Şikesleri bejeriş halkara merkezi
2011-nji ýylyň 21-nji iýulynda açylyp ulanylmaga berlen Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň hut özi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde edilen işleriň netijesidir. Bilşimiz ýaly, Şikesleri bejeriş halkara merkezi ýurdumyzda trawmatologiýa gullugynyň merkezi edarasy bolmak bilen, trawmatologiýa we ortopediýa ugurlary boýunça ilkinji we ýöriteleşdirilen bejergileri berýän hassahana bolup durýar. Kämil, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan merkezde lukmanlara işlemäge oňaýly şertler döredilen bolsa, näsaglaryň çalt sagalyp gitmegi üçin hem amatly ýagdaýlar, ýokary hilli hyzmatlar edilýär.
Şikesleri bejeriş halkara merkezi 180 syrkawy özünde ýerleşdirip bilýän, iň soňky kämil, öňdebaryjy, innowasion enjamlar bilen abzallaşdyrylan merkezleriň biridir. Şikesleri bejeriş halkara merkezi ortopediýa, neýrohirurgiýa, trawmatologiýa, torako-abdominal, iç keselleri we maýyplaryň saglygyny dikeldiş we anesteziologiýa-reanimasiýa bölümlerinden, gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş, rentgen we funksional anyklaýyş, barlaghana, operasiýa, fizioterapiýa we bejeriş bedenterbiýe, giperbariki oksigenirleme, önümçilik bölümlerinden, gan bankyndan ybaratdyr.
Merkez trawmatologiýa we ortopediýa ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen ilkinji kömegi we ýörite bejergileri geçirýär. Kabul ediş bölüminde gaýragoýulmasyz ýagdaýda gelen näsaglara kömek bermek üçin ähli şertler döredilen. Iki sany kiçi operasion — sargy, gips, gaýragoýulmasyz barlaghana otaglary bar. Agyr ýagdaýda gelen näsaglaryň ýagdaýy durnuklaşýança depginli bejergi geçirmek üçin otag (shock room), barlamak üçin USB, EKG, rentgen enjamly otaglary bar. Ýokarky aýdylanlardan başga hem merkez tiz kömek gullugy bilen beýleki bejeriş edaralaryň kabul ediş bölümleri bilen habarlaşmak üçin göni howa-radio aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilen. Merkeziň maslahat beriş bölüminde, meýilnama boýunça ýüz tutan we saglyk öýlerinden ýollanma boýunça ugradylan näsaglar kabul edilýär we degişli barlaglardan geçirilip, hassahana bejergisi üçin merkeziň bölümlerine ýerleşdirilýär. Maslahat beriş bölüminde trawmatolog, ortoped, hirurg, neýrohirurg, okulist, gulak-burun-bokurdak, ginekolog, new ropatolog, pediatr, terapewt, psiholog, endokrinolog, kardiolog, stomatolog lukmanlary bar.
Lukmanlaryň iş otaglary merkezleşdirilen lukmançylyk elektron ulgamy bilen birikdirilen. Maslahat beriş we kabul ediş bölümlerine ýüz tutan näsaglarda laborator, rentgen şöhlesi we ultrases anyklaýyş, MRT, kompýuter tomografiýa, EKG, EhoKG, dopplerografiýa, densitometriýa, elektroensefalografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa, kolonoskopiýa, bronhoskopiýa ýaly barlaglar geçirilýär. Fizioterapiýa we bejeriş-bedenterbiýe bölüminde syrkawlara UWÇ we ultrases terapiýa, ionoforez, lazer we magnitoterapiýa, ozokerit we Mollagara palçygy bilen ýapmalar, deňiz duzly we el-aýak gidromassaž wannalar, owkalama we iňňerefeksoterapiýa, gyzgyn daşly we elektro kürside massažlar, bejeriş we dikeldiş bedenterbiýe ýaly bejergiler geçirilýär. Giperbariki oksigenirleme otagynda bolsa, ýörite enjam arkaly, adam organizmine ýokary basyşda arassalanan kislorod gazy dem alyş ulgamynyň kömegi bilen berilýär.
Merkeziň gan banky bölüminde hassahanada ýatan näsaglary zerur bolan wagty gan bilen üpjün etmeklik maksady bilen donorlardan gan alynýar we ýörite barlaglardan geçirilip, sowadyjy enjamlarda saklanylýar. Merkeziň operasion we reanimasiýa bölümleri hem daşary ýurt öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren enjamlary bilen doly üpjün edilen. Merkezde şikesleriň ähli görnüşleri, şikesden soňky ýagdaýlar bejerilýär.
Ýurdumyzda ilkinji gezek artroskopiýa we endoprotezirleme usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen agyr, beterleşen şikesleri bejermek arkaly maýyplygyň öňüni almakda şikes alan adamlaryň öz wagtynda bejerilmegi gazanylýar we bu ugurda operasiýalar geçirilýär. Bu operasiýalar oňaýly az agyryly bolup, çalt we ýokary netije berýär. Ýurdumyzyň lukmançylygynyň iş tejribesinde ornaşdyrylan täze, has kämil iş usullary näsaglaryň saglygyny çalt dikeltmäge, gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.
Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň lukmanlary öz iş kämilliklerini we tejribesini artdyrmak maksady bilen daşary ýurtlaryň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen aragatnaşyk saklaýarlar Bu bolsa merkezde täze we çylşyrymly operasiýalary ýola goýmakda uly itergi berýär.
Şikesleri bejeriş halkara merkezinde birnäçe täze operasiýalar ýola goýuldy. Kelle beýnisindäki döremeleri (anewrizmalary we arterio-wenoz malformasiýalary) kesip aýyrmak, täze dörän çişleri mikroskop arkaly aýyrmak, dogabitdi we soň bolan gidrosefaliýalarda kelle beýnä şunt goýmak, oňurgada (mikrodiskektomiýa), oňurgaara diskleriň ýerine emeli disk (keýiç) goýmak, oňurga sütüniniň şikeslerinde we durnuksyzlygynda biloňurga operasiýasy, şikes ýetip zeperlenen oňurga bedeniniň ýerine titan tory goýmak, artroskopiýa enjamy bilen dyz bognunyň operasiýalary meniskektomiýa, hondroma bedenleri aýyrmak, sinowektomiýa, bognuň üstlerini osteofitlerden arassalamak, adaty but-çanak bognuny çalyşmak (endoprotezirleme), but-çanak bognunyň doga çykyklarynda we but süňküniň howply täze döremelerinde ony çalyşmak, çanaklyk süňkleriniň çylşyrymly döwüklerinde döwük ýerlerine demir goýmak (osteosintez) operasiýalary, dyz bognuny tutuş çalyşmak operasiýasy (total endoprotez), but we injik süňkleriniň döwüklerinde az kesimli (inwaziw blokirleýji osteosintez) operasiýalary, açyk süňk döwüklerinde ojakdan daşary sterženler bilen osteosintez geçirmek, laparoskop enjamy bilen öt haltany aýyrmak (holesistektomiýa), köriçege (appendektomiýa), ingi kanaly ingi setkasy bilen plastika etmek ýaly operasiýalar geçirilýär. Şeýle-de merkeziň trawmatologiýa we ortopediýa bölümlerinde el-aýak süňklerine şikeslenme ýa-da zeperlenme ýetende, dürli çylşyrymlylykdaky seýikleme-osteosintez we süňk-plastika operasiýalar geçirilýär. Toroko-abdominal bölüminde döş kapasasynyň, garyn boşlugynyň operasiýa degişli kesellerinde bölekleýin (palliatiw) we tutuşlaýyn (radikal) operasiýalaryň hemmesi, dogabitdi we soň dörän ingileriň hemmesinde ingini aýyrmak we ingi kanalynyň plastikasy, ingi setkasyny goýmak usuly bilen operasiýalar geçirilýär. Maýyplaryň saglygyny dikeldiş bölüminde önümçilik bölümi bilen bilelikde ýokarky we aşaky ahyrlarynda kemçilik bolan näsaglara bitewi protezleri (ekzoprotezleri) ýasamak, bedeniniň deformasiýasy bolan näsaglara düzediji (korregirleýji) protezleri ýasamak we näsaglar olara uýgunlaşýança dikeldiş bejergilerini geçirmek işleri amala aşyrylýar.
Şeýle-de merkezde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň trawmatologiýa, ortopediýa kafedrasy hem hereket edýär. Bu bolsa ähli işleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Hünärmenler tarapyndan täze bejergileri ýola goýmakda uly işler alnyp barylýar, dünýä tejribelerini yzygiderli durmuşa ornaşdyrmak ugrunda tagallalar edilýär.
Edaranyň ady: Şikesleri bejeriş halkara merkezi
Salgysy: 744020, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 118-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 34-14-63, +993 (12) 34-14-29
Faks belgisi: +993 (12) 34-04-13
E-poçta salgysy: sbhmerkezi@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 13, 15, 21, 30, 40, 42, 45, 46, 49, 50, 51, 52, 56, 59, 61, 63, 66, 73, 80, 90, 110, 113
Ugur almak üçin bellik: «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta