Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi

Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 17-nji iýulyndaky “Täze saglygy goraýyş merkezlerini işe girizmek hakynda 14905 belgili kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 21-däki “Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Tejribe-önümçilik we Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezleriniň meseleleri hakynda” çykaran 194 belgili buýrugy bilen Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Tejribe-önümçilik merkeziniň hukuk oruntutary hökmünde onuň binýadynda býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygynda işleýän Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi edara görnüşli tarap hökmünde döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda işe girizildi.


Merkeziň alyp barýan işleri. Merkez häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan netijelerinden başarnykly peýdalanyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin ylmy-barlag, amaly-usulyýet, maglumat seljeriş we barlaghana ulgamy hem-de sanjym we immunobiologiki serişdeleri saklamak we paýlamak boýunça merkezi edara hökmünde halkymyza hyzmat edýär.


Bölümleri we bölümçeleri. Merkezde iýmit önümleriniň barlagy bölüminiň düzümine girýän iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alyş we bazarlardaky barlaghanalara gözegçilik bölümçeleri, iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy, iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy we iýmit önümleriniň molekulýar-genetiki we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçelerinden ybarat bolan, ýöriteleşdirilen iýmit barlaghanalary, şeýle-de, daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullary arkaly barlagy, radiasion gigiýena barlaghana, toksikologiýa barlaghana, bakteriologiýa barlaghana, referens barlaghanaly wirusologiýa, referens barlaghanaly parazitologiýa we aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek barlaghana bölümleriniň barlaghanalary, düzüminde sanjym we immunobiologiki serişdeleri saklaýan ammary bolan keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölümi, marketing we üpjünçilik bölümi hem-de maglumatlar we seljeriş we ylmy bölümlerinden ybaratdyr.


Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine 2019-njy ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan dümew boýunça Milli merkez derejesi berildi we barlaghana barlaglarynyň yzygiderli gözegçiligi netijesinde häzirki wagtda bu derejäniň saklanmagy dowam edýär.


Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň düzümindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap derejede sanjym we beýleki immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen ammar Türkmenistanda keselleriň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli kämilleşdirilmegini şertlendirýär.


Geçirýän ylmy-barlag işleriniň aýratynlyklary. Iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy bölümçesinde häzirki zaman enjamlary bilen ornaşdyrylyp, döwletimizde ösdürilip ýetişdirilýän ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümlerinde we azyklyk çig mallarynda döwrebap täze usullar bilen hil we howpsuzlyk görkezijileriniň organoleptiki, fiziki-himiki, toksikologiki we radiologiki barlaglary geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýardam bermeginde FEEDCities taslamasynyň çäklerinde iýmit önümleriniň düzüminde trans ýaglary we duzlary anyklamak boýunça barlaghana barlaglary amala aşyrylýar. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermeniniň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda suwuklykly hromotografiýa usuly arkaly iýmit önümleriniň düzüminde antibiotikleriň tetrasiklin toparynyň galyndy mukdaryny anyklamak usuly ýola goýuldy.


Iýmit önümleriniň bakteriologiki barlagy bölümçesiniň barlaghanasynda iýmit önümleriň düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleri kesgitlemekde (mezofil aerob we fakultatiw anaerob mikroorganizmleriniň koloniýa emele getiriji birlikleriniň sany, içege taýajygy bakteriýasynyň topary, stafilokokk aureus, salmonellalar, hamyrmaýa we heň kömelekleri, listeriýa monositogenez, bacillus cereus, klostridiýalar) ýörite enjamlar arkaly barlaglar alnyp barylýar.


Iýmit önümleriniň molekulýar-genetiki we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçesiniň barlaghanasynda iýmit önümlerde immunoferment usullary arkaly ýörite enjamlaryň kömegi bilen genetiki taýdan modifisirlenen organizmleri, şol sanda polimeraz zynjyrly reaksiýa usuly arkaly et we et önümlerinde etiň gelip çykyşyny kesgitlemek boýunça doly mümkinçilikler bar.


Iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alyş bölümçesinde Türkmenistanda öndürilýän iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň täze görnüşlerini, şeýle hem Türkmenistana getirilýän iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alynýar.


Bazarlardaky barlaghanalara gözegçilik bölümçesi tarapyndan ýurdumyzyň çäginde ýerleşen bazarlardaky iýmit-arassaçylyk barlaghanalarynyň işini utgaşdyrmak, sazlaşdyrmak, olara gözegçilik etmek we şol sanda ýokary we orta hünärli işgärleriň arasynda amaly-usuly okuw sapaklaryny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.


Toksikologiýa barlaghana bölüminde iýmit önümleri bilen galtaşýan polimerden, kagyzdan, aýnadan, metaldan, keramikadan, agaçdan, rezinden hem-de durmuş-hojalyk, gigiýeniki-kosmetiki we porfimeriýa materiallardan, şeýle hem durmuşda ulanylýan, şol sanda adam bedeni bilen galtaşýan materiallarda we serişdelerde, çaga oýnawaçlarynda, çaga we ulularyň egin-eşiklerinde, aýakgaplarynda, gap-gaçlarda, tekstil önümlerinde agyr metallaryň duzlary, izotoplary we dürli görnüşli zäherli maddalaryň mukdary kesgitlenilýär. Temmäkiniň düzüminde tozanyň agram paýy, çilim çekiji enjamyň kömegi bilen esasy howpsuzlyk görkezijileri bolan nikotiniň, uglerodyň monooksidiniň we şepbeşigiň mukdary anyklanylýar.


Daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullary arkaly barlagy bölüminiň barlaghanasynda daşky gurşawda agyz we lagym suwlarynyň, howanyň, iş ýerleriň howasynyň düzümi, ýaşaýyş, jemgyýetçilik we önümçilik jaýlaryň howasynyň temperaturasy, çyglylygy, basyşy, elektromagnit meýdanynyň derejesi, güwwüldi, sandyrama, howanyň hereket tizligi, atmosfera howasynyň düzümindäki tozan bölejikleriň ölçegini has kämil spektrofotometriýa, titrometriýa, usullaryndan peýdalanyp geçirilýär.


Radiasion gigiýena barlaghana bölümi ilatly nokatlarda, açyk ýerlerde howanyň, agyz suwunyň, topragyň, gurluşyk we durmuş harytlarynyň, rentgen enjamlarynyň, dozimetriýa, radiohimiýa barlaglaryny amala aşyrýar we  atmosfera howasynyň düzümindäki, toprakdaky, şypahanalaryň melhemlik palçygyndaky, deňziň suwundaky Radon222 kesgitleýär. Daşky gurşawyň howasynyň düzümindäki gamma şöhlelenmesiniň ekspozisiýa möçberiniň kuwwatyny kesgitlemekde ýokary duýujylykly gamma detektorly enjamlary, ýapyk ionlaşdyryjy şöhle saçma derejesini hem-de tebigy radiasiýa fonuny aýratyn hasaplaýan abzallar ulanylýar.


Aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek barlaghana bölüminde arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiliginiň çäklerinde biohowpsuzlygyň II-III derejelerine degişli bolan ýokanç keselleriň döredijileri bilen bagly mikrobiologiki barlaglary geçirilýär, şol sanda bölümde brusellýoz diagnostikumyny öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.


Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi ýurdumyzda wirusologiýa ugry boýunça merkezi referens barlaghana bolup, dümew we ýiti respirator kesellerini, COVID-19, gepatitleri, gyzamyk, gyzylja we dürli görnüşli wirus kesellerini anyklamakda immunoferment, polimeraz yzygiderli reaksiýasy, wiruslaryň kultiwirlenme we DNK-nyň täze nesil sekwenirlenme usullary bilen awtomatlaşdyrylan enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu barlaglar wirus keselleriniň döredijileriniň genetiki yzygiderligini anyklamak bilen, wiruslaryň haýsy ýurtda gelip çykanyny, bejergiden soňra kesel döredijä haýsy derman serişdesiniň täsirine durnuklydygyny irki döwürde we gysga wagtda takyk usullar bilen anyklamaga mümkinçilik berýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda dümew wirusyny sekwenirlemek ugry boýunça ýurdumyzda dümew wirusyny (genomyndaky ähli genleriň yzygiderliligini kesgitlemek) doly genomly sekwenirlemek barada  “Oxford Nanopore” enjamynda sekwenirlemek usuly boýunça 2024-nji ýylyň dekabr aýynda hünärmenler üçin okuw maslahaty geçirildi.


Bakteriologiýa barlaghana bölüminde garyn-içege, howa-damja ýollary arkaly geçýän kesellere bakteriologiki we serologiki barlaglar ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Kesel dörediji mikroorganizmleri identifikasiýalaşdyrmak hem-de olaryň antibiotik serişdelerine, duýujylygyna we durnuklylygyna we daşky gurşawyň faktorlaryna, derman, zyýansyzlandyryjy serişdelerine bakteriologiki barlaglary geçirilýär. Bölüm mikroblara garşy dermanlara durnuklylygyň döremeginiň barlaglaryny amala aşyrýan Milli referens barlaghanasy hasaplanyp, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ýurt boýunça mikroblara garşy dermanlara duýujylygynyň barlaglary baradaky maglumatlary jemlenilýär we Merkezi Aziýada we Ýewropada mikroblara garşy dermanlara durnuklylyga epidemiologiki gözegçilik merkezine (CAESAR) ugradylýar. Poliomiýelit keselini dörediji ýabany poliowirusyň ýurdumyzda ýok edilendigi barada derejäniň saklanýandygyny tassyklamak we epidemiologiki taýdan gözegçilik etmek maksady bilen, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryny doly berjaý edip, ýurt boýunça ýiti gowşak ysmaz sindromly (0-14 ýaşly çagalar) näsaglardan alnan nusgalyklary Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Poliomiýelit institutyna yzygiderli ugradylýar.


Referens barlaghanaly parazitologiýa bölüminde mikroskopiýa, immunoferment barlaglary arkaly gyzzyrma, leýşmanioz kesellerini dörediji ýönekeýjeler we askarida, ehinokokk, trihinella, opistorhi, toksokara gelmintleri anyklanylýar, kesel geçiriji mör-möjekleriň görnüşleri we kesel geçirijilik häsiýetleri öwrenilýär. Ýurdumyza tropiki keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen işler geçirilýär, endemiki ýurtlara gidýänlere keseliň öňüni al maslahatlary berilýär.


Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminde arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklaryndan keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişi we zyýansyzlandyryş işleri baradaky maglumatlary we hasabatlary elektron usulynda kabul edilýär we seljerilýär. Ammarda ýöriteleşdirilen sowadyjy we doňduryjy otaglar, gury ammar bolup, waksinalary saklamak we daşamak üçin ähli şertler döredilip, ýörite niýetlenen ýük awtoulagy bar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talap edýän “sowuklyk zynjyry” berjaý etmek bilen waksinalaryň saklanyş düzgünlerine kompýuter arkaly gije-gündizleýin gözegçilik edilýär.


Maglumatlar we seljeriş bölümi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna degişli edaralardan gelýän aýlyk we ýyllyk hasabatlary jemlenilýär we seljerme edilýär, taýýarlanan hasabatlara yzygiderli gözegçilik geçirilip, seljerme maglumatlary toplanyp, zerur bolan teklipleri taýýarlanylýar.


Ylmy bölümi arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek ugry boýunça barlaghanalaryň binýadynda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini guramak maksady bilen, “Daşoguz welaýatynyň çäginde öndürilýän gök önümleriň düzüminde agyr metallaryň mukdaryny öwrenmek” atly ylmy-barlag işi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit gigiýenasy hem-de Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedralary bilen bilelikde alnyp barylýar. Sanitariýa-epidemiologiýa we gigiýena kadalaryny, ylmy taýdan esaslandyrylan arassaçylyk-gigiýena talaplaryny, ýurdumyzda duş gelýän ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamak, gigiýena we epidemiologiýa ugry boýunça işleri kämilleşdirmek wezipeleri ýerine ýetirilýär.


2024-nji ýylda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu barlaghana synag hyzmatlaryň Hil menejmentiniň ulgamynyň TDS ISO 9001 bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, müşderileriň talaplaryny ödemäge hem-de özüniň hile ygrarlygyny görkezmäge ýardam edýär. Şeýle hem, edarada işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny we hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär.


Merkeziň okuw otaglarynda häzirkizaman döwrebap usullar we innowasion tilsimatlar boýunça okuw maslahatlaryň we seminarlarynyň geçirilmeginiň netijesinde, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we lukmançylyk mekdepleriniň talyplarynyň bilim derejelerini we tejribelerini artdyrmak, hünär kämilligini geçirmek işleri amala aşyrylýar.


Ýurdumyzda ilat arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde alnyp barylýan giň gerimli işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär.


Edaranyň ady: Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi


Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 84-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 36-90-67, +993 (12) 36-90-97


Faks belgisi: +993 (12) 36-90-03


E-poçta salgysy: jsim@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 6, 13, 15, 21, 23, 30, 40, 42, 44, 45, 46, 49, 50, 56, 59, 61, 63, 66, 74, 80, 90, 94, 110, 113


Ugur almak üçin bellik: Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi


​Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner