Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Arçman» şypahanasy

«Arçman» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatara 130 kilometr uzaklykda Köpetdagyň «Degirmendag» diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. Şypahana 1915-nji ýylda açylyp, ilkinji näsaglary kabul edip başlaýar. «Arçman» şypahanasynyň 2009-njy ýylda 420 orunlyk binasy guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda ol 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.


Şypahananyň gowşak minerallaşan şypaly suwy tebigy ýagdaýda, çeşme görnüşinde çykýar. «Arçmanyň» şypaly suwy bu babatda ýurdumyzda ýeke-täk bolup, himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili, gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. Suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 28,2 — 28,5 gradusa deňdir. Onuň şypaly suwy içmek, suwa düşmek, içegeleri ýuwmak üçin giňden peýdalanylýar. Ol beden agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrýar.


Halk arasynda «Arçman» şypahanasy, esasan, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini bejerýän şypahana hasaplansa-da, häzirki wagtda bu melhemler mesgeninde deri, nerw, aýal jyns agzalarynyň kesellerini bejermeklige-de doly şertler döredilendir. Bu näsazlyklary netijeli bejermek üçin bejergi otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilendir.


Şypahanada iki sany anyklaýyş we bejeriş bölümi bolup, onda iki sany USB otagy, EKG otagy, endoskopiýa otagy, rentgen otagy, fizioterapiýa bejergileri üçin otaglar, sagaldyş-bedenterbiýe, (ozokerit, aeroionoterapiýa) wulkan palçygyny ýüze ýapmak otagy, diş etine ýapgy ýapmak otagy, owkalaýyş, iňňerefleks otaglary hereket edýär. 


Suw bilen bejeriş bölüminde bejeriş wannasy, derman ösümliklerden wanna, içege ýuwulýan otag, aşgazan ýuwýan otag, suw pürkmek arkaly em edilýän otaglar, barlaghana, suw içilýän bölüm hereket edýär. Raýatlara gerek bolan halatynda ginekolog, stomatolog, newropatolog, gastroenterolog, iç keseller lukmanlary saglygy goraýyş kömegini berýärler. 


Şypahanada aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, periferik nerw ulgamlarynyň keselleri, deri we ginekologik keseller bejerilýär. Esasan, gyzylödegiň dowamly gaýnaglamasy, dowamly aşgazan keselleri (gastritler), öt haltanyň we öt ýollarynyň keselleri, olaryň diskineziýalary, gepatit, kolitler, enterekolitler, babasiliň daşky we içki görnüşleri, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň başly ýarasynyň ýiti däl döwri, ýüregiň işjeňliginiň bozulmagy (ýürek newrozlary), öte geçmedik ateroskleroz keseli, birinji derejeli gipertoniýa (ýüregiň we beýni gan aýlanyşynyň bozulmalarynyň alamatlary ýok bolan ýagdaýynda), döreýşi dürli bolan (inçekeselden başgasy) dowamly guragyrylar, bogunlaryň keselleri (çiş bolmadyk ýagdaýynda), madda alyş-çalşygynyň bozulmagy zerarly dörän oňurga we bogunagyrylary (artritler), oňurgalara we bogunlara duz ýygnama keseli (osteoartroz), çakyza, kükrek we oňurgalaryň radikulidi, nerw ulgamynyň dowamly gaýnaglamasy, semizligiň ýeňil we orta derejesi, klimaks zerarly döreýän näsazlyklar, neýrodermit, dowamly iteşen, gyzylendigan demrew, psoreaz, parapsoreaz, ýatgy we degişli dowamly keseller, aýbaşynyň bozulmalary bejerilýär. 


Öýken, böwrek keselleri, süýjüli diabet (insuline garaşly ýagdaýda), witiligo, şeýle hem ýokarda agzalan keselleriň ýitileşen döwürleri, öt-daş we täze dörän howply çiş keselleri bolan näsaglara şypahana bejergisi çäklendirilýär.

Şypahanada keseller toplumlaýyn bejerilýär. Bejergilerden başga-da dermanlyk otlardan taýýarlanan demlemeler we çaýlar halka hödürlenýär.


«Arçman» şypahanasynda zenanlara edilýän ginekologiki hyzmatlar hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Şypahana bejergileriniň netijesinde aýallaryň önelgesizlik ýagdaýlarynyň öňi alynýar. Önelgesizligiň esasy sebäpleriniň biri hem jyns agzalarynyň dowamly sowuklama keselleridir. Şypahanada dynç almaga we iýmit siňdiriş ulgamynyň näsazlyklaryny (esasan, dowamly gastritler, dowamly holesistopankreatit ýaly keseller) bejertmäge gelen gelin-gyzlarda ginekologiki keseller, ýagny aýallaryň jyns agzalarynyň näsazlyklary ýygy duş gelýär. Bu kesellere jyns agzalarynyň ilkinji we ikinji amenoreýasy (aýbaşynyň gelmezligi), önelgesizlik degişlidir. Şypahanada zenanlar görkezme boýunça (öň anyklanan ginekologiki keseli bar bolan ýagdaýynda) ýa-da öz saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamak isleýän zenanlar öz islegleri boýunça ginekologiki barlagdan geçirilýär. Kesel doly anyklanandan soň näsaglara köptaraplaýyn bejeriş usullary teklip edilýär. Şypahanada ýola goýlan balneoterapiýa (kükürt-wodorodly wanna almak), mineral suw bilen ýuwmak, palçyk bilen bejergini geçirmek, elektrobejeriş jyns agzalarynyň keselleriniň gowulaşmagyna, aýbaşy döwrüniň kadalaşmagyna, gasykdaky agyrynyň azalmagyna, zenanlaryň fertil işjeňliginiň, ýagny çaga dogurmak mümkinçiliginiň täzeden dikelmegine getirýär. «Arçman» şypahanasynda ginekologiki bejergini almak isleýän zenanlar hökmany ýagdaýda şypahana gelmezden öň ýaşaýan ýerleri boýunça saglyk öýlerinde ginekolog lukmanyň maslahatyny almalydyrlar. Şypahanada şeýle keselleri bolan zenanlara garşy görkezmeler berilýär:


• jyns agzalarynyň ýiti sowuklamasy;


• gan akmaly ýatgy miomasy;


• howply täze döremeleriň bolmagy güman edilýän ýa-da anyklanan;


• himiýa we şöhle bejergisini alýan;


• operasiýa bejergisine taýýarlanýan;


• gormonal bozulmalar sebäpli döreýän aýal keselleri (ýatgynyň miomasy, endometriýoz, ýatgynyň goşantgylarynyň çişleri (kistalary) we mastopatiýa anyklanan;


• işjeň derejeli inçekeselli zenanlara şypahana bejergisinde melhemleri (wanna, palçyk, fiziobejergi) almak maslahat berilmeýär.


Aýbaşy aýlawy bozulan zenanlara ginekologiki bejergä gelmezden öň ýaşaýan ýerlerinde endokrinolog lukmanynyň maslahatyny almak maslahat berilýär. Şeýle zenanlarda ganyň düzümindäki gormonlaryň (esasan, estrogeniň) derejesini barlamak wajypdyr. Çünki estrogeniň derejesine görä şypahanada degişli bejeriş usuly saýlanyp alynýar.


Şypahanada ginekologiki bejeriş usullarynyň ählisi (wannadan başgasy) daşary çykmasyz, dynç alyş binasynyň özünde geçirilýär.


Önelgesizliklerden ejir çekýän zenanlara şypahana bejergisinden soňra ýörite barlag (metrosalpingografiýa) usulyny geçirmek teklip edilýär. Şeýlelikde, jyns agzalarynyň dowamly gaýnaglama kesellerinde şypahana bejergileriniň ähmiýetiniň ýokary netijeliligini aýtmak bolar.


Şypahananyň mineral suwlary kelle beýnisiniň gabygyndaky gyjynma, togtama hadysalarynyň deňagramlylygyny dikeltmäge, öthaltanyň işjeňligini ýokarlandyrmaga we öt haltada ödüň toplanyp, daşyň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle hem öt haltadaky daşyň ýerinden gozganmagyna itergi berip bilýär, ýöne ony eretmeýär, owratmaýar, aýyrmaýar.


Şypahananyň tebigy suwuny, ýagny düzüminde kükürtli wodorod we beýleki mikroelementler saklanýan mineral suwlaryny içmek, wanna kabul etmek, içegeleri ýuwmak arkaly ulanmaga garşy görkezmeler hem bardyr. Daýanç-hereket, nerw, deri ulgamlarynyň, aýallarda jyns agzalarynyň keselleriniň ýiti döwri, inçekesel, süýjüli diabetiň käbir görnüşleri, howply täze döremeler, ýokanç keseller, içki we daşky gan akmalar, aýallarda göwrelilik döwri şeýle garşy görkezmelere degişlidir.


Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin bejeriş ähmiýetli otaglardan başga­-da, dynç alyş­-jemgyýetçilik otaglary hem göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde berhiz lukmany tarapyndan ýörite düzülen aýry­-aýry berhiz nahar sanawyny içine alýan restoran, dükan, kitaphana we internet zaly, maslahatlar zaly, tennis we bilýard otaglary hem-­de isleg bildirýän her bir adamyň türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biljek ýeri bolan fitobar ýerleşýär. Fitobarda bolsa, lukmanlaryň maslahatlary esasynda bellenilýän Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, dürli görnüşli hoşboý ysly melhemlik çaýlar demlenip, şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlara hödürlenýär. Bu bolsa şypahana bejergisiniň has oňyn täsirli bolmagyna getirýär.


«Arçman» şypahanasynda täze anyklaýyş-bejeriş we dynç alyş binalarynyň gurulmagy, öň bar bolan binalaryň durkunyň täzelenmegi bu ýere dynç almaga, şonuň ýaly-da bejergi almaga gelýän raýatlarymyzyň sanynyň has-da artmagyna getirdi. Şypahana ýylyň ähli paslynda ildeşlerimiziň we daşary ýurt raýatlarynyň dynç almagy we saglyklaryny dikeltmekleri üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär. 


Ýurdumyzyň şypahanalarynda saglygyňy dikeltmek üçin, raýatyň ýanynda onuň şahsyýetini tassyklaýan pasporty, ýaşaýan ýeri boýunça hyzmat edýän saglyk öýi tarapyndan berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasy bolmalydyr.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasy

Salgysy: ​745180, Türkmenistan, Ahal welaýaty, Bäherden etraby, «Arçman» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (131) 2-64-56


Faks belgisi: +993 (131) 92-14-10


E-poçta salgysy: archman@online.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: Ýolagçy gantawlary


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner