Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti
Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy göreş we öňüni alyş gullugy saglygy goraýşyň wajyp ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça milli maksatnamalaryň kabul edilmegi bilen, epidemiologik görkezijileriň, ýagny keselçiligiň öňi alynýar. Ýurdumyzda inçekeseliň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Müdiriýetde ýokanç kesellerden üstün çykmak üçin öz hünärlerine ussat, ýokary hünärli lukmanlar häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryndan peýdalanyp, raýatlaryň saglygyny goramakda ýadawsyz zähmet çekýärler.
2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen Ýokanç keseller merkezleri müdiriýeti birnäçe ýyllar bäri halkymyza gije-gündiz ýokary derejede hyzmat edip gelýär. Müdiriýetiň düzüminde 6 merkez hereket edýär. Olar 105 orunlyk Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, ambulator dispanser bölümli, 60 orunlyk Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi, 260 orunlyk Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi, Merkezleşdirilen barlaghana we Gan merkezi bolup durýar. Mundan başga-da, müdiriýetiň binýadynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dört sany, ýagny ýokanç keseller we epidemiologiýa, ulular we çaga keselleri, inçekesel we deri-wenerologiýa kafedralary hereket edip, talyplara ýokary derejede bilim berilýär.
Müdiriýetiň düzümine girýän merkezleriň her biri hakynda aýratynlykda aýdylanda, Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi gije-gündiziň dowamynda ýüz tutýan näsaglaryň keselini anyklamak, degişli bölümlere ýerleşdirmek, maslahat bermek işini amala aşyrýar.
Merkezde çagalaryň we ulularyň içege ýokanç keselleri, wirusly gepatitler, howa-damja ýollary arkaly geçýän keseller, angina we ýiti respirator ýokanç keselleri, aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär. Bu ýerde näsaglar ähli zerur barlaglardan geçirilip, olara degişli bejergiler berilýär. Şeýle-de bejeriş bölümlerinde goşmaça agyr näsaglar üçin ýörite enjamlaşdyrylan intensiw bejeriş otaglary bar.
Soňky ýyllarda parenteral gepatit keseliniň bejergisinde üstünlikler gazanylýar. Döwlet tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen baglaşylan bilelikdäki maliýeleşdirmek ylalaşyklary esasynda, dowamly C gepatiti bejermek üçin iň häzirki zaman derman serişdeleri satyn alynýar. Munuň özi ýurdumyzda C wirusly gepatit keselli näsaglary bejermäge we keseliň öňüni almaga uly ýardam edýär.
Merkezleşdirilen barlaghanada ýokanç keselleri irki döwürde anyklamak, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak, halka ýokary hilli barlaghana kömegini bermek işi amala aşyrylýar. Barlaghana Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň garamagyndaky merkezi edaralarda ýatymlaýyn, gatnaw şertlerinde, dispanser gözegçiliginde bejergi alýan näsaglara we ambulator ýüz tutýan raýatlara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edýär.
Ýurdumyzda bejeriş edaralaryny zerur halatlarda gan we onuň önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Bu ugurda Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň düzümindäki dünýä ülňülerine gabat gelýän Gan merkeziniň uly ähmiýeti bar. Gan merkezi döwrebap, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde donorlardan gan we ganyň düzümleri alynýan iki operasion otagy bolup, olarda bir wagtda 14 donordan gan we onuň düzümlerini almaga mümkinçilik bar.
Gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilende agyrlaşma ýagdaýlarynyň döremezligi üçin, dünýä ülňülerine gabat gelýän gan ýa-da onuň düzümlerini taýýarlamak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde gan alynýan gemakonlaryň, sarp ediş serişdeleriniň, reaktiwleriň gerek bolan möçberleriniň üstünde işler alnyp barylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Bu ugurda dürli ýokanç keselleriň, şol sanda AIDS keselleriň öňüni almakda giň gerimli düşündiriş işler merkez tarapyndan alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu işler Türkmenistanda 6 sany merkez tarapyndan amala aşyrylyp, Aşgabat şäherinde Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi we 5 sany welaýat merkezleri hereket edýär. Merkezleriň wezipesi ilat arasynda keseliň öňüni alyş işlerini geçirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybaratdyr.
Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynda bolsa, adyndan belli bolşy ýaly, näsaglaryň deri örtüginde ýüze çykan dürli keseller ýokary derejede bejerilýär. Näsaglar degişli derňewlerden we keseliň netijesi takyklanandan soňra, Türkmenistanda öndürilýän derman serişdeleri we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda maslahat berilýän dermanlyk otlary ulanyp, utgaşdyrylyp bejerilýär. «Deri — içki synalaryň aýnasy» diýlişi ýaly, bejergi alýan näsaglar iç keselleri we stomatolog lukmanyň gözegçiliginden hem geçýärler. Köp deri kesellerini we dürli jerhetleme kesellerinden soňky ýüze çykýan gaýra üzülmeleri bejermekde dermanlardan başga-da, fiziobejeriş usullary, çüýşelere gaplanylan «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy, wulkanyň we Mollagara palçyklary ulanylýar.
Müdiriýetiň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezinde ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin amatly şertler döredilip, merkeziň bölümleri iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Merkeziň ylmy-kliniki bölüminde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasy bilen bilelikde döwrümiz üçin wajyp hasaplanýan ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.
«Inçekesele garşy göreş Milli maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, inçekesel ugrundan işleýän halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, AIDS-e, Inçekesele we malýariýa garşy göreş boýunça ählumumy gaznasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Ählumumy gazna inçekesele garşy anyklaýyş we bejeriş üçin kepillendirilen materiallary bökdençsiz getirmegi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler üçin ýurduň tagallalaryny ykrar edip, Türkmenistana «Inçekesele garşy derman serişdelerini satyn almagy netijeli meýilleşdirmegiň lideri» diýen derejäni berdi. Ýurdumyzda inçe kesele garşy derman serişdelerini satyn almakda bökdençlikleriň ýokdugy, derman serişdelerine ähli sargytlaryň wagtynda edilýändigi, derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gorunyň hemişe bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, ählumumy gazna tarapyndan Türkmenistanyň ýurda getirilýän ähli inçekesele garşy derman serişdelerini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasaba alyş we hile döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan bellige alýan ýeke-täk ýurtdugy ykrar edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda inçekesel bilen keselleýjilik ýylsaýyn azalýar. Merkezde dünýä ülňülerine laýyklykda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar we gazanylýan üstünlikler, täze anyklaýyş, bejeriş usullary amaly lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylýar, inçekeseliň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda inçekesel bilen keselçiligiň mundan beýläk-de azalmagyna we ýok bolmagyna ýardam eder.
Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti (ÝKMM)
Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 73-91-78
Faks belgisi: +993 (12) 73-99-27
E-poçta salgysy: ykmm_cid@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 11, 17, 53
Ugur almak üçin bellik: Morfologiýa merkezi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta