Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Berzeňňi» şypahanasy

Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şypahana – dynç alyş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasy hem düýpli özgerdildi.


«Berzeňňi» şypahanasy Aşgabat şäheriniň günortasynda, şäher merkezinden 7,5 kilometr uzaklykda, irki wagtlardan bäri mälim bolan mineral suwly çeşmäniň ýanynda ýerleşýär. Şypahana 1967-nji ýylda geologlaryň gözleg-barlag işleri netijesinde açyldy. Bu şypahananyň täze binasy 2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. «Berzeňňi» şypahanasynda saglygy goraýyş işgärleriniň işlemegi we näsaglaryň saglygyny dikeltmek üçin ähli zerur şertler bar. Ähli bejeriş otaglary lukmançylyk tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir.


Şypahananyň esasy bejeriş faktory onuň şypaly mineral suwudyr. 1600 metr çuňlukdan öz basyşy bilen çykýan dikguýy mineral suwuň esasy çeşmesidir. Bu ýerdäki guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar. «Berzeňňi» tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 sany element bar. Bu suw «ýörite goşundysyz we häsiýetsiz» suwlar toparyna degişli bolup, sulfatly, kalsili-magnili, az minerallaşan (3,2-3,4mg/dm3), subtermal (36°C) gyzgynlykly, pes aşgarly (pH 7,2-7,6), kükürtwodorodly (3,2-3,5 mg/dm3), mikrogoşundyly, ýod (0,2 mg/dm3), brom (1,1 mg/dm3), sink (10-15 mg/dm3), margens (0,005 mg/dm3), organik maddalary – kremniý turşusyny we beýlekileri düzüminde saklaýan giň spektrli bejeriş häsiýetli mineral suwdur. Gidrogeohimiki standart boýunça bu mineral suw bejeriş-naharhana suwy hasaplanylýar. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň we ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenilýär. Çylşyrymly düzümli suwlar bedene köptaraplaýyn tasir edýär. Olaryň täsiriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ulanyş usulyna bagly bolup durýar.


Şypahananyň anyklaýyş bölüminde: ultrases, elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa barlaglary geçirilýär.


Mineral suw bilen bejeriş bölüminde: adaty wannalar we mineral suwuň bejeriş täsirini tiz özleşdirmäge ýardam berýän elektroimpuls usuly ulanylýan elektrowannalar, suwasty owkalama wannalary, enjamlar bilen geçirilýän içegeleri ýuwmak usullary raýatlaryň hyzmatynda.


Fizioterapiýa bölüminde: melhemli elektroforez, ionoforez, şöhle bilen bejeriş, magnit bejergisi, ingalýasiýa, iňňe bilen bejeriş, adaty bejeriş owkalamasy, stounoterapiýa, ýagny gyzgyn daşlar bilen bejeriş owkalamasy, banka bilen bejeriş owkalamasy, parafin hem-de palçyk ýapgylary bilen bejeriş, bejeriş bedenterbiýe otagynda fiziki maşklar arkaly dikeldiş-sagaldyş bejergileri geçirilýär. Gidrokolonoterapiýa otagynda bolsa, raýatlar içegäni suw bilen ýuwmak bejergisinden, şeýle hem beýleki bejergilerden peýdalanýarlar.


«Berzeňňi» mineral suwy iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, ýagny dowamly gastritler, aşgazanyň we onikibarmak içegäniň baş kesellerinde, dowamly kolitlerde, bagryň we öt çykaryş ýollarynyň dowamly kesellerinde, aşgazanyň operasiýasyndan soňky döwürde, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe, böwrek we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerinde, süýjüli diabet insuline garaşsyz görnüşiniň ýeňil we orta agyrlyk derejesinde, semizlikde ulanylýar.


«Berzeňňi» mineral suwuny wanna görnüşinde ulanmak gipertoniýa keseli boýunça ýüregiň I-II derejeli dowamly işemiýa keseli, selçeň tutgaýly, dartgynlylygy I-II funksional topara degişli stenokardiýa, şeýle hem miokardyň infarktyndan soňky kardioskleroz, aritmiýa, I-II funksional topara degişli gan aýlanyş ýetmezçiligi, neýro-sirkulýator distoniýa, (gipertoniki ýa-da gipotoniki) daşky we merkezi nerw ulgamynyň hem-de daýanç-hereket synalarynyň kesellerinde, ýagny ikilenji newrologik bozulmaly oňurganyň osteohondrozynda, dowamly spondiloartroz, şikesden soňky spondilopatiýada, süýjüli diabetde, polinewritlerde, mono-poli-gemiparezlerde, ýokanç däl gelip çykyşly bogunlaryň gaýnaglama keselinde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de deri kesellerinde, ýagny allergiýa, dermatitler we iteşen örgünler, psoriaz, neýrodermit, dowamly böwrek ýetmezçiliginiň we azotemiýanyň aýratyn tapawutlanmaýan halatynda, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe, sistit, böwrekleriň we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerinde, ýanykdan soňky ýagdaýlarda peýdalydyr. Şypahana gatnap bejergi almak şertlerinde hereket edýär. Şypahana bejergisi ýokanç kesellerde, keselleriň ýitileşen döwründäki ýagdaýlarda wagtlaýyn garşy görkezme bolup durýar.


Şypahananyň ýokary amatlykly fitobarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» hem-de «Türkmenistan – melhemler mekany» atly ensiklopediki kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylýan dürli görnüşli melhemlik çaýlary şypahanada saglygyny dikeldýän ildeşlerimize hödürlenilýär.


Şypahana ýylyň ähli pasyllarynda halkymyzyň hyzmatyndadyr. «Berzeňňi» şypahanasyna ýylyň ähli paslynda raýatlar gatnawly şertlerde dikeldiş-öňüni alyş bejergilerini almaga gelýärler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gündelik gelip bu ýerde mineral suwdan içmek üçin ýörite şert döredilen. Köpetdagyň eteginde gür baglaryň içinde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasyna gelýänleriň sany gün-günden artýar. Munuň özi türkmen topragynyň çuňluklaryndan syzylyp çykýan melhem suwdan hem-de dikeldiş-öňüni alyş maksatly ýokary hilli hyzmatlardan saglygy üçin raýatlaryň bahasyna ýetip bolmajak şypa tapýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.


Edaranyň ady: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümi


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, «Berzeňňi» köçesi, 1-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-89-31


Faks belgisi: 


E-poçta salgysy: 

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 16


Ugur almak üçin bellik: ​«Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner