Maýyplyk meseleleri we saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi
Maýyplygy kesgitlemegiň esasy ölçegleri hakyndaky Gollanma «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran 3926-njy karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparlary hakyndaky» Düzgünnama, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem-de goşmaça çeşmelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandyr we maýyplyk derejelerini kesgitlemegiň tertibini düzgünleşdirýän esasy resminamadyr. Türkmenistanyň ähli HMAT-lary ýokarda agzalan kadalaşdyryjy namalaryň esasynda saglygy dikeldiji bejergileriň geçirilmegine garamazdan, agyr dowamly geçýän keselleriň (şikesleriň), beden ýetmezçiligiň ýa-da akyl kemligiň netijesinde zähmete ukyplylygyň doly ýa-da bölekleýin ýitirilmegine getirse, onda zähmete ukyplylygyň çäklilik derejesine baglylykda näsaglaryň maýyplyk toparlaryny belleýärler.
Maýyplyk - bu agyr dowamly geçýän keselleriň (şikesleriň), beden ýetmezçiligiň ýa-da akyl kemligiň netijesinde bedeniň işjeňliginiň bozulmagy esasynda zähmete ukyplylygyny durnukly ýa-da hemişelik ýitirilmegidir.
Maýyplyk: birinji, ikinji, üçünji toparlara we «maýyp çaga» bölünýär.
Adamyň zähmete ukyplylygyny dogabitdi keseller, soň ýolugan keseller we şikesler çäklendirip biler. Eger-de şeýle çäklenmeler ýüze çyksa raýatlaryň ýaşaýyş salgylaryna görä hyzmat edýän saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň gözegçiligi boýunça Lukmanlaryň maslahat beriş toparynyň netijesi esasynda degişli Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyna ugratmaga borçlydyrlar.
Maýyplyk bellemek meselesine anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş çäreleri (ýatymlaýyn şertlerdäki bejerginiň göçürmeleri, barlaglaryň ýazmaça netijesi) geçirilenden soň seredilýär. Ähli derejedäki HMAT-lar näsaglaryň saglyk ýagdaýynyň agyrlyk derejesini tassyklamak maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde ähli saglygy goraýyş bejeriş-dikeldiş edaralaryna goşmaça barlaga, bejergä ugratmaklyga hukugy bardyr.
Maýyplyga degişli raýatlary HMAT-a ugradylanda gerekli resminamalar:
Pasport, dogluş hakyndaky şahadatnama, HMAT-a ibermenama №088 hasabat görnüşi, 18 ýaşy dolmadyk çagalar üçin №080 hasabat görnüşi hem-de ene atasynyň ýa-da hukugy tassyklaýan hossarynyň şahsyny tassyklaýan resminama, saglyk depderçesi, barlaglar, bejergiler barada tassyklanylan göçürmeler.
«Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklary aşakdakylardan ybaratdyr:
1. I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň, maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli d äldir, kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň, çagalykdan I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz saglygy goraýyş kömegini we saglygy goraýyş hyzmatlaryny almaga hukugy bar.
2. Ýeke ýaşaýan maýyplygy bolan adamlaryň, başganyň kömegine mätäç psihiki keselleri bolan adamlaryň lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda ýöriteleşdirilen edaralarda saklanylmaga hukuklary bardyr.
3. Maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň we çagalygyndan maýyplygy bolan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş durmuş kömegine, saglygyny dikeltmäge, ýeňillikli şertlerde derman serişdeleri bilen üpjün edilmäge hukugy bar.
4. Maýyplygy bolan adamlara saglygy go raýyş kömeginiň berilmeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlaryny edilmeginiň tertibi, şeýle hem olar üçin berilýän ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli özözüňi dolan dyryş edaralary maýyplygy bolan adamlaryň saglygy goraýyş edaralaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin sport desgalaryna erkin baryp bilmekleri üçin zerur şertleri döretmäge, ýörite sport enjamlary bilen üpjün etmäge borçludyrlar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli özözüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde maýyplygy bolan adamlara goşmaça ýeňillikleri hem berip bilerler.