esasynda, öňüni alyş we gaýragoýulmasyz dezinfeksiýa, deratizasiýa we dezinseksiýa işlerini ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Bölüm gerekli himiki serişdeleri, olardan ýasalýan himiki erginleri we aldawaçlary gorap saklamak üçin otag, garyp taýýarlamak üçin ýörite enjamlar, ölçemek üçin dürli görnüşli tereziler, pürküjiler, aldawaçlary salmak üçin jebis ýapylýan gaplar bilen üpjün edilen. Himiki serişdeler bilen iş alyp barýan işgärleriň howpsuz işlemekligi üçin olar şahsy gorag eşikleri we ýörite enjamlar bilen hem-de ýörite awtoulag bilen üpjün edilen.


Edaranyň ady: Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy


Salgysy: 745700, Arkadag şäheri, Mälikguly Berdimuhamedow şaýoly, 8-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 57-34-61


Faks belgisi: 


E-poçta salgysy:


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

Şenbe 09:00 – 13:00

Gatnaw ulaglary:

Elektrobuslar: 1, 2, 3


Ugur almak üçin bellik: Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner