Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Awaza» şypahanasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. «Awaza» häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleri, myhmanhanalary, sport desgalary, medeni-dynç alyş seýilgähleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek hemmäniň arzuwydyr.


Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (de­ňiz howasyndan dem almak), de­ňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (de­ňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giň­den ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soň­ky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýän lukmançylyk hyzmatlary doly ýola goýuldy.


«Awaza» şypahanasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. 2018-nji ýylyň iýul aýynda açylan halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu şypahana toplumynyň 9 gatly binasy birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir.


Şypahana Hazar deňzinden ýörite suw turbalary arkaly melhemlik üçin deňiz suwy çekildi hem-de şypahananyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan dik guýy, ýagny ýod-bromly, hloridli, natrili bejeriş-mineral suw çeşmesi burawlandy. Şypahananyň mineral-bejeriş suwy ýod-bromly suwlar toparyna degişli bolup, ýoduň mukdary 53,64 mg/dm3, bromuň mukdary bolsa 312 mg/dm3 deňdir. Onuň düzüminde hlor, gidrokarbonat, kalsiý, magniý we natriý bar. Suwuň minerallaşmagy 196,4 mg/dm3, aşgarlylygy (ph) 5,28, ýylylygy 26 oC deňdir. 


Şypahanada mineral suw bilen bejeriş (balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş), howuz we SPA, anyklaýyş-maslahat beriş, dikeldiş, fiziobejeriş (elektroterapiýa, mehanoterapiýa, ergoterapiýa, iňňerefleksoterapiýa, «Sling» terapiýa, ozonoterapiýa, pressoterapiýa, lazeroterapiýa otaglary) bölümleri hereket edýär.


Şypahananyň suw bilen bejeriş bölüminde ýod-bromly mineral suwly wannalara howa akymyny goşup, suwasty owkalama, hem-de dürli yşyklar bilen yşyklandyryp, hromoterapiýa, galwanik wanna we dürli görnüşli duşlar bilen, akwaowkalama, ýagny dürli güýçli we tizlikli suw akymlar arkaly bedene suw degmezden suw bilen owkalama, gidrokolonoterapiýa hem-de Mollagara we wulkan palçyklaryndan ýapgylar, sowuk howa akymy bilen bejeriş (krioterapiýa), duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş (galoterapiýa), basyş bilen bejeriş (pressoterapiýa) ozon bilen bejeriş (ozonoterapiýa), hoşboý yslar bilen bejeriş (aromaterapiýa), gyzgyn daşlar bilen owkalama (stounoterapiýa), galokamera, SPA bejergileri üçin şertler, iňňerefleskoterapiýa, ergoterapiýa, kineziterapiýa, mehanoterapiýa, ýod-bromly, mineral suwly, deňiz we agyz suwly howuzlar, saunalar (infragyzyl şöhleli, gury, bugly), dikeldiş fitnes otaglary, bejeriş bedenterbiýesi we sport otaglary arkaly raýatlarymyza ýokary hilli şypahana bejergisi berilýär.


Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak-burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi, raýatlary doly lukmançylyk barlaglaryndan geçirip we degişli maslahatlary bermeklige ähli şertleriň döredilmegi şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.


«Awaza» şypahanasynyň Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürýän kompaniýalarynyň önümleri bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş bölümleridir otaglary bar we bu ýerde öz işine ussat lukmanlar halkymyza ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürleýärler.


«Awaza» şypahanasy nerw (merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, newrozlar, wegeto-damar distoniýasy, dowamly ýadawlyk sindromy, çetki nerw ulgamynyň keselleri: osteohondroz, newralgiýa, neýropatiýalar), ýürek-damar (gipertoniýa keseli, ýüregiň işemiýa keseli, infarktdan soňky kardioskleroz, ýüregiň we kelle beýnisiniň damarlarynyň aterosklerozy, wena damarlarynyň warikoz giňelmesi), daýanç-hereket ediş (artritler, poliartritler), endokrin (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, süýjüli diabet, gipofizar ýetmezçilik), dem alyş (bronhial demgysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesiniň beterleşmedik döwründe, allergik we rasmatoidli dowamly bronhitler, dowamly faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinozlar, allergik rinosinusitler, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri), deri (neýrodermit, ekzema, iteşen gaýtgyn döwründe), peşew çykaryjy (piýelonefrit, uretritler we sistitler, peşew-daş keseli) we jyns agzalarynyň kesellerinde (endometrit, erkeklik mäziniň adenomasy, prostatitler) ulgamlaryň işjeň dikeldiş çärelerini (reabilitasiýa) geçirmekde we raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde üstünlikli peýdalanylýar. Deňiz we mineral suwlaryň peýdaly maddalarynyň toplumy, kenarýaka deňiz howasy bilen utgaşyklykda adamyň umumy saglygynyň berkidilmegine netijeli täsir edýär. Maşgala lukmanynyň ýa-da ýörite hünärmen lukmanlaryň maslahatlary bilen gelýän raýatlar şypahanada saglyklaryny dikeldip, şypa tapýarlar.


Häzirki wagtda dünýäde şypahana hyzmatlarynyň hili yzygiderli kämilleşýär we döwrebaplaşýar. Halkymyza kämil, döwrebap, ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny bermek üçin şypahananyň saglygy goraýyş işgärleri hünär kämilligini artdyrmak, tejribe alyşmak, bu ugurda döwür bilen deň gadam basmak maksadyna eýerip, ösen döwletlerde okuw-kämilleşdiriş saparlarynda bolup gelýärler.


Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin bejeriş ähmiýetli otaglardan başga­-da, dynç alyş­-jemgyýetçilik otaglary hem göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde berhiz lukmany tarapyndan ýörite düzülen aýry­-aýry berhiz nahar sanawyny içine alýan naharhana, dükan, kitaphana we internet zaly, maslahatlar zaly, tennis we bilýard otaglary hem-­de isleg bildirýän her bir adamyň türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biljek ýeri bolan fitobar ýerleşýär. Fitobarda bolsa, lukmanlaryň maslahatlary esasynda bellenilýän Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, dürli görnüşli hoşboý ysly melhemlik çaýlar demlenip, şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlara hödürlenýär. Bu bolsa şypahana bejergisiniň has oňyn täsirli bolmagyna getirýär.


Bagtyýar zamanamyzyň aýdyň nyşany bolan «Awaza» şypahanasy ýylyň ähli paslynda ildeşlerimiziň hyzmatynda. 

Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasy


Salgysy: 745000, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etraby, Oguz han şaýoly, «Awaza» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (243) 5-78-20


Faks belgisi: +993 (243) 5-77-68


E-poçta salgysy: awaza@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 7


Ugur almak üçin bellik: «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner