Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak bolup durýar. Ýurdumyzda iň kämil saglygy goraýyş edaralarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, keselleriň gysga wagtda bejerilmegine, maýyplygyň öňüniň alynmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.


2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi. Merkezde ýöriteleşdirilen 15 sany bölümiň hyzmat etmegi netijesinde, pediatriýa, perinatologiýa, hirurgiýa we newrologiýa ugurlary boýunça işleriň alnyp barylmagy keselleri ýokary hilli anyklamaga we bejermäge ýardam berýär.


«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meseleleri boýunça birnäçe maksatnamalary merkeziň hünärmenleri tarapyndan halkara guramalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Bu maksatnamalar enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga we netijeli bejermäge hem-de hassahanalarda ýatymlaýyn döwrüni azaltmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez 3-nji «A» derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere, göwreli zenanlara dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli maslahatlar, bejergiler berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli anyklaýyş-bejeriş çärelerini geçirmekde, şeýle-de çaga keselçiligini  peseltmekde giňden ýardam berýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry «Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma ýagdaýlarynyň hilini gowulandyrmak» bolup durýar.


Merkeziň anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde rentgen-flýurografiýa, neýrosonografiýa, ultrases, elektrokardiografiýa, ehokardiodopplerografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa we beýleki çaga bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlar ornaşdyryldy. Bu bolsa, kesel kesgidini doly anyklap, bejergi işlerini geçirmek üçin zerur şertleriň biridir. Merkezde ulanylýan göçme rentgen enjamlary näsaglaryň öz ýerinde saglyk ýagdaýlaryny takyk anyklamaga uly ýardam berýär. Şeýle-de ýüz tutýan näsaglara maslahatlar berilýär.


Bäbekleriň patologiýasy bölümi pes agramly näsag bäbeklere ýokary hilli kömegiň berilmegine, keselçiligiň peselmegine we olaryň ýaşaýyş ukybynyň artmagyna ýardam berýär.


Ýaş nesliň sagdyn, kuwwatly bolmaklygyna gönükdirilen wajyp «Howpsuz enelik», «Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy», «Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak», «Çagalaryň kesellerini bütewi alyp barmak», «Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak», «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» Milli maksatnamalara we Strategiýalara laýyklykda, merkezde uly işler alnyp barylýar.


«Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma» usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär. 


Merkezde çaga hirurgiýa ugry boýunça 2 bölüm hereket edýär: I we II hirurgiýa bölümi. Çaga hirurgiýasy ulgamynda döş kapasasynyň agzalarynyň patalogiýasy boýunça iň kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen gyzylödekde we dem alyş ýollarynda del jisimleri anyklamak we aýyrmak, gyzylödegiň ahalaziýasynda kardiomiotomiýa, fundaplikasiýa operasiýalary, kekirdegiň stenozlarynda bužirleme we stentirleme operasiýalary ýola goýuldy we gowy netijeler alyndy. Öýkeniň ehinokokkozy we dowamly öýken kesellerinde, diafragmal ingileriň dürli görnüşlerinde ýokary hilli hirurgiki kömek beriş usullary ýola goýuldy. Garyn boşlugynyň keselleriniň içinde gyssagly bejergä mätäç bolan ýiti appendisit, onuň gaýra üzülmesi bolan peritonitiň dürli görnüşleri bilen, içege ýöremezligi, içege inwaginasiýasy ýaly gyssagly hirurgiýa operasiýalary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bagryň ehonokokkozy we onuň utgaşan görnüşlerinde bir wagtda ehinokokkektomiýa operasiýasy üstünlikli ýola goýuldy.


Anorektal doga kemisliklerinde tapgyrlaýyn operasiýalaryň ählisi (kolostomiýa, aralyk we garyn aralyk operasiýalary, dikeldiş reabilitasiýa hirurgiki usullary) ýokary derejede alnyp barylýar.


Ýumşak dokuma we süňk ulgamy boýunça kontrakturalaryň dürli görnüşlerinde, kelloidleriň, ýumşak dokumalaryň lipoma, gemangioma, limfangioma ýaly kesellerinde, süňk ulgamynyň keselleriniň içinde ýiti we dowamly osteomiýelitleriň, iriňli artritleriň barlag we hirurgiki bejergi usullary gysga wagtda näsagy bejermäge ýardam edýär.


Merkeziň pediatriýa ulgamynda çaga doglandan 14 ýaşa çenli olara hyzmat edýän bäbekleriň patologiýasy, bir ýaşa çenli çagalar, pulmonologiýa we somatika bölümleri hereket edýär. Merkezde Diýarymyzyň ähli künjeklerinden gelen dürli  keselli çagalar kabul edilýär. Bäbekleriň patologiýa we bir ýaşa  çenli çagalar bölüminde bäbeklik döwrüne mahsus bolan ejesiniň keselleri we dogum bilen bagly ýagdaýlar, bir ýaşa çenli çagalaryň ýiti we ýokanç däl  kesellerini tejribeli lukmanlar ylmy taýdan tassyklanan düzgünler we maslahatlar esasynda bejerýärler. Pulmonologiýa bölüminde dem alyş ulgamynyň dürli keselleri, somatika bölüminde iýmit siňdiriş ulgamyna degişli bolan dürli  dowamly keselli çagalara döwrebap  barlaglar  we degişli bejergiler geçirilýär.


Çaga newrologiýasy ugry boýunça bölümde nerw ulgamynyň keselleri bolan näsaglar hasaba alynýar we olara bejergiler geçirilýär. Ýatymlaýyn bejergi alýan näsaglara fiziobejergi, owkalama, GBO bejergi, derman serişdeleri bilen bejergi berilýär. Näsaglara irki dikeldiş otagynda kesellerine görä reabilitasiýa çäreleri, bejeriş maşklary geçirilýär. Beýleki bölümlerde bejergi alýan näsaglara newropatologyň maslahaty esasynda  bejergi berilýär.


Bölümlerde çaga keselçiliginde wajyp mesele bolan keseller boýunça ylmy işler alnyp barylýar we dowamly keselleriň registrleri döredilip, çagalar yzygiderli gözegçilikde saklanýar.  


Göwreli  aýallaryň patologiýasy  we ginekologiýa bölümlerinde göwreliligi saklamak we ýüze çykmagy mümkin bolan gaýra üzülmeleriň öňüni almak boýunça bejergiler geçirilýär. Ondan başga-da, dürli ekstragenital keselleriň  anyklanylyşy we bejergisi, tebigy ýol bilen we operatiw dogruma taýýarlygy ýokary derejede geçirilýär. Göwreliligi alyp barmak we bejermek çäreleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan kliniki düzgünler we maslahatlar boýunça geçirilýär. Bölümde merkeziň ylmy işgärleri we kafedranyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işler giňişleýin ýerine ýetirilýär.


Ginekologiýa bölüminde meýilleşdirilen we gaýragoýulmasyz ýagdaýda ýatymlaýyn we ginekologiýada duş gelýän keselleriň doly derejede bejergisi we operasiýalaryň ähli görnüşleri geçirilýär, ýagny ýatgynyň ekstirpasiýasy, amputasiýasy, ýatgy turbalarynda operasiyalar, ýatgynyň tubektomiýasy, plastikasy, ýumurtgalyklarynyň emele gelmelerini aýyrmak, jyns agzalaryny abatlaýyş operasiýalar (öňki we yzky kolpoperineoplastika), ýatgynyň wentrofiksasiýasy. Şeýle hem täze innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen laparoskopiki usuly bilen häzirki zaman operasiýalary geçirilýär. Olara: ýatgy turbalarynyň patologiýasynda - tubektomiýa, ýumurtgalyklaryň patologiýasynda - ýumurtgalyklaryň koagulyasiýasy, ýumurtgalyklaryň rezeksiýasy, kistektomiýa, ýatgy turbalaryny daňmak, şeýle hem önelgesizligiň peritonial faktorynyň bejergisi degişlidir.


Merkeziň fiziobejeriş bölüminde pediatriýa, hirurgiýa, ginekologiýa ugurlary boýunça  bejergi alýan we gatnawly şertlerde näsaglara dürli derman serişdeleri bilen elektroforez, ultraýygylykly ýylylyk hem-de ultrases, magnit, ozokerit, owkalama usullary bilen bejeriş çäreleri geçirilýär. Fiziobejeriş bölüminiň otaglarynda we näsagyň bolýan otagynda dowamly keselli näsaglara ýöriteleşdirilen ylmy esasda tassyklanan meýilnamalar düzülip, tapgyrlaýyn bejergiler geçirilýär.


Merkezde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri, ýaş hünärmenler bilen hünäri kämilleşdirmek okuw-sapaklary işjeň alnyp barylýar we häzirki zaman bejeriş usullaryndan we tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylýar. Merkeziň dürli bölümlerinde bejergi alýan näsaglara Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň halypa mugallymlary, professorlary agyr, çyrşylymly keselli çagalaryň bejergisinde maslahatlary, alnyp barylýan bejeriş we ylmy işlere ýakyndan ýardam berýärler.


Alnyp barylýan ähli işleriň ýeke-täk esasy maksady – enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin niýetlenendir, çünki ýurdumyzyň geljegi we bagtyýarlygy sagdyn eneden we sagdyn çagadan başlanýar.


Edaranyň ady: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi


Salgysy: 744035, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Baba Annanow köçesi, 28-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 43-51-64


Faks belgisi: +993 (12) 43-53-15


E-poçta salgysy: tdluenechaga@tdlu.edu.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 11, 13, 35, 40, 73, 76, 102, 110


Ugur almak üçin bellik: S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner