Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
22 Awgust 2025

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer N.Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.



Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşar.


banner
banner
banner