Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkezi
Halkara iç keselleri merkezi (HIKM) köpugurly lukmançylyk merkezi bolup, näsaglara döwrebap barlaglar we bejergiler geçirilýär. Merkezde anyklaýyş-maslahat beriş, reabilitasiýa, proktologiýa, urologiýa, terapiýa, nefrologiýa, gemodializ, intensiw bejeriş bölümi, kliniki-biohimiki laboratoriýa we fizioterapiýa bölümleri bar.
Merkeziň keseli anyklaýyş-maslahat beriş bölümi binanyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Bölümde ýüz tutan näsaglara urolog, nefrolog, terapewt, kardiolog, newropatolog, endokrinolog, ginekolog, proktolog, hirurg lukmanlary näsaglara giňişleýin maslahatlary berýärler. Bölümde Ýaponiýanyň öňdebaryjy “Toshiba” kompaniýasynyň Aplio a450 ultrases enjamlary, Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň Accuson 300 PE ehokardiograf enjamy, Italiýanyň “Cardioline” elektrokardiograf enjamy, Ýaponiýanyň “Fujifilm kompaniýasynyň bronhoskop, ezofagogastroduodenoskop, kolonoskop enjamlary keselleri anyklamakda uly ähmiýete eýedir.
Halkara iç keselleri merkezinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary “Karl stors”, “Dornier”, “Boston Scientific”, “Medtronic”, “Covidien”, “Ethicon”, “Siemens”, “Olimpus” ýaly iň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan urologiýa bölümi näsaglara hyzmat edýär. Bölümde böwrek, peşew çykaryş ýollaryna, erkek adamlaryň jyns agzalaryna degişli bolan ähli kesellere konserwatiw, endoskopiki, laparoskopiki we açyk operasiyalaryň üsti bilen ýokary derejede barlag we bejeriş usullary geçirilýär.
Urologiýa bölüminde operasiýalar esasan 4 ugur boýunça endoskopiki, laparoskopiki, distansion we açyk usulda operasiýalar ýerine ýetirilýär.
Häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri näsaglara az şikesli usullar bilen bejeriş we anyklaýyş işlerini geçirmek bolup durýar. Şol edilýän talaplara laýyklykda bölümde ýokary derejeli enjamlaryň kömegi bilen peşew daş keseliniň dürli görnüşleriniň endoskopiki we perkutan usullary bilen bejerişi üstünlikli geçirilýär. Böwrekleriň uly göwrümli korall we köp sanly daşlaryny bejermekde perkutan nefrolitotripsiýa usuly ýokary netijeli ýerine ýetirilýär.
Peşewakarlaryň ýokarky böleklerini dykýan dürli ululykdaky daşlarda mini perkutan nefrolitotripsiýa usuly giňden ulanylýar. Peşew ýollarynyň näsazlyklary, orta we aşak bölekleriniň daşlary bolan näsaglara endoskopiki ureterolitotripsiýa usuly giňden we netijeli ulanylýar. Peşew haltadaky daşlary aýyrmakda transuretral sistolitotripsiýa amaly netijeli geçirilýär. Bölümiň litotripsiýa otagynda Germaniýa döwletiniň “Siemens” kompaniýasynyň “Litostar Wariostar” enjamy arkaly böwrekdäki we peşew ýollaryndaky daşlary gowy netijeler bilen aralykdan owratmak we daşlaryň peşew çykaryş ýollary bilen çykmagyny gazanmak ýola goýuldy. Mundan başgada köp duş gelýän peşew ýollarynyň inçelme keselinde endoskopki retrograd we antegrad ureteropiýelotomiýa operasiýalary üstünlilkli geçirilýär. Erkek adamlarda duş gelýän prostata mäziniň adenomasyny bejermekde dünýäde iň döwrebap usullaryň biri bolan TUR adenomektomiýa, transuretral lazerli we bipolýar enukleasiýa operasiýalary ýerine ýetirilýär. Böwrekleriň solitar kistalaryny aýyrmakda laparoskopiki kistektomiýa operasiýalary ýola goýuldy. Aýal maşgalalaryň peşew saklamazlyk kesellerinde peşew ýollaryny berkitmek operasiýalary hem geçirilýär.
Merkeziň proktologiýa bölüminde proktologiki we umumy hirurgiki keselleri bejermekde innowasion bejergileriň ähmiýeti örän uludyr. Olara “Longo” usuly boýunça gemorroidopeksiýa operasiýasy, “Ultracision harmonic” skalpeliniň kömegi bilen Gabriýel-I, Gabriýel-II, lateral internal sfinkterotomiýa, dowamly epitelioid türre ýollaryny kesip aýyrmak, sfinkterolewateroplastika, Tirişiň usuly boýunça operasiýalar ýerine ýetirilýär. Mundan başgada umumy hirurgiki keselli näsaglarda laparoskopiki usul bilen holesistektomiya, ehinokokkektomiya, appendektomiýa, gasyk we wentral ingilerde operasiýalar ýerine ýetirilýär.
Merkeziň terapiýa bölümi esasan aşgazan-içege ýollarynyň, dem alyş ulgamynyň we ýürek-damar keselleri bolan näsaglara bejergi bermek üçin niýetlenendir. Näsaglara ýokary hilde we ýatymlaýyn bejergi möhletini gysgaltmak üçin ambulator ýagdaýda doly barlaglar geçirilýär, we inçe hünärmenler tarapyndan seredilýär. Näsaglara endoskopiki, rentgenologiki, ultrases usullar bilen geçirilýän barlaglardan başga-da dürli laborator barlaglar, aýratynda ganda Helikobakter Pylori anyklamak we gerek bolan bakteriologiki barlaglar geçirilýär.
Merkeziň nefrologiýa we gemodializ bölümleri esasan böwrek we peşew çykaryş ulgamynyň kesellerini, dowamly böwrek kesellerini bejermek üçin gönükdirilendir. Olar arterial gipertenziýa, böwrek ganazlygy, süýjüli diabet keselinde böwreklere zeper ýetmegi, näbelli etiologiýaly proteinuriýa alamatlary, ulgamlaýyn kesellerde dowamly böwrek ýetmezçiligine getirýän alamatlaryň öňüni almak çäreleridir. Mundan başgada bölümde ýiti we dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaglarda gan arassalamagyň ekstrakorporal usullary ulanylýar. Gemodializ bölümindäki Frezenius 5008 S CorDiax enjamy ganyň ýokary täsirli emlerini: gemodializ, gemofiltrasiýa, gemodiafiltrasiýa, plazmafarez ýaly usullary geçirmäge ýardam berýär.
Merkeziň reabilitasiýa bölüminde näsaglar serebrowaskulýar we periferiki nerw ulgamyna ýeten şikeslerden soň dikeldiş bejergisini alýarlar. Näsaglar bejergini derman serişdeleri we fizioterapewtiki bejergileri bilen utgaşdyrylyp alýarlar, olar esasan-iňňerefleks terapiýa, owkalap bejermek, balneoterapiýa we dürli fizioterapewtiki bejergilerdir. Mundan başga-da merkezde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabyndan ugur alyp, dürli dermanlyk otlardan taýýarlanylan melhem çaýlar näsaglara şypa berýär.
Merkeziň barlaghana bölüminde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen awtomatiki analizatorlar bilen ganyň düzümi, biohimiki, immunologiki, dürli gormonal barlaglary we ganyň lagtalanmasynyň giňişleýin barlaglary geçirilýär. Döwrebap enjamlaryň kömegi bilen iç kesellerine we böwrek, peşew ýollaryna degişli giň möçberdäki barlaglary geçirmäge doly mümkinçilikler bar. Bu bolsa operasiýalaryň dowamynda we intensiw bejergi bölüminde möhüm bolan barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle hem ambulator näsaglara berilýän hyzmatlaryň giňeldilmegine uly mümkinçilikler berýär. Barlaghana ýurdumyzdaky beýleki saglyk merkezleriniň barlaghanalary we ylmy-kliniki merkezleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar. Dürli meselelerde özara tejribe alşyp, bitewi bir ulgam derejesinde iş alnyp barylýar.
Intensiw bejeriş bölümi bejergi geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen 6 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi agyr keselli näsaglara ýokary hilli güýçlendirilen bejergi geçirmekden we dikeldiş çärelerini amala aşyrmakdan ybaratdyr. Hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş funksional barlaglarynda agyrysyzlandyrmanyň dürli döwrebap usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden we hassahana gyssagly getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk kömegini bermekden ybaratdyr. Emeli dem beriş enjamy kompýuter programmasy bilen üpjün edilip, merkezleşdirilen gözegçilik bekedine birleşdirilendir, şol ýerde näsaglaryň ýagdaýy, gan basyşynyň, dem alşynyň, ýürek urşunyň ýagdaýlary barada gije-gündiziň dowamynda hemme maglumatlar jemlenýär. Bu ulgam gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermäge ýardam edýär. Şeýle-de bölüm kardiomonitorlar, EKG enjamy, infuzomatlar, perfuzorlar we göçme rentgen enjamy hem-de ultrases barlag enjamlary bilen üpjün edilendir.
Operasiýa bölümi 3 operasion otagdan ybarat bolup, bir wagtda dürli ugurlara degişli operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Operasiýa otaglarynyň üpjünçiligi innowasion häsiýetlidir, kämil lukmançylyk tehnikalary lukmanlara köpugurly, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge hem-de operasiýadan soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde dünýä ölçeglerine gabat gelýän zyýansyzlandyryjy enjamlar toplumy ornaşdyrylan. Bölümdäki innowasion endoskopiki enjamlar az şikesli operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Olaryň kömegi bilen häzirki zaman usuly arkaly uly bolmadyk kesimler bilen çylşyrymly operasiýalary geçirmek mümkin, bu bolsa näsaglaryň saglygynyň tiz dikelmegine ýardam berýär. Rentgen enjamy bolsa ýokary takyklykdaky şekilleri alyp, operasiýa wagtynda keseliň bejergisiniň takyklygyny anyklamaga ýardam berýär.
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Hans Maýsner köçe,13-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 489115; 489116; 489114.
Faks belgisi: +993 (12) 488323
E-poçta salgysy: HIKM@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42
Ugur almak üçin bellik: Halkara lukmançylyk merkezleri