Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi

«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda enelere we çagalara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny we kömegini bermek üçin niýetlenen 670 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýedi gatdan ybarat bolan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze, döwrebap toplumy iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş edarasydyr. Munuň özi çagalara we olaryň enelerine ýokary derejede lukmançylyk kömegini bermäge, perinatologiýa, reproduktologiýa, pediatriýa we çagalar hirurgiýasy ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.


Merkeziň düzüminde bölümleriň 30-a golaýy, şol sanda bejeriş-anyklaýyş, täze doglan çagalaryň fiziologiýasy we patologiýasy, anesteziologiýa we reanimasiýa, allergologiýa we pulmonologiýa, bir ýaşyna çenli çagalaryň patologiýasy we hirurgiýasy, çagalar urologiýasy hem-de ginekologiýa, umumy hirurgiýa, trawmatologiýa, ortopediýa hem-de beýleki bölümler bar.


Ýurdumyzda perinatal kömegiň sebitleşdirilmegi dogruma ukyply ýaşdaky zenanlara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň we pes agramly doglan bäbekleriň ýaşaýyş ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam berdi. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hem sebitleşdirme maksatnamasyna laýyklykda, 3-­nji «A» derejeli hassahana hökmünde ýurt boýunça endokrin, ýürek­-damar keselli we agyr akuşerçilik anamnezli ähli göwreli zenanlara dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli kämil lukmanlar tarapyndan gerekli maslahatlar berilýär.


«Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny çaga degişli esasy hukugyň birini – emdirmek hukugyny berjaý etmekde döwlet kepillendirmelerini kesgitleýär. Çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň düzgünlerini üstünlikli amala aşyran Türkmenistanyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň köpüsi, şol sanda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri tarapyndan tassyklanan «Çagalara mähirli garaýyşly hassahanasy» derejesine eýe boldular. 2017-nji ýyldan göwreli we dogurýan aýallara merkezde dogabitdi ýürek ýetmezçiligini anyklamak we olary netijeli bejermek boýunça prenatal barlagyny geçirmek ýola goýuldy. 


Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda enäniň we çaganyň saglygyny goramakda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bilermenleri bilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tejribeli hünärmenleri merkeze gelip, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde çagalarda çylşyrymly ortopedik operasiýalary üstünlikli geçirip durýarlar. Russiýa Federasiýasynyň ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetleri, kliniki hassahanalary, lukmançylyk barlag merkezleri bilen işleşmek, tejribe alyşmak, lukmanlaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak babatda hem uly işler alnyp barylýar.


Edaranyň ady: Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi


Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 80-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 36-82-10, +993 (12) 36-82-08


Faks belgisi: +993 (12) 36-82-57


E-poçta salgysy: ecsgykm@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 6, 8, 13, 21, 23, 30, 40, 44, 45, 49, 50, 51, 56, 59, 61, 63, 66, 74, 80, 90, 108, 110


Ugur almak üçin bellik: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner