Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Tedros Adan: «COVID-19 bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý tamamlandy»
10 Maý 2023

Tedros Adan: «COVID-19 bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý tamamlandy»

COVID-19 bilen baglanyşykly bütin dünýäde 2020-nji ýyldan bäri dowam edýän adatdan daşary ýagdaý ýatyrylýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adan Gebreýesus habar berdi.


— Men uly umyt bilen COVID-19-yň adatdan daşary ýagdaý hökmünde tamamlanandygyny habar berýärin.


Bu sözleri aýtmak bilen Gebreýesus BSGG-niň hünärmenleriniň maslahatlary bilen razylaşýandygyny aýan etdi.


— Düýn adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitet özüniň 15-nji duşuşygyny geçirdi we maňa jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara jemgyýetçiliginde biynjalyklyk döredýän adatdan daşary ýagdaýy tamamlamak bilen baglanyşykly maslahat berdiler. Men bu maslahat bilen razylaşdym — diýip, Gebreýesus pikirlerini paýlaşdy.


Şol bir wagtyň özünde BSGG bu ýagdaý bilen baglanyşykly meselelerde hüşgärligi elden bermeli däldigini belläp geçdi.

banner
banner
banner