M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi
Häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň düzüminde birnäçe kliniki merkezler hereket edýär. Olaryň biri hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezidir. Ýakynda merkeziň durky täzelendi we gaýtadan enjamlaşdyryldy. Onda ýokary derejede ilata ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek boýunça täze şertler we mümkinçilikler döredildi.
Merkez kuwwatly barlaghanaly we tehniki enjamly edara bolup, olarda ylmy barlaglary geçirýän talyplar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar bilen ylmy işleri alyp barýan dosentler işleýärler. Bu ýerde talyplar üçin ýörite interaktiw multimedia tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zaly, ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýa kafedralarynyň, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, çagalar stomatologiýa, stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw hem-de bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary bar. Merkezde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş enjamlary gurnalan.
Merkeziň düzüminde bäş sany, ýagny çagalar, terapiýa, hirurgiýa, ortopediýa we funksional anyklaýyş bölümleri hereket edýär. Merkeze ilkinji gezek näsag gelende, gigiýena otagyna barýar. Lukmanlar tarapyndan çagalara bu ýerde agyz boşlugy üçin gigiýena serişdelerini we olary ulanmagyň usulyýetlerini saýlamagy öwredilýär. Stomatologiki kämil ultrasesli toplumynyň kömegi bilen dişlerdäki ýumşak we gaty çökündileri aýryp, dişleri çalt hem-de agyrysyz arassalap bolýar.
Merkezde fitobejergi otagy döredilen, onda derman ösümliklerini irrigator enjamynda ulanmak bilen dürli amallar geçirilýär. Rentgenologiýa otagynda äň-ýüz ulgamynyň 3D ölçegli rentgen barlagy ýerine ýetirilýär. Bu bolsa aşaky we ýokarky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýär.
Ortopediýa stomatologiýa bölüminde protezleri goýmak üçin ähli şertler döredilen. Bu bölümde häzirki zaman ortopediki stomatologiýada kompýuter tilsimatlary arkaly proýektirlemek, nusga almak üçin CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. Kämil enjamlaryň kömegi bilen hem bitewi keramiki, şeýle hem metaldan ýasalan aýrylmaýan islendik konstruksiýalary (koronkalar, goýmalar, winirler, abatmentler, köpri şekilli protezler) döredip bolýar. Operasion we hirurgiýa otaglaryndan ybarat bolan hirurgiýa stomatologiýa bölümi, şeýle-de terapiýa bölümi öňdebaryjy kompaniýanyň stomatologi enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Operasiýa otagynda funksional operasion stoly, anesteziýa we lazer bejergisi üçin enjamlar bar.
Stomatologiýa okuw-ylmy önümçilik merkezi çagalar, terapiýa, ortopediýa bölümleri, şeýle hem hirurgiýa stomatologiýa otaglary lukmanlaryň taýýarlygynda okuw-bejergi we ylmy işlerini geçirmek üçin binýat bolup hereket edýär. Onuň guramaçylygynda ilki bilen ýöriteleşdirilen kömegi bermek hem-de hünär derejeli işgärleri ýokary tehnologiýaly amaly lukmançylygy ulgamynda taýýarlamak, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we wajyp ylmy barlaglaryny geçirmek üçin şertler döredilen.
Stomatologiýa ugurly kafedralar innowasiýa tehnologiýalaryny we stomatologiýa keselleriniň öňüni almagyň hem-de bejermegiň häzirki zaman usulyýetlerini tejribä ornaşdyrýarlar. Stomatologiki keselleriň öňüni almak maksady bilen merkeziň lukmanlary kafedranyň işgärleri bilen bilelikde çagalara hem-de mümkinçiligi çäkli raýatlara, saglyk öýlerinde, mekdeplerde, tomus, gyş aýlarynda çagalar dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde öňüni alyş barlaglaryny geçirýärler we maslahatlaryny berýärler. Olara agyz boşlugynyň arassaçylyk düzgünleri öwredilýär. Dişleriň kariýesini anyklamagyň, öňüni almagyň täze usulyýetleri öwrenilýär.
Merkezde milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryndan dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen agyz boşlugynyň (parodontyň) kesellerini bejermegiň täze usulyýetlerini işläp taýýarlamak boýunça ylmy işleriň birnäçesi alnyp barylýar. Ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň dowamynda dermanlyk ösümlikleriniň gaýnatmasynyň hem-de demlemesiniň dişleriň syrçasyna ýetirýän täsiri, parodontyň dokumasyna bakterisid, bakteriostatiki we antioksidant täsirleri öwrenilýär. Şeýle ylmy barlaglaryň jemleri boýunça ylmy neşirlerde makalalar çap edilýär, halkara ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar edilýär.
Stomatologiki keselleriň öňüni almak, öňüni alyş barlaglarynyň esasynda keselçiligiň ýygylygyny anyklamak, irki döwürde ýüze çykarmak, kliniki-laborator barlaglary geçirmek arkaly keselleriň sebäplerini öwrenmek, bejerginiň netijeliligini kesgitlemek hem-de dispanser gözegçilik etmek we alnan netijelere ylmy esasda baha bermek maksady bilen merkezde birnäçe işler alnyp barylýar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde lukmanlar ýokary hünärmenlik we tehniki derejesinde öz näsaglaryna ýöriteleşdirilen stomatologiýa hyzmatlaryny berýärler.
Edaranyň ady: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi
Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 165-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 92-08-84
Faks belgisi: +993 (12) 92-08-84
E-poçta salgysy: tdlustom@tdlu.edu.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 1, 8, 42, 44, 54, 56, 108, 142
Ugur almak üçin bellik: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta