Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Baýramaly» şypahanasy

«Baýramaly» şypahanasy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. Şypahana 1933-nji ýylda açyldy, 2010-njy ýylda şypahananyň birnäçe binalarynyň durky düýpli täzelendi we dünýä ülňülerine laýyk gelýän, hersi 250 adama niýetlenen 2 sany täze bina ulanylmaga berildi. Şypahananyň bir wagtyň özünde 800 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bar. Ol diňe bir ýurdumyzda belli bolman, eýsem, daşary ýurtlarda hem meşhurdyr.


Şypahana täsin tebigy we geografik aýratynlygy, amatly ýerleşişi we suwunyň bejeriş aýratynlygy bijen tapawutlanýar. Demirgazyk giňişliginiň 62 °C, gündogar uzaklygynyň 37-40 °C aralygynda deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşen Baýramalynyň çäginde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüş ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Gara deňziň kenaryndaky şypahanalar bilen deňeşdirilende howanyň çyglylygynyň 20 esse azdygy, ýylyň bütin dowamynda güneşli günleriň bolmagy, aýratyn hem aram gurak howasy Baýramalyda böwrek we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin diýseň amatly şertleri döredýär. Ýeriň üstüne Günüň ultramelewşe şöhleleriň düşmegi boýunça Ýer togalagy 3 guşaga bölünýär. Baýramaly şypahanasy şolaryň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde ýaz, tomus, güýz aýlary bejergi almak has hem peýdaly bolup, howanyň aýratyn bejerijilik häsiýetleri bu aýlarda has äşgärdir. Aeroterapiýa (howa bilen bejeriş), gelioterapiýa (Gün şöhlesi bilen bejeriş) bejergileri şypahananyň netijeli aýratynlygydyr.


Baýramaly şypahanasynyň mineral suwy fiziki-himiki we mineral düzümi pes aşgarly (pH-7,2), gyzgynlyk derejesi 28 °C, hlorid-sulfatly — wanna görnüşinde ulanylýar. Ýüzärlikli, bişofitli, deňiz duzly wannalar, duş Şarko, aýlawly duşlardan giňden peýdalanylýar.


Şypahanada birnäçe bölüm bolup, bu ýerde raýatlara göwnejaý dynç almak, saglygyny dikeltmek üçin giň hyzmatlar toplumy hödürlenilýär. Anyklaýyş bölümi dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bolup, bölümdäki elektrokardiografiýa, ultrases barlagy, aşgazan-içege ulgamynyň endoskopiýa barlagy, kliniki laboratoriýa otagy, stomatolog, ginekologyň otagy halkyň hyzmatynda. Bejeriş bölüminde türgenleşik zalynda bedenterbiýe maşklary, ruhy bejergi, iňňe sançmak arkaly bejergi, beden owkalaýyş (mehaniki owkalama, umumy suw asty owkalama, el-aýak suw asty owkalama, stounoterapiýa — gara bazalit daşlar bilen owkalama), melhem ýapgylar, şöhle we ýagtylyk arkaly bejergiler, berhiz bejergisi we dürli erginli bejeriş wannalary geçirilýär. Şypahanada halkymyzyň iň gadymy bejeriş usullary bolan türkmen çölüniň çägesiniň bejeriş täsiri öwrenilip, psammoterapiýa bejergisi we onuň birnäçe görnüşleri ornaşdyryldy. Bu bejeriş usulynyň dürli görnüşleri bar: psammoterrenkur (çägeli ýörite ýodajykda ýöremek), el-aýak psammo-wannalar şypahananyň bejeriş usullarynyň üstüni ýetirýär.


Şypahanada böwrek we peşew çykaryş ýollarynyň, ýürek, gan-damar ulgamynyň, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, hususan-da, ýiti glomerulonefridiň 8 aýdan soňky galyndy ýagdaýlary, dowamly diffuz glomerulonefrit (gipertoniki görnüşi, peşew alamatly görnüşi, gematuriýaly görnüşi), dowamly nefrit, dowamly piýelonefritiň remissjýa döwri, ýüregiň işemiýa keseliniň I-II funksional toparlary, essensial arterial gipertoniýa keseli (I-II dereje), simptomatik gipertoniýalar, miokardyň ýiti infarktyndan soňky ýagdaý (6 aýdan soň), aterosklerozly kardioskleroz keselleri bejerilýär.


Şypahanada birnäçe keselleriň bejergisi çäklendirilýär, has dogrusy, ol bejergilere ýiti glomerulonefritiň ähli görnüşleri, ýiti asty glomerulonefritiň ähli görnüşleri, dowamly diffuz glomerulonefritiň ähli görnüşleri, böwrek amiloidozynyň ähli görnüşleri, böwrek inçekeseli, böwrek daş keseli, böwregiň polikistozy we gidronefrozy, ýüregiň işemiýa keseli (Durnukly stenokardiýa III-IV funksional topar), Miokardyň ýiti infarkty, arterial gipertoniýalar (agyr dereje), ýokanç keselleriň ýiti döwründe, gan akmaly, ölüm howply täze dörän keseller, onkologiki keseller, şeýle hem göwrelilik döwri degişlidir.


Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin bejeriş ähmiýetli otaglardan başga­-da, dynç alyş­-jemgyýetçilik otaglary hem göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde berhiz lukmany tarapyndan ýörite düzülen aýry­-aýry berhiz nahar sanawyny içine alýan restoran, kitaphana we internet zaly, maslahatlar zaly hem-­de isleg bildirýän her bir adamyň türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biljek ýeri bolan fitobar ýerleşýär. Fitobarda bolsa, lukmanlaryň maslahatlary esasynda bellenilýän Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, dürli görnüşli hoşboý ysly melhemlik çaýlar demlenip, şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlara hödürlenýär. Bu bolsa şypahana bejergisiniň has oňyn täsirli bolmagyna getirýär.


Baýramaly şypahanasyna saglyklaryny berkitmäge gelýän raýatlara öz ýaşaýan ýerlerinde maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp gelmegi ýatladýarys.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Baýramaly» şypahanasy


Salgysy: 746000, Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Bitaraplyk köçesi, 2-nji jaýy


Telefon belgisi: +993 (564) 6-11-70, +993 (564) 6-09-34


Faks belgisi: +993 (564) 6-11-70


E-poçta salgysy: sanatoriy-bayramali@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 


Ugur almak üçin bellik: Baýramaly şäheriniň Medeniýet öýi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner