Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiz uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň, beýik ösüşleriň mekany bolan eziz Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň: “Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr” diýen sözleri munuň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda deri-wenerologiýa ugruny ösdürmekde, ýokanç keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň saglygyny berkitmekde, durmuşynyň hilini gowulandyrmakda, ömrüni uzaltmakda, ýokanç kesellerden goranmak boýunça ilatyň düşünjesini artdyrmakda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasy ýol-ýörelge bolup durýar.
Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň dispanser bölümine gatnaw şertlerinde ýüz tutýan ýiti, dowamly deri keselli, ýokanç deri we weneriki keselli näsaglar ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün edilýärler we gatnaw şertlerinde anyklaýyş, bejeriş, gözegçilikde saklaýyş we öňüni alyş çäreleri üstünlikli geçirilýär. Bölümde döwrebap PUWA, eksimer lazer enjamlarynda bejergi almak we kosmetologiýa hyzmatlaryndan peýdalanmak näsaglar üçin elýeterdir.
Hassahananyň deri, mikologiýa, wenerologiýa bölümlerinde ýatymlaýyn şertlerinde dürli dowamly deri keselleri, ýagny allergiki dermatozlar, foto-dermatozlar, wirusly dermatozlar, kollagenozlar, waskulitler, psoriaz, ekzema we pemfigus ýaly dowamly deri keselleri, deri leýşmaniozy, dermatomikozlar we ýokançly gijilewük ýaly deriniň ýokanç keselleri bejerilýär, hem-de jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellere barlaghana barlaglary we standart bejergiler edilýär.
Hassahananyň fizioterapiýa bölümi dürli hilli häzirki zaman fizioterapewtiki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we PUWA terapiýa, gidrokolonoterapiýa enjamlary, ondan başga-da refleksoterapiýa enjamy, kombinirlenen ultrases we elektoterapiýa enjamy, UWÇ, wakuum terapiýa enjam, infragyzyl lazeroterapiýa enjamy, kwars, elektroterapiýa enjamy, D,arsenwal, massaž enjamy, lazerli terapiýa enjamy we bisulfatly wannalar, balneoterapiýa ýaly bejeriş usullary giňden ulanylýar we dürli deri keselleri bejermekde gowy netijeler gazanylýar.
Hassahananyň funksional barlag bölüminde näsagyň içki agzalarynyň ýagdaýlaryny barlamak üçin USB, EKG we flurografiýa goşmaça barlaglar geçirilýär.
Hassahananyň lukmançylyk barlag otagynda ilaty ýokanç kesellerden goramak maksady bilen lukmançylyk gözden geçirilmesine degişli kärde işleýän raýatlar jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellere, ýokanç deri kesellerine, garyn – içege, inçekesel ýokanjyna, gelmintozlara döwürleýin lukmançylyk barlaglary geçirilýär, ýüze çykarylan näsaglar dessine bejergä ugradylýar we saglygy dikeldilip, işe dolanyp barmaga rugsat berilýär.
Hassahanada ekspress barlaghanasy hereket edýär, barlaghanada jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellere we ýokançly deri kesellerinden dermatofitiýalara, deri leýşmaniozyna, demodikoza, ýokançly gijilewüge gyssagly barlaglar geçirilip, näsag gelen gününde barlagyň netijesini alyp bilmegi üçin şert döredilýär.
2022-nji ýylda deri-wenerolog lukmanlary “Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleri alyp barmagyň milli kliniki gollanmasyny täzeden seretmegiň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak” barada BSGG-ň Ýewropa sebiti boýunça eksperti, Londonyň gigiýena we tropiki medisina mekdebiniň doktory Daniel Makkartiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatlara gatnaşdylar. Daniel Makkarti milli gollanma täzeden seretmek boýunça hünärmenler bilen yzygiderli birnäçe maslahatlar geçirdi, ony gutarnykly işläp düzmek boýunça Merkezi deri wenerologiýa hassahanasynda 3 günlük okuw sapaklaryny geçirdi. Milli gollanma BSGG-ň çykarýan “Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň alnyp barlyşy boýunça täze gollanmasy” bilen utgaşdyryldy we BSGG-ň eksperti Daniel Makkarti bilen bilelikde JGAGÝ boýunça öňüni alyş we bejeriş milli kliniki gollanma işläp düzüldi. Bu kliniki gollanma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Alymlar geňeşinde tassyklandy we 2025-nji ýylda ýurt boýunça deri-wenerolog lukmanlarynyň iş tejribesine ornaşdyrylar.
2024-nji ýylda dowamly deri keseli bolan psoriaz keseli boýunça Belarussiýa döwletiniň Witebsk şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň deri-wenerologiýa kafedrasynyň dosenti, l.y.k O.Zykowanyň gatnaşmagynda Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde birnäçe maslahatlar geçirildi we gollanma täzeden seredilip, düzmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdi. Psoriaz keseliniň dowamly, näsagyň durmuşynyň hilini pese düşürýän gaýrüzülmeli görnüşlerinde täze döwrebap “Adalimumab” derman serişdesi bilen bejermek boýunça gollanma işlenip düzüldi. Psoriaz keselli näsaglar doly barlaglardan geçirilenden soň ähli garşy görkezmeler ýa-da görkezmeler anyklanandan soň görkezme boýunça saýlanan näsaglarda berk lukmançylyk gözegçiliginiň astynda “Adalimumab” derman serişdesi bilen bejeriş işleri geçirilip başlandy we häzirki wagtda ýola goýuldy.
Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynda öňüni alyş we wagyz nesihat işleri ýerine ýetirilýän işleriň esasy bölegini tutýar. Ýokanç deri keselleriň we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, gatnaşykda bolanlarynyň ählisini lukmançylyk barlagyndan geçirmek, ýüze çykarylan näsaglary öz wagtynda bejermek, saglygyny dikeltmek, saglygy barada düşünjesini artdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, saglygy goraýyş işgärleri üçin edilýän aladalar, olaryň höwesli zähmet çekmeklerine we döredijilikli işlemeklerine ýardam berýär, ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde deri-wenerologiýa ugry boýunça amala aşyrylýan işler ilatyň saglygyny goramaklyga we berkitmeklige gönükdirilendir.
Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy
Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 73-87-16
Faks belgisi: +993 (12) 73-89-24
E-poçta salgysy: derimerk@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 11, 17, 53
Ugur almak üçin bellik: Morfologiýa merkezi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta