Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi
Halkara Fiziologiýa ylmy – kliniki merkezi öz taryhy ýoluny 1893-nji ýyldan bäri alyp gaýdýar. Şol döwürde häzirki zaman döwrebap merkeziň duran ýerinde soňky ýyllarda Demirýol hassahamasy diýip atlandyryljak, Demirýol ambulatoriýasy ýerleşýärdi. Ylmy – barlag işlerini Halkara Fiziologiýa ylmy – kliniki merkezi 1962-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-den Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ülke medisina instituty döredilip açylandan bäri alyp barýar. Ilkibaşdan institutyň ylmy-barlag işlerinde ýurdumyzyň gurak tebigy-howa şertleriniň ýokary gyzgynlygynyň adam bedenine edýän daşky gurşawyň ýokary temperaturasy bilen baglanyşykly psihofiziologik täsiri, çendenaşa täsir ediji sebäpleriň stres ýagdaýy, bedeniň ýylylyk sazlanyşygynyň üýtgemeleri bilen baglanyşykly mahsus täsirler öwrenildi. Muňa mysal edip, nazary düzgünleri barlamak maksady bilen 1984-nji ýylda Garagum çölüniň içinden pyýada geçilen “Adam we çöl” atly pudagara ekspedisiýasyny getirmek bolar. Ülke medisina institutynyň döredilmegi fiziologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşandygyna garamazdan, fiziologiýa ylmy Ata - Watanymyz Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazananyndan we ähli saglygygoraýyş pudaklarynda essasy ugurgörkeziji bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenden soň täze bat bilen has-da giňeşleýin özgerendigine göz ýetirip bileris. Fiziologiýa institutynyň geçen asyryň 90 –nji ýyllarda ýyllarda döredilen maddy-tehniki, ylmy we işgärler güýji, adamlaryň we haýwanlaryň bedenine Arid zolagynyň şertleriniň toplumlaýyn täsiriniň mehanizmlerini kesgitlemek bilen, daşky gurşawyň amatsyz şertleriniň täsirini azaltmak usullaryny işläp düzmekde öňde goýlan meseleleri amala aşyrmaga ýardam berdi.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň 1998-nji ýylyň 13-nji martyndaky №61 belgili buýrugy esasynda Demirýol hassahanasy Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Fiziologiýa instituty bilen birikdirilip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli Merkezi hassahanasy döredildi.
Bu ylmy lukmançylygynyň ösmegi üçin möhüm tapgyrda bolup geçen Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň gurluşynyň üýtgemegi arid zolakda adamyň kesellerini anyklamak, olaryň öňüni almak we bejermek boýunça ylmy-barlaglary geçirmek, ylmy işleriň netijelerini amaly lukmançylyga hem-de önümçilige ornaşdyrmak ýaly meseleleri ýüze çykardy. Bu döwürde Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň geçirilýan ylmy barlaglaryhyň ugurlary: daşky gurşawyň täsirinde kesellemezden öň bedende döreýän üýtgemeleri fiziologiýa-kliniki tarapyndan öwrenmek we alnan netijeleriň esasynda kesellemek howpuny peseldýän, onuň öňüni alýan çäreleri hödürlemek; adamyň saglygyny näsaglamazdan öň, işjeňligini bolsa zähmet çekýän döwründen çaklamak boýunça, şeýle hem hünär keselleriniň öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlaglary geçirmek; ýerli ösümlikleriň melhemlik häsiýetini we bedeniň fiziologik ulgamlaryna edýän täsirini öwrenmek boldy.
Ylmy-kliniki binýatly Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň alymlary ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeldip Türkmenistanyň şertlerinde patologik ýagdaýlaryň geçiş aýratynlyklaryny we tebigy-klimatyň, ekologiýanyň täsirini öwrenip başladylar. Alym – fiziologlaryň öňünde daşky gurşawyň täsirinden kesellemezden öň bedende döreýän üýtgeşmeleri öwrenmek, alnan netijeleriň esasynda keseliň öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly keseliň döremek howpuny peseldýän täze usullary hem-de ýerli derman ösümliklerinden täze derman serişdelerini taýýarlamak we olaryň netijelerini amaly lukmançylyga ornaşdyrmak mümkinçiligi döredi.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleri laýyklykda Fiziologiýa ylmy – kliniki merkezli hassahanada fiziologiýa ylmynyň dürli ugurlary boýunça ýerli howa şertlerinde adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek barada birnäçe ylmy – barlag işler ýerine ýetirildi. Ylmy merkezde dermanlyk otlardan, miwelerden alnan melhemleriň dermanlyk täsiri we bejeriş häsiýetlerini anyklamak boýunça ylmy-barlag işleriniň ençemesi ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösýän çupar, alkar we keýik oty ýaly dermanlyk ösümlikleriň himiki derňewi geçirildi we keýik otunyň düzüminde kumarinler, flawonoidler, çuparda-kumarinler, polisaharidler hem-de çylşyrymly efirler, alkardaflawonoidler hem-de efirler ýüze çykaryldy. Sanalyp geçilen dermanlyk otlaryň bedeniň ýylylyk durnuklylygyny ýokary galdyryjy, ýüregiň işini sazlaşdyryjy, gan basyşy pese düşüriji, şeýle hem ýüregiň ýiti infarktynda bedeniň antioksidant goragyny we garşylyk görkezijiligini güýçlendiriji täsirleri anyklanyldy. Ilkinji gezek biziň milli buýsanjymyz bolan gawun önümleriniň, ýagny şiresiniň we çigidinden alnan ýagyň bedene edýän fiziologik we farmakologik täsirleri öwrenildi. Tejribe usulda geçirilen barlaglarda gawunyň çigit ýagynyň ganda holesteriniň mukdaryny peseldiji we ýokary antioksidant täsiriň bardygy ýüze çykaryldy. Gawunyň çigit ýagynyň emeli döredilen kesik we ýanyk ýaralaryň nusgasynda güýçli ýara bitiriş ukybynyň barlygy anyklandy we onuň täsiri boýunça lukmançylykda giňden ulanylýan oblepiha ýagynyň täsirine barabardygy görkezildi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde gawunyň şiresiniň we ýagynyň ýokary iýmitlik we melhemlik täsiriniň barlygy ylmy esasda subut edildi.
Türkmenistanyň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri adam saglygyny goramakdyr. Gahryman Arkadagly Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň saglygy barada yzygiderli ýadawsyz alada edýändiklerini, Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyna başlamak barada 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda 2464 belgili Karara gol çekmeginden we bu Kararyň üstünlikli ýerine ýetirlmegi bilen 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-na Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ilatymyzyň saglygyny goramak maksady bilen ulanylmaga berilmeginden hem görüp bolýar.
Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň köp gatly binalary paýtagtyň merkezinde ýerleşip, onuň düzümini ylmy barlaghanalar, ylmy-kliniki bölümler, wiwariý, bionusgalaryň arhiwi, kliniki-anyklaýyş barlaghanasy, kömekçi bölümler düzýärler.
Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri:
– allergologiýa we immunologiýa ylmy-kliniki bölümi;
– rewmokardiologiýa ylmy-kliniki bölümi;
– pulmonologiýa ylmy-kliniki bölümi;
– öýkeniň obstruktiw keselleri we astma ylmy-kliniki bölümi;
– umumy hirurgiýa bölümi
– endokrin hirurgiýa bölümi;
– çagalaryň endokrinologiýasy ylmy-kliniki bölümi;
– metaboliki keselleriň öňüni almak ylmy-kliniki bölümi;
– gerontologiýa ylmy-kliniki bölümi;
– az inwaziw hirurgiýa bölüm;
– anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi.
Goşmaça bölümler:
– kabul ediş bölümi (Gaýragoýulmasyz tiz kömek, «Shock-room» otagy bilen);
– maslahat beriş we anyklaýyş bölümi;
– şöhle bilen anyklaýyş bölümi;
– endoskopiýa bölümi;
– merkezi kliniki barlaghana;
– fiziobejergi we bejeriş bedenterbiýe bölümi;
– operasiýa bölümi (6 sany operasiýa otagly);
– giperbariki oksigenasiýa bölümi;
– gematransfuziýa otagy.
Merkezde alnyp barylýan ylmy işleriň seljermesini we monitoringini geçirmek üçin maglumatlaryň elektron gory, ýörite programma bilen üpjün edilen elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylan. Ylmy-kliniki bölümleriň, barlaghanalaryň we anyklaýyş bölümleriniň bir ýerde hem-de golaý ýerleşmegi Merkeziň öňünde goýlan wezipelerini üstünlikli amal edip, öz wagtynda we guramaçylykly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Meýilleşdirilen ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek üçin Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dünýä belli ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen. Merkez ýurdumyz boýunca Arid zolagynyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup, sebitde köp duş gelýän ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, Türkmenistanyň şertlerinde patologik ýagdaýlaryň geçiş aýratynlyklaryny we tebigy-klimatyň, ekologiýanyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirlerini öwrenmek boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana derňew işleri alnyp barylýar. Merkezde ylmy-barlag işleri kliniki, eksperimental we dürli zähmet şertlerinde 7 ylmy barlaghanada, ýagny: ekologik fiziologiýa, gan aýlanyş fiziologiýa, ýylylyk sazlanyşygy, suw-duz çalşygy we böwrekleriň işjeňligi, immunologiýa, allergologiýa we dem alyş fiziologiýa, saglygy çaklaýyş we zähmet fiziologiýa, iýmit fiziologiýa we metabolizm barlaghanalarynda amala aşyrylýar. Ähli ylmy-barlag işleri daşary ýurtly hünärmenler bilen ýakyn aragatnaşykda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Halakara Fiziologiýa ylmy – kliniki merkeziniň hyzmatdaşlaryň arasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Şarite Uniwersitet hassahanasynyň Fiziologiýa institutynyň-kosmiki medisina we ekstremal gurşaw merkezi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Göttingen Uniwersitet hassahanasy, Russiýa Federasiýanyň Ylymlar akademiýasynyň I.M.Seçenow adyndaky Ewolýusion fiziologiýa we biohimiýa instituty, Iýmitiň biotehnologiýasynyň we howpsuzlygynyň merkezi, Russiýa Federasiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Terapiýa we öňüni alyş lukmançylygy Milli saglygy goraýyş ylmy merkezi, Awstriýa döwletiniň Wena şäherindäki Lukmançylyk uniwersiteti, Türkiýe Respublikasynyň Koç Uniwersiteti. Meýilleşdirilýän ylmy – barlag işler häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp soraglara bagyşlanan. Olaryň arasynda zähmetiň dürli görnüşlerinde fertil ýaşdaky zenanlaryň kardiorespirator ulgamynyň funksional ýagdaýyny öwrenmek; iýmitlenme ýagdaýynyň bedeniň artykmaç agramyň we semizligiň döreme töwekgelçiligine täsiri we onuň ylmy-esaslandyrylan korreksiýa çäreleriniň işlenip düzülmegi; ýerli howa şertleriniň täsirinde adam bedeninde bolup geçýän üýtgemelere, suw-duz çalşygyna we böwrekleriň işjeňligine täsir ediş mehanizmlerine baha bermek; kardiometaboliki näsaglarda bedeniniň funksional ýagdaýynyň skriningi agzap geçip bolýar.
Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýakyn günlerde Halkara zenanlar güni mynasybetli lukman aýal – gyzlary dabaraly ýagdaýda gutlamak bilen ýygnak, gündelik durmuşymyzda sportuň we fiziki işjeňliginiň orny barada wagyz – nesihat, artifisial ýol arkaly geçýän ýokançlaryň öňüni alyş çäreler boýunça hünärmenler bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiz Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri ähli saglygy goraýyş hünärmenleri bilen bilelikde düýpli ylmy we amaly barlaglarda toplanan ähli usulyýet tejribelerine esaslanyp ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hem-de bejermegiň, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň oňaýly ýollaryny işläp düzmek üçin fiziologiýa ugry boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekde ähli güýç-gaýratyny aýaman zähmet çekerler. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan raýatlaryň saglygyny goramak boýunça iň möhüm ylmy-barlag meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak, Ata - Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine Türkmenistanyň fiziologlary öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny dowam ederler.
Edaranyň ady: Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi
Salgysy: 744005, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 60-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 40-03-53
Faks belgisi:
E-poçta salgysy: fykmh@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 17, 28, 36, 39, 66, 76, 77, 128
Ugur almak üçin bellik: Aşgabat şäher 12-nji orta mekdebi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta