Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Saglyk» žurnaly

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň esaslandyrmagynda halkyň dykgatyna ýetirilýän žurnallaryň biri-de «Saglyk» žurnalydyr. Žurnal 1990-njy ýylda döredildi. Ol türkmen dilinde her iki aýdan bir gezek çapdan çykýar. «Saglyk» žurnalyna iki görnüşde – çap edilýän hem-de elektron görnüşindäki neşirleri üçin abuna ýazylmak mümkindir. Žurnalyň kagyz görnüşine abuna ýazylmak «Türkmenpoçta» döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär. «Saglyk» žurnalynyň elektron neşirine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda ýa-da «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylmak mümkin («Saglyk» žurnalynyň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bolýar). Žurnal halk köpçüliginiň «öý lukmanyna» öwrüldi. 


Neşiriň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň saglyk, ekologiýa, sanitar-gigiýena, sport-bedenterbiýe bilen bagly Permanlarydyr Kararlarynyň durmuşa geçirilişini beýan etmekden, jemgyýetçilik we şahsy durmuşa degişli düzgünlere eýermek arkaly keselleriň öňüni almakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.


Žurnalyň sahypalarynda dogry iýmitlenmek, gün tertibini dogry berjaý etmek, zähmeti dynç alyş bilen utgaşdyrmak, sport we bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmak, zyýanly endikleriň we stresleriň, dowamly nerw dartgynlylygynyň saglyga ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan makalalara uly orun berilýär. Olar köplenç makala görnüşinde ýazylýar. Ondan başga-da habar, söhbetdeşlik (interwýu) žanrlary hem ulanylýar. Şeýle hem lukmanlaryň çykyşlary, maslahatlary, soraglara jogaplary ýerleşdirilýär.


Makalalar «Tebigy dermanhana», «Tebigat», «Zenan saglygy», «Çaga saglygy», «Görk agyzdan», «Anyklaýyş», «Sagdyn iýmitleniň, sagdyn boluň!», «Psihologiýa», «Sagdyn bedende – sagdyn ruh», «Sagdyn ýaşalyň!», «Sorag-jogap», «Sport lukmançylygy», «Sport» diýen rubrikalarda ýerleşdirilýär.


Dermanlyk ösümlikleriň himiki düzümi, saglyga täsiri, olardan dürli melhemlikleriň taýýarlanylyşy we ulanylyşy baradaky makalalar «Tebigy dermanhana» rubrikasynda beýan edilýär. Onda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabyna salgylanyp berilýän makalalar okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.


«Görk agyzdan» rubrikasynda miweleriň, gök önümleriň, ter gök otlaryň, et we balyk önümleriniň, hoşboýluklaryň düzümi, saglyga täsiri, berhizli iýmitlenişde ulanylyşy barada gürrüň berilýär.


«Psihologiýa» rubrikasynda ýerleşdirilýän makalalar okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Sebäbi olarda dürli temperamentlere degişli adamlaryň hüý-häsiýeti, dünýägaraýşy, aň-düşünjesi, adamlaryň özara gatnaşyklary, maşgaladaky we jemgyýetdäki gatnaşyklar barada täsirli gürrüň berilýär.


«Zenan saglygy» we «Çaga saglygy» rubrikalarda berilýän makalalarda eneleriň we çagalaryň saglygynyň derwaýysdygy hakynda söz açylýar.


Žurnalyň sahypalarynda «Sorag-jogap» rubrikasynda ähli ugurlar boýunça lukmanlaryň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň alym-mugallymlarynyň jogaplary ýerleşdirilýär. Okyjylar soragyna jogap alandan soň, lukmana gös-göni iş ýeri ýa-da telefon arkaly ýüz tutup bilýärler. Soňra köp gaýtalanýan sowallar boýunça makalalar ýazylýar.


«Anyklaýyş» rubrikasynda ýerleşdirilýän makalalarda näçe ýaşda we haýsy kesellerde nähili barlaglardan geçmelidigi barada anyk maslahatlar berilýär.


«Saglyk» žurnalynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler barada yzygiderli habar berilýär. Halkara guramalaryň, esasanam, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklary, bilelikdäki işleri hakda makalalar has gyzyklanma bilen garşylanýar. Žurnalyň işgärleri ýurdumyzda bolup geçýän halkara ylmy maslahatlary, konferensiýalary, guralýan sergileri hem ünsden düşürmeýärler. Halkara çärelere gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ylmy açyşlar, saglygy goraýşyň, dünýä lukmançylygynyň ösüşi baradaky pikirleri öwrenilip, okyjylara ýetirilýär.


Žurnalda makalalar düşnükli, sada dilde beýan edilýär. Žurnal surat bezegi bilen hem okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Muňa okyjylaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpelmegi hem güwä geçýär.


Hormatly Prezidentimiz «Saglyk» žurnalynyň işgärleriniň işine uly baha berýär. «Saglyk» žurnalynyň döredijilik topary birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.


«Saglyk» žurnalyndan materiallar, eserler, fotosuratlar göçürilip çap edilende, hökmany suratda žurnala salgylanmalydyr!


Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi


Edaranyň ady: «Saglyk» žurnalynyň redaksiýasy​


Redaksiýanyň salgysy: 744036, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 38-61-65


Faks belgisi: +993 (12) 38-61-67

E-poçta salgysy: saglyk-zurnaly@sanly.tm


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

Şenbe 09:00 – 13:00


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 23, 58


Ugur almak üçin bellik: Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: ​Ýandeks karta


Elektron neşire abuna ýazylmagyň salgylanmasy: «Saglyk» žurnaly


banner
banner
banner