Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi
Lukman Arkadagymyzyň belent ynsanperwerlige ýugrulan başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalara dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňky dikeldiş çäreleri geçirilýär. Merkezde hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl hem-de beden taýdan ösüşe itergi zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, bilim-terbiýe bermek, çagalaryň şahsy başarnyklaryny ösdürmek maksatly işler göwnejaý ýola goýulandyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy hem şu merkezde ýerleşýär. Çünki sebitde deňi-taýy bolmadyk köp ulgamlaýyn maksatly merkez haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda guruldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler hem haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölegsiz ýerine ýetirilýär. Bu işleriň ählisi halkara derejesinde ylmyň täze gazananlary esasynda, sagaldyş-dikeldiş maksatly enjamlar toplumlary arkaly amala aşyrylýar.
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçilikleri çäkli çagalaryň dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak, olaryň adaty durmuşa goşulmaklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli döwrebap şertler bar. Merkez dört sany binany, ýagny edara binasyny, 150 we 100 orunlyk iki sany çagalar bagyny, çagalar sagaldyş-dikeldiş bölümini özünde birleşdirýän döwrebap toplumdyr. Onuň umumy meýdany 16,3 gektara barabardyr. Häzirki zaman innowasion lukmançylyk enjamlary çagalarda sagaldyş-dikeldiş döwründe bejerginiň has netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde çagalaryň terbiýelenmegi, bilim we dynç almagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredilendir.
Merkeze gelýän çagalar logoped, surdopedagog, newropatolog, reabilitolog lukmany, psihiatr, çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma boýunça lukmany ýaly hünärmenlerden hem-de terbiýeçilerden ybarat toparyň gözegçiliginden geçýär. Şeýle-de anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde çagalaryň ultrases, EKG, rentgen, elektroensefalograýa (EEG) barlaglary boýunça saglyk ýagdaýlary kesgitlenilýär. Surdolog, otorinolaringolog, stomatolog, immunolog, diýetolog, kardiorewmatolog we beýleki lukmanlar tarapyndan her çaganyň saglyk ýagdaýy aýratynlykda öwrenilýär. Netijede, çaganyň saglyk ýagdaýyna, onuň kesel taryhynyň derejelerine görä, sagaldyş-dikeldiş bejergileri bellenilýär. Her tapgyr sagaldyş-dikeldiş bejergisi 10-20 gün bolmak bilen, ol yzygiderli ýagdaýda gaýtalanyp geçirilýär.
Merkeziň hünärmenleriniň esasy maksady, gelýän çagalaryň hereket, görüş, eşidiş, ünsli bolmak mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, öz sagdyn deň-duşlarynyň arasyna goşulmaklaryny üpjün etmekdir. Ähli bölümlerde ýörite bejeriş-sagaldyş bedenterbiýesi, çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma otaglary hereket edýär. Çagalaryň şunuň ýaly lukmanlar we pedagoglar tarapyndan mähirli gurşalyp alynmagy öz oňyn netijelerini berýär. Çagalar bagynyň iş meýilnamasyna laýyklykda çagalara daşary ýurt dilleri öwredilýär.
Merkezde fitobaryň hereket etmegi we bu ýere gelýänlere melhemlik otlardan çaýlaryň hödürlenmegi bejerginiň netijeliligine oňyn täsir edýär. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabyna salgylanyp, wanna, suw howuzlary, ingalýasiýa ýaly sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirilýär. Aýratyn-da, bu bejergiler bedende daýanç-hereket ulgamyna, çagalaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Merkeziň 100 orunlyk çagalar bagy sagdyn we ösüşinde kemi bolan çagalaryň rahatlygy üçin niýetlenen köp amally krowatlardyr mebeller bilen üpjün edilen. Otaglarda çagalar üçin öýdäki ýaly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň ýatymlaýyn şertlere uýgunlaşmagy üçin amatlydyr. Binadaky logoped lukmanynyň otagynda çagalarda sözleýşi işjeňleşdirmek üçin birnäçe ýörite enjamlar we oýnawaçlar, ýagny dünýäniň ösen ýurtlarynyň önümleri bolan sözleýiş ukybyny ösdürmäge niýetlenen «logopediň sandyjagy», aýratyn ýöriteleşdirilen saz toplumlary bar. Maşklar, owkalama bejergi üçin ýöriteleşdirilen toplary, «sesli harplyk» tagtasy, äňleriň durşuny, dişlemek, çeýnemek ukyplaryny ösdürmek we güýçlendirmek maksatly dil maşklary üçin dürli görnüşli rezin şekiller, eşidiş ukybynyň pesligi sebäpli ýüze çykýan, sözleýşiň dürli görnüşli bozulmalaryny dikeltmäge, söz däl sesleri — dürli haýwanlaryň seslerini eşitdirmek arkaly ünsi kemala getirmäge, ellemek arkaly duýgyny ösdürmäge niýetlenen enjamlardyr oýnawaçlar çagalarda netijeli täsirleri döredýär.
Merkeziň 3-nji binasynda sagdyn çagalara niýetlenen 80 orunlyk we näsag çagalar üçin ýöriteleşdirilen amatly şertler üpjün edilen 70 orunlyk çagalar bagy bar. Çagalar bagynyň tiflopedagog üçin niýetlenen otagyndaky gepleşik we aýdym-saz merkezleri, taktil duýgyny ösdürýän toplumlar, pes görýän ýa-da soň görmekden galan çagalara niýetlenen ýöriteleşdirilen enjamlar, dürli reňkli oýun çyralary — proektorlar sagaldyş-dikeldiş işinde örän amatlylygy bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagta çenli merkezde ösen ýurtlarda hünär taýýarlygyny kämilleşdirip gelen lukmanlardyr pedagoglaryň yhlasly zähmeti netijesinde döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen, ençeme çaga sagaldyş-dikeldiş bejergisini alýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna şeýle döwrebap sagaldyş-dikeldiş merkezinde perzentlerine bejergi berilýändigi üçin, esasan-da, çagalaryň hossarlarynyň Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlary egsilmezdir. Çagalaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi barada edilýän aladalar bolsa, hakykatdan-da, ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.
Edaranyň ady: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi
Salgysy: 745700, Arkadag şäheri, Aman Kekilow köçesi, 2-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 57-00-03
Faks belgisi:
E-poçta salgysy: chagalar.sagaldysh@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Elektrobuslar: 1, 2, 3
Ugur almak üçin bellik: Arkadag şäher Baş metjidi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta