Merdana zenan, ussat lukman – Saçly Dursunowa
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde gurlan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň ady dakyldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan mertebesiniň beýgeldilýändiginiň, il-ýurt bähbitli bitiren işleri bilen adygan ildeşlerimiziň, halypalaryňdyr hünär ussatlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Saçly Dursunowa watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, hünär ussatlygynyň ajaýyp nusgasyny görkezen ildeşlerimiziň biridir. Ol 1918-nji ýylda Büzmeýin obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Çagalygyndan ýetim galyp, çagalar öýünde bilim-terbiýe alýar. 1932-1936-njy ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki şol wagtky medtehnikumyna okuwa girýär we tutanýerliligi, zehinliligi bilen tapawutlanyp, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýar. Şeýle-de şol ýyl, ýagny 1936-njy ýylda Türkmen döwlet medisina institutyna okuwa girýär. Okuwyny tamamlap, lukman bolup işe başlaýar.
Saçly Dursunowa 1942-nji ýylyň aprel aýynda meýletin ýagdaýda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmak üçin harby wekillige ýüz tutýar. Netijede, 1942-nji ýylyň aprel aýynda Stalingradyň eteginde söweşjeň 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol wagt watan goraýjylar üçin lukmanlaryň kömegi örän möhümdi. Merdana türkmen gyzy öz edermenligi hem-de başarjaňlygy, hünär ussatlygy bilen müňlerçe esgere lukmançylyk kömegini berýär. Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagyna ajaýyp goşandyny goşýar. Beýik Watançylyk urşuny doly geçenleriň hatarynda medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa görkezen edermenlikleri üçin ençeme ordendir medallar bilen sylaglanýar. Beýik ýeňişden soň hem ol harby medisina gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek bilen, bejergä mätäç esgerlere kömek edýär. 1946-njy ýylyň sentýabrynda bolsa öz dogduk mekanyna dolanýar.
Parahat durmuşda hem Saçly Dursunowa ähli yhlasyny-zähmetini ynsanlaryň saglygyny goramaga bagyşlaýar. XX asyryň ortalarynda Merkezi Aziýada ýaýran içki peşehorda we deri leýşmaniozy ady bilen belli bolan, çybynyň çakmagy arkaly ýokuşýan ýokanç kesele garşy göreşmekde goşan saldamly ylmy goşandy hem-de Aşgabadyň Epidemiologiýa we gigiýena institutynda alyp baran ylmy işleriniň netijeleri üçin medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa 1955-nji ýylda «Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty», 1972-nji ýylda bolsa «Lukmançylyk ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejeleri berilýär.
Saçly Dursunowa ýurdumyzda lukmançylyk ylmynyň ösmegi üçin köp ylmy-barlag işlerini ýerine ýetiripdir. Saglygy goraýyş ulgamynda bitiren bimöçber işleri üçin oňa «Türkmenistanyň at gazanan lukmany» diýen ýokary at dakylýar.
Saçly Dursunowa hakyky alym we öz kesbine ussat lukman, päk göwünli ynsan hökmünde uly hormata eýe bolýar. Ýaşan döwründe ençeme asylly işleri bitiren, sylag-serpaýlara eýe bolan adamy başgaça göz öňüne getirmek hem mümkin däl.
Halkymyzyň görnükli wekilleriniň hormat-sarpasynyň belende göterilmegi has giň many-mazmuna eýedir. Halkymyzyň guwanjyna öwrülen şahsyýetleriň geçen ýollary, bitiren asylly işleri bagtyýar ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir.


