«Bagabat» şypahanasy
Ýurdumyz üçin şanly wakalara beslenen baýram günlerinde, has dogrusy, 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesinde «Bagabat» şypahanasynyň täze binasy açylyp ulanylmaga berildi.
Adam saglygy üçin peýdaly bolan ekologiki taýdan arassa dagyň howasy, dermanlyk ösümlikleri sazlaşyp, şypahananyň tapawutly aýratynlygyna öwrülýär. «Bagabat» şypahanasynda aeroterapiýany, gelioterapiýany, bejeriş mineral suwy, fiziobejeriş usullaryny we beýleki birnäçe şypahana bejergileriniň täze usullaryny öz içine alýan, ýagny toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullary giňden ulanylýar.
«Bagabat» şypahanasy dem alyş (bronhial demgysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesiniň beterleşmedik döwründe, dowamly bronhit, dowamly faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinoz, allergiki rinosinusit, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri), nerw (merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, newroz, wegeto-damar distoniýasy, dowamly ýadawlyk sindromy, çetki nerw ulgamynyň keselleri: osteohondroz, newralgiýa, neýropatiýa), ýürek-damar (gipertoniýa keseli, ýüregiň işemiýa keseli, infarktdan soňky kardioskleroz, ýüregiň we kelle beýniniň damarlarynyň aterosklerozy, wena damarlarynyň warikoz giňelmesi), daýanç-hereket ediş (artrit, poliartrit), endokrin (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, süýjüli diabet, gipofizar ýetmezçilik), deri (neýrodermit, ekzema, iteşeniň gaýtgyn döwri), peşew-jyns we ginekologiki (piýelonefrit, uretrit, sistit, endometrit, prostatit, peşewdaş) keseli, iýmit siňdiriş (dowamly gastrit, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş keseliniň, dowamly kolitler, enterokolitleriň, dowamly pankreatitiň, bagryň, öt çykaryjy ýollarynyň dowamly keselleriniň, reflýuks keselleriň ýiti däl döwürlerinde), alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalary (semizlik, süýji keseliniň II tipi) ýaly meselelerde işjeň dikeldiş çärelerini geçirmekde, raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmakda ähmiýeti uludyr.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu şypahananyň birbada 200 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bardyr. Täze açylan «Bagabat» şypahanasynda 3 gatly esasy binalar toplumy, onuň ýanynda raýatlaryň rahat dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilen otaglar göz öňünde tutulyp, 2 sany bina gurlan. Bu binalarda bir orunlyk, iki orunlyk otaglar bolup, olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Şypahana anyklaýyş-maslahat beriş, balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa bölümlerinden, howuzlar we SPA bölümden ybaratdyr.
Binanyň birinji gatynda ýerleşdirilen balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş bölüminde erkekler, aýallar üçin aýry otaglar göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde näsaglara berilýän bejergilerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň dürli ugurlar we bejeriş boýunça niýetlenen enjamlaryndan peýdalanylýar. Bölümde mineral suwly we suwasty owkalama wannalary, ýogyn içegäniň mineral suw bilen bejerilişi (gidrokolonoterapiýa), suwuň içinde oňurga çekiji enjam, şarko, aýlawly duşlar, palçyk bilen bejermek (fangoterapiýa) emleri geçirilýär.
Bu gatdaky howuzlar we SPA bölüminde mineral suwly howuz, daýanç-hereket ediş agzalarynyň keselleri üçin niýetlenen ýörite enjamly howuzlar bar. Olar iň häzirki zaman ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde kämil akwatrenažýor, suwasty ylgaw ýodasy, näsaglary götermek üçin kombilift enjamy we howdan lifti, suwasty parallel ştanga ornaşdyrylandyr.
Bu bejeriji em bedeniň ähli bölekleriniň hereket etmegine we şol bir wagtda türgenleşmegine ýardam berýär. Suwuň astynda agyrlyk güýjüniň peselmegi adamyň erkin hereket etmegine we maşklary aňsatlyk bilen ýerine ýetirmegine mümkinçilik döredip, näsaglaryň tiz wagtda saglyklaryny dikeltmeklerine ýardam edýär. Maşklar we türgenleşikler suwda ýerine ýetirilen halatynda näsaglaryň şikes alma howpy has peselýär, bu bolsa olaryň rahat bejergi almagynyň zerur şerti bolup durýar. Suwdaky bejeriş-türgenleşik usuly ýörite tälimçiniň gözegçiliginde bedeniň fiziki ýagdaýyna, näsagyň keseline we islegine görä alnyp barylýar.
Bölüm gury akwaowkalama, krioterapiýa otaglary, bulardan başga-da, infragyzyl şöhleli, gury, bugly saunalar, türk hammamy, galoterapiýa, aromaterapiýa, bejeriş owkalama, stounoterapiýa üçin niýetlenen otaglar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Binanyň ikinji gatynda ýerleşýän anyklaýyş-maslahat beriş bölümi USB, EKG, rentgen, pulmonolog, stomatolog, newrolog, kardiolog, gulak-burun-bokurdak, oftalmolog lukmanlarynyň we beýleki hünärmenleriň otaglaryny öz içine alýar.
Kabul ediş otagy sebitde öňdebaryjy döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Lukmanlaryň ýokary hünär derejesi, otaglaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, bölümde her näsaga aýratyn çemeleşmäge, olara ýokary derejeli ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermäge doly mümkinçilik berýär.
Degişli gatdaky fizioterapiýa bölüminde emleriň dürli görnüşleri göz öňünde tutulan. Bu ýerde oňurga we bogun kesellerinde, insultdan, şikesden soňky dikeldişde, ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň kesellerinde ähmiýetli emler geçirilýär. Bölümde ýokary hünärli fizioterapewt lukmanlar näsaglarda bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barýarlar. Bölümde ornaşdyrylan fizioterapiýa enjamlarynyň iň kämil görnüşleri näsaglara ähli bejeriş we dikeldiş emlerini ýerine ýetirmäge uly mümkinçilik berýär.
Şypahanada raýatlaryň medeniýetli, rahat dynç almaklary üçin dynç alyş-jemgyýetçilik otaglary hem hereket edýär. Bu ýerde diýetolog-lukmanyň görkezmesi esasynda berhiz tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar halka hyzmat edýär. Fitobarda şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlara dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan bejerijilik häsiýetli çaýlar, miwe önümleri, şerbetli suwlar hödürlenilýär. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryndan we «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabyndan ugur alnyp taýýarlanylýan bejerijilik ähmiýetli çaýlar raýatlaryň saglygyna oňyn täsir edýär.
Üç gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan, howlusy gür baglyga bürenen ak mermerli binanyň daş-töweregindäki ýaşyl meýdançada ýodalar we telärler göz öňünde tutulyp, gezelenç üçin goşmaça şertler döredilen. Mundan başga-da, näsaglaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, billýard oýunlaryna niýetlenen sport toplumy, çagalar üçin sport meýdançasy we çaýhana halka hyzmat edýär.
Täze şypahana ýokary hilli bejergileri bilen ilatyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda, bedeniň işe ukyplylygyny artdyrmakda raýatlarymyza hyzmat eder.
Şypahanada, esasan, dem alyş ulgamynyň:
• bronhial demgysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesiniň ýitileşmedik döwrüni;
• allergiki we asmotoidli komponentli dowamly bronhitleri;
• dowamly faringiti;
• laringiti;
• riniti;
• sinusiti;
• pollinozlary;
• allergiki rinosinusitleri;
• öýkeniň dowamly obstruktiw kesellerini,
Nerw ulgamynyň:
• merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalaryny;
• newrozlary;
• wegetatiw damar distoniýasyny;
• dowamly ýadawlyk sindromyny;
• çetki nerw ulgamynyň kesellerini;
• osteohondrozy;
• newralgiýany;
• neýropatiýalary,
Ýürek-damar ulgamynyň:
• gipertoniýa keselini;
• ýüregiň işemiýa keselini;
• infarktdan soňky kardiosklerozy;
• ýüregiň we kelle beýniniň damarlarynyň aterosklerozy;
• wena damarlarynyň warikoz giňelmesini,
Daýanç-hereket ediş ulgamynyň:
• artritleri;
• poliartritleri,
Endokrin ulgamynyň:
• galkan şekilli mäziň kesellerini;
• süýjüli diabeti;
• gipofizar ýetmezçiligi,
Deri keselleri:
• neýrodermiti;
• ekzemany;
• iteşen gaýtgyn döwrüni,
Peşew-jyns we ginekologiki keselleri:
• piýelonefriti;
• uretritleri we sistitleri;
• endometritleri;
• prostatitleri,
Alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalary:
• semizlik ýaly kesellerde şypahana bejergisiniň oňyn täsiri bardyr.
Şypahana bejergisi kesellerden soňky dikeldiş çärelerini (reabilitasiýa) geçirmekde, şeýle-de raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde üstünlikli peýdalanylýar.
«Bagabat» şypahanasy Diýarymyzyň baý tebigy melhem bejeriş serişdelerini ulanmak bilen dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagynda täsiri uludyr.
Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Bagabat» şypahanasy
Salgysy: 745205, Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, «Bagabat» şypahanasy
Telefon belgisi: +993 (12) 59-44-02, +993 (137) 3-73-30
Faks belgisi: +993 (137) 3-73-28
E-poçta salgysy: bagabat@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobus: 91
Ugur almak üçin bellik:
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta