Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Elleri ýuwmak we arassa saklamak – saglygyň gözbaşy

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar, mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri gowy edip, sabyn bilen gowy ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna: ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. 


Eller ýuwlanda olaryň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, azyndan 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra süpürip guratmaly. 


Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir. 


Arassa eller — saglygyň girewidir. Ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Saglygymyzy bilelikde goralyň!


Her ýylyň 5-nji maýy — Bütindünýä el arrasaçylygy güni diýlip bellenilýär.

banner
banner
banner