Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnaly

«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyndaky beýik başlangyçlary, üstünlikleri giňişleýin wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, raýatlaryň saglygyny goramakda, berkitmekde, ömür dowamlylygyny uzaltmakda gazanylýan üstünlikler barada maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde, «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýen ýörelgeden ugur alýan eziz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitleri, üstünlikleri wagyz etmekde, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleri, öňde durýan wezipeleri halk köpçüligine we dünýä okyjylaryna ýetirmekde netijeli işleri alyp barýan neşirleriň biridir.


«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligidir. Žurnal 1934-nji ýylda «3дравоохранение Туркменистана» ady bilen rus dilinde neşir edilip başlanýar. 2002-nji ýyldan bolsa žurnalyň ady «Türkmenistanyň lukmançylygy» diýlip atlandyrylyp, iki aýdan bir gezek üç dilde, ýokary hilli poligrafiýa talaplaryna gabat getirilip çap edilip başlandy.  


Žurnal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýokary attestasion komissiýasy tarapyndan lukmançylyk ugrunda ylmy işleri çap edýän neşir hökmünde kabul edilendir.


«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň ýylda 6 sany çapdan çykýar, žurnalyň kagyz görnüşine abuna ýazylmak «Türkmenpoçta» döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär, žurnalyň elektron neşirine bolsa «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda ýa-da «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylmak mümkin («Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bolýar).


Žurnalyň esasy maksady ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy we amaly lukmançylygynda bolup geçýän täzelikleri, alnyp barylýan işleri, ýetilen sepgitleri çap edip, okyjylar köpçüligine ýetirmek bolup durýar.


«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnaly «Baş makala» bölümi, «Saglygy goraýyşdaky özgertmeler», «Saglygy goraýşyň guramaçylygy», «Nazary we amaly lukmançylyk», «Amaly lukmanlara kömek», «Beýanlar we edebi synlar», «Amaly lukmançylykdan wakalar», «Farmasiýa we farmakologiýa», «Milli lukmançylyk mirasy» ýaly rubrikalarda dürli makalalary okyjylaryna ýetirýär.


«Baş makala» bölüminde saglygy goraýyşda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilýän maksatnamalardyr meýilnamalary durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işler, täzelikler, üstünlikler çap edilýär. 


«Nazary we amaly lukmançylyk» rubrikasynda ýurdumyzdaky dünýä ülňülerine laýyk maddy enjamlaýyn binýatly ylmy-kliniki merkezlerde, halkara müdiriýetlerde, welaýatlardaky köpugurly we ulgam derejesine ýetirilen merkezlerde geçirilýän ylmy işler çap edilýär.


Žurnalyň «Amaly lukmanlara kömek» rubrikasynda, esasan, saglygy goraýşyň amalyny ylmy taýdan ösdürmek, ýokary tehnologiýalary özleşdirmek, keselleri bejermegiň ýokary netijeli halkara talaplaryna gabat gelýän innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça ylmy işleri alyp barýan alym lukmanlaryň ylmy işleri çap edilýär. Bu bolsa merkezlerde we welaýatlarda işleýän lukmanlaryň arasynda özboluşly tejribe alyşmagyň bir usuly bolup durýar.


«Amaly lukmançylykdan wakalar» rubrikasynda lukmanlaryň iş tejribesinde seýrek duşýan wakalar barada makalalar çap edilýär. Rubrikada çap edilýän makalalar has-da amaly lukmanlarda gyzyklanma döredýär.


«Farmasiýa we farmakologiýa» rubrikasynda farmakologiýadaky we farmasiýadaky ösüşler, bu ugurdaky innowasiýalar, täze derman we bejeriş-anyklaýyş serişdeleri barada, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen, ekologiýa taýdan arassa derman otlaryndan taýynlanýan derman serişdeleri, çaýlar, ýurdumyzyň şypahanalaryndaky bejeriji palçyklardyr duzlaryň farmakologiki aýratynlyklaryna bagyşlanan makalalar çap edilýär.


​Žurnalda saglygy goraýşyň ösüş depginlerine, hukuk, guramaçylyk ugurlaryna degişli makalalar hem yzygider okyjylara hödürlenýär. Şeýle-de, ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy-amaly konferensiýalara, sergilere, ýetilen sepgitlere, täze tehnologiýalaryň, usullaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan makalalara hem uly orun berilýär.   


Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň işgärleriniň işine uly baha berýär. «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň hem birnäçe gezek ýeňijisi boldy.


«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyndan materiallar, eserler, fotosuratlar göçürilip çap edilende, hökmany suratda žurnala salgylanmalydyr!


Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi​


Edaranyň ady: «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň redaksiýasy​


Redaksiýanyň salgysy: 744036, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 38-61-55


Faks belgisi: +993 (12) 38-61-55


E-poçta salgysy: t-lukmanchylygy-zurnaly@sanly.tm 


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 23, 58


Ugur almak üçin bellik: Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks karta


Elektron neşire abuna ýazylmagyň salgylanmasy: «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnaly


banner
banner
banner