Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanany döwrebaplaşdyrmak we bu hassahanada ýurdumyzyň ilatyna ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň dünýä derejesinde berilmegini üpjün etmek maksady bilen, hassahananyň täze binasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Hassahana ýurdumyzyň kesel bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-anyklaýyş, maslahat beriş we okuw-usulyýet merkezi hökmünde bellidir. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň binalar toplumy 350 orundan ybarat bolup, bu ýerde ilata ýöriteleşdirilen kardiologiýa kömegini bermek üçin niýetlenen: merkezleşdirilen kabul ediş, hirurgiki aritmologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, angiohirurgiýa, operasiýa, toksikologiýa we gemodializ, maslahat beriş we anyklaýyş, gan banky, rentgen-endowaskulýar hirurgiýa, çagalar we ulular üçin rewmatologiýa, iç keselleri, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş we kliniki-anyklaýyş, barlaghana hem-de endoskopiýa bölümleri bar.


Merkezde kardiohirurgiýa, kardiologiýa, miokardyň infarkty, funksional anyklaýyş, fizioterapiýa we saglygy dikeldiş ylmy-kliniki, şeýle-de «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümleri hereket edýär. 


Hassahananyň bölümleri ýürek kesellerini anyklamak we bejermek, ýürekde çylşyrymly operasiýalary geçirmek we operasiýadan soňky döwürde ýokary hilli lukmançylyk we saglygy dikeldiş kömegini bermek, reanimasiýa kömegini amala aşyrmak üçin niýetlenen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyk gelýän innowasion tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir.


Hassahananyň kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugurly bölümlerinde ýürek-damar kesellerini bejermegiň, öňüni almagyň täze usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Bölümde aorto-koronar şuntirleme, ýüregiň funksiýasynyň çylşyrymly bozulmalaryny anyklamak boýunça barlaglar, şeýle-de bejergiler geçirilýär. 


Meýilnama boýunça we gaýragoýulmasyz ýagdaýda ýüz tutan damar keselli näsaglar gije-gündiziň dowamynda kabul edilýär. Aterosklerozly, endoarteriitli, tromboflebitli näsaglara konserwatiw bejergi geçirmek, arteriýalarda emeli damarlary ulanyp, aortobifemoral, arterial autowenoz şuntirleme, protezirleme, endarterektomiýa, wenalarda flebektomiýa emelleriniň dürli görnüşini ýerine ýetirmek, damarlaryň şikeslerinde gaýragoýulmasyz hirurgiki kömegini bermek ýola goýlan. Ýürek ritminiň bozulmalaryny hirurgiki ýol bilen bejermek üçin niýetlenen bölüm ýurdumyzyň aritmologiýa ugry boýunça anyklaýyş we bejeriş merkezi bolup, onda aritmologiýanyň iň döwrebap enjamlary oturdylan. Ýürek ritminiň bozulmalarynda çylşyrymly elektrofiziologiýa barlaglaryny we bejeriş işlerini geçirmek, ýüregiň urgusy bozulyp, urgusy 30-35-e çenli haýallanda, ýürege emeli elektrik işledijini deriasty çatylýar, ýüregiň çalt urgy tutgaýlarynda dürli hirurgiki bejeriş çäreleri geçirilýär. 


Hassahanada ýürek işemiýa keselli (miokardyň ýiti infarkty, stenokardiýa, ýürek ýetmezçiligi), kardiomiopatiýaly we miokarditli näsaglara bejergi geçirilýär. Ýokary gan basyşy, onuň gaýra üzülmeleri, ýüregiň urşunyň bozulmalary bolan näsaglara meýilnama boýunça ýatymlaýyn barlag we bejergi geçirilýär hem-de bu näsaglara gije-gündiziň dowamynda gaýragoýulmasyz kömegi berilýär. 


Şeýle-de çagalarda we ulularda bogunlaryň ulgamlaýyn we beýleki rewmatiki kesellerinde doly barlaglar we bejergiler geçirilýär.


Merkez dünýäde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde ýürek-damar we beýleki ulgamlaryň barlaglaryny, ýürege we gan damarlara stent goýmak ýaly operasiýalary üstünlikli geçirilýär. Hassahananyň rentgen-endowaskulýar hirurgiýa bölüminde ýüregiň miokardynyň ýiti infarkty bilen ilkinji 6 sagadyň dowamynda getirilen näsaglara koronarograýa barlaglary, ýürek damarlaryny stentirlemek operasiýalary geçirilýär.


Merkezde ýokary derejeli alymlar, ylmy işgärler we mugallymlar ýürek keselleriniň öňüni almak, olaryň netijeli bejerilişi boýunça ylmy işleri geçirmek bilen meşgullanýarlar. Merkezde birnäçe ugurlar boýunça ylmy-amaly işleri hem ýerine ýetirilýär.


— Türkmenistanyň gurak we yssy howa şertlerinde ýürek-damar keselleriniň, aýratyn-da, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýüregiň işemiýa keseliniň, şeýle hem kardiomiopatiýalaryň sepgit aýratynlyklary we öňüni alyş, bejeriş usullary öwrenildi hem-de işlenip düzüldi.


— Ýüregiň işemiýa keseliniň dürli kliniki geçişlerinde gabat gelýän ýürek ritminiň bozulmalarynyň çylşyrymly görnüşlerini bejermegiň toplumlaýyn çäreleri ýola goýuldy.


— Ýürek ritminiň dürli bozulmalarynyň hirurgiki bejeriş usullary işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.


Merkezde soňky ýyllarda birnäçe ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär we olaryň netijeleri boýunça ençeme amallar saglygy goraýşa ornaşdyryldy. Çap edilen işler kardiolog we kardiohirurg lukmanlaryň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. 


Merkeziň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakdan, her bir adamyň ortaça ýaşynyň dowamlylygyny uzaltmakdan, saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol sebäpli hem ýurdumyzda kardiologiýa ugrundan geçirilýän ylmy-barlag işleriň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar, ylmy barlaglaryň esasy ugurlary işlenip düzülýär.


Ýurdumyzyň kardiologlary dünýäniň alymlary, ylmy jemgyýetleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, daşary ýurtlarda geçirilýän kongreslere, halkara maslahatlara we sergilere işjeň gatnaşýarlar.


Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kardiologlaryň, kardiohirurglaryň, aritmologlaryň, rewmatologlaryň, funksional anyklaýyş we maşgala lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada kardiologiýanyň wajyp meseleleri boýunça diplomdan soňky okuw bölümi hereket edýär we olarda lukmanlar hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirýärler.


«Kardiologiýa» hünäri boýunça kliniki ordinatura, aspirantura bölümi hereket edýär. Birnäçe kardiolog we ýürek-damar hirurg lukmanlary kliniki ordinaturany geçýärler. Aspirantura bölüminde alymlyk derejesine dalaşgärler kardiologiýanyň dürli çylşyrymly ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýarlar.

Ýurdumyzda kardiologiýa gullugynyň ugrukdyryjy ylmy-amaly merkezi hökmünde Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň ylmy işgärleri tarapyndan ýürek-damar keselleri bolan näsaglaryň saglygyny dikeltmek üçin toplumlaýyn maksatnama işlenip düzüldi. Bu maksatnama keselleriň öňüni almaga, bejergini iň amatly ýagdaýa getirmäge, näsaglaryň hassahanada ýatymlaýyn wagtlaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. 


Edaranyň ady: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy


Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 192-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 36-97-26, +993 (12) 36-92-79


Faks belgisi: +993 (12) 36-92-89


E-poçta salgysy: kykmh@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 1, 8, 42, 44, 54, 56, 108, 142


Ugur almak üçin bellik: Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner