Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň edarasy ak mermerli döwrebap 4 gatly täze binada ýerleşýär. Merkeziň işiniň baş maksady – Türkmenistanyň çäklerini aýratyn howply ýokanç we karantin kesellerinden gorap saklamak we öňüni almak bolup durýar. Onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan bäş sany bölüm hereket edýär:
– Barlaghana bölümi;
– Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, seljeriş we çaklama bölümi;
– Ylym we hünäri kämilleşdiriş okuw bölümi;
– Zoologiýa, parazitologiýa we haýwanlara ideg edýän bölümi;
– Mör-möjeklere, gemrijilere garşy zyýansyzlandyryş bölümi.
Merkeziň barlaghana bölüminde aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň döredijilerini klassyky bakteriologiki barlaglar bilen bir hatarda awtomatik usulda «Biomerieux» kompaniýasynyň «Vitek 2 compact 60» enjamlarynda anyklamaga mümkinçilik döredilen. Bu enjamlar kesel dörediji mikroorganizmleri identifisirlemegi we antibiotiklere duýujylygy kesgitlemeklige niýetlenilen bolup, hassalarda kesel döredijileri gysga wagtda anyklamaga, olara garşy ygtybarly antibiotikler bilen bejergi bermeklige mümkinçilik döredýär.
Merkeze barlaglar üçin gelýän nusgalary aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň döredijileri häzirki wagt PZR (Polimeraz - zynjyrly reaksiýa) we klassyky PZR usullary bilen gysga wagtda barlanylýar. Barlaglar diňe bir hil däl-de, eýsem mukdar taýdan hem anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu usullardan başga-da gel-elektrofarez usuly hem ulanylýar. Ulanylýan usullar dünýäde iň bir duýgur usullaryň biridir we aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň döredijilerini keseliň iň irki döwründe anyklamaga mümkinçilik berýär.
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, seljeriş we çaklama bölüminiň hünärmenleri Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde we onuň welaýatlardaky bölümlerinde, bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynda aýratyn howplyýokanç we karantin keselleriniň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada maglumatlary ýygnaýarlar, seljerýärler we netije çykarýarlar.
Merkeziň okuw kurslarynda bilimlerini kämilleşdirmeklige gatnaşýan zoologlaryň, weterinarlaryň we zyýansyzlandyryjylaryň öňünde aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça degişli nutuklar bilen çykyş edýärler.
Keseli bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça taýynlygyna berk gözegçilik edýärler. Bölümiň hünärmenleri hassahanalaryň işgärleriniň arasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça okuw sapaklaryny we düşündiriş işlerini geçirýärler.
Ylym we hünäri kämilleşdiriş okuw bölüminde bakteriologiki anyklaýyş işi bilen bilelikde, uly ylmy-barlag işi hem geçirilýär. Bölümiň esasy ylmy ugry: «Brusellýoz keseliniň mikrobiologiki, epidemiologiki we kliniki aýratynlyklary». Ylmy işgärler häzirki zaman ýokary duýgurly kämil enjamlary ulanyp, ýokanç keselleriň çeşmesini, geçiş ýollaryny, kesele duýgur makroorganizmi we keselleriň ýaýramagyna täsir edýän sebäpleri öwrenýärler.
Biologiki usullary ulanmak bilen, keselleriň epidemiologiki zynjyrynda ejiz ýerlerini, keseliň öňüni almak maksady bilen, olara täsir etmek üçin usullary anyklaýarlar. Barlaglaryň täze ugurlaryny amalda ornaşdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
Bölümiň işgärleri ýurdumyzyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bakteriologlaryny, zoologlaryny, zyýansyzlandyryjylaryny taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek işlerini ýörite gurnalan okuw kurslarynda yzygider alyp barýarlar.
Merkeziň mör-möjeklere, gemrijilere garşy zyýansyzlandyryş bölüminiň esasy wezipesi bolsa – meýdanlarda, oba ýerlerinde kesel ýaýradyjy gemrijilere we mör-möjeklere garşy öňüni alyş we gaýragoýulmasyz deratizasiýa we dezinseksiýa işlerini ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Mör-möjeklere, gemrijilere garşy zyýansyzlandyryş işi geçirýän bölümi gerekli himiki serişdeleri olardan ýasalýan himiki erginler we aldawaçlary gorap saklamak üçin otaglar, garyp taýýarlamak üçin ýörite enjamlar, ölçemek üçin dürli görnüşli tereziler, pürküjiler, aldawaçlary salmak üçin jebis ýapylýan gaplar bilen üpjün edilen. Himiki serişdeler bilen iş alyp barýan işgärleriň howpsuz işlemekligi üçin olar şahsy gorag eşikleri we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen.
Edaranyň ady: Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi
Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, O.Annaýew köçesi, 81-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 73-88-13
Faks belgisi: +993 (12) 73-86-08
E-poçta salgysy: ahykoam2021@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 11, 17, 53
Ugur almak üçin bellik: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta