“Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen “Ylgaw” boýunça sport ýaryşy geçirildi.
Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda tassyklan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatlaryň degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylda geçiriljek medeni, sport çäreleriniň we bäsleşikleriniň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen “Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen 2026-njy ýylyň 19-njy aprelinde “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde gurnalan ylgaw boýunça sport ýaryşy geçirildi.
Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi:
100 metr oglanlaryň arasynda: I orun – Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebi
II orun –Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
ýöriteleşdirilen bank mekdebi
III orun –Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebi
100 metr gyzlaryň arasynda: I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw
mekdebi
II orun –Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag
şäher lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebi
III orun -Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebi
2000 metr oglanlaryň arasynda I orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebi
II orun -Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag
şäher lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebi
III orun- Politehniki orta hünär okuw mekdebi
1000 metr gyzlaryň arasynda I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw
mekdebi
II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag
şäher lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebi
III orun –Politehniki orta hünär okuw mekdebi
Toparlar boýunça: I orun - Aşgabat energetika orta hünär okuw
mekdebi
II orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebi
III orun -Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag
şäher lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebi
Ýeňijiler Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.


