Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Ýurdumyzyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň  okuw-usuly seminary geçirildi
28 Ýanwar 2026

Ýurdumyzyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň okuw-usuly seminary geçirildi

 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek we öňdebaryjy okuw jaýlary bilen tejribe alyşmak babatda uly işler amala aşyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly  at - myradyň  mekany”  ýylynyň ilkinji günlerinde, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň SG we DS ministrligiň  görkezmesi boýunça, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýatlarynyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahaty geçirildi.


    Gahryman Arkadagly Serdar  Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta hünär bilim edaralarynda döwrebap bilimli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak  bilen  ýurdumyzyň  orta hünär  okuw mekdepleriniň daşary ýurt döwletleriniň orta hünär  okuw mekdepleri  bilen  hyzmatdaşlyk etmek  tejribesi, I.Gandi adyndaky Aşgabat  lukmançylyk orta okuw  mekdebi  bilen Northwest kollejiniň (ABŞ) arasynda  özara düşünişmek hakynda  Ähtnamanyň wezipelerini ýerine  ýetirmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň mugallymlaryny onlaýn maslahatlaryna gatnaşdyrmak barada maslahatlaşyldy.

                                                                                                                         

       “Saglyk” döwlet maksatnamanyň wezipelerini ýerine ýetirmek babatda, idege mätäç adamlara hyzmat etmekde “Umumy ideg işi” hünäri boýunça lukmançylyk orta  okuw  mekdeplerinde başlangyç hünär  bilimli   “Kiçi  şepagat  uýalaryny” taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada Balkan lukmançylyk  mekdebiniň  mugallymy içgin gürrüň berdi, toplan  tejribesi bilen paýlaşdy we bu hünärmenlere zerurlygyň bardygyny belledi.


       Ýewropa  Bileleşiginiň  Ýewropa  Bilim  gaznasynyň  DARÝA taslamasynyň  çäginde, SCAFFOLD  usulyýetini  ulanmak arkaly okatmak  boýunça I.Gandi adyndaky Aşgabat  lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň “trener” sertifikatly mugallymlary prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de gün tertibinde: mugallymlaryň  ýerine  ýetirýän   işleriniň  reýting bahalandyrmasyna goşmaça  teklipleri  bermek; lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary we okuw gollanmalary  taýýarlamak; “Şepagatçylyk işi” dersini  okatmakda  imitasion usulynyň we  situasion meseleleriň ulanylyşyny görkezmek; talyplaryň önümçilik we diplomdan öňki tejribeligini guramak, we dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada meselelere seredildi we degişli teklipler hödürlenildi.


Çeşme:Saglyk
banner
banner
banner