Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Daşoguz» şypahanasy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasynyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1978-nji ýyldan bäri mälimdir. Tebigy suwuň çeşmesi Günorta Garagum gidrogeologiki ekspedisiýasynyň topary tarapyndan buraw işleri geçirilende ýüze çykarylypdyr. Şypahananyň bejeriş suw ýatagynyň çuňlugy 1200 metre, onuň gyzgynlygy 54°C-a deňdir. Şypahananyň bejeriş suwy ýerasty suwlaryň bölüniş topary boýunça, himiki düzüminiň esasy aýratynlyklaryna laýyklykda, ýod-bromly mineral suw hasaplanylýar. Bu tebigy minerallara baý melhemlik suw daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň, peşew çykaryş we jyns agzalarynyň, deri, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Tebigy mineral suwuň minerallaşmasynyň ýokarydygy sebäpli, ol içimlik görnüşinde ulanmaga ýaramly däldir. Şol sebäpden hem ondan wanna ýa-da dürli duşlar görnüşinde adaty süýji suw bilen garyp peýdalanylýar.


Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasynyň täze binalaryny gurmak hakyndaky Karary esasynda, bu ýerde 200 orunlyk, ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze binasy guruldy. Bina 3 gatdan ybarat bolup, 1-nji gatynda bejeriş, anyklaýyş, suw bilen bejeriş we dolandyryş bölümleri, 200 orunlyk naharhana, dermanhana hem-de dükan, 2-nji we 3-nji gatlarynda bolsa 200 orunlyk ýatymlaýyn otaglar ýerleşýär. 


Şypahananyň 2-nji gatynda ýerleşen ýokary amatlykly fitobarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda hem-de «Türkmenistan – melhemler mekany», «Çaý – melhem hem ylham» atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylýan dürli görnüşli melhemlik çaýlarydyr dermanlyk otlaryň demlemeleri şypahanada saglygyny dikeldýän ildeşlerimize hödürlenilýär. Bu bolsa şypahana bejergisiniň bedene has oňyn täsir etmegine getirýär.


Şypahananyň anyklaýyş bölümi rentgenografiýa, endoskopiýa, kolonoskopiýa, ultrases barlag, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomatolog hem-de ginekolog, iç keselleri, newropatolog, göz, gulak-burun we bokurdak keselleri lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şypahananyň anyklaýyş bölüminiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýere gelýän beýleki ildeşlerimiz bilen bir hatarda Akdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna öz ýaşaýan ýerinden uzaga gitmezden döwrebap lukmançylyk barlaglaryndan geçmäge doly mümkinçilik döredýär.


«Daşoguz» şypahanasynyň dünýäniň meşhur öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilmegi hem-de öz işini kämil bilýän, tejribeli lukmanlaryň ol enjamlara kämil ussatlyk bilen erk etmekleri saglygy bejeriş-dikeldiş işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar.


Bejeriş bölüminde parafin, ozokerit we palçyk, magnit, lazer, elektroforez we wakuum, ultrases, infragyzyl şöhle, sowuk howa akymy, ozon, hoşboý yslar, basyş, iňňe, derman erginleriniň bugy, oňurga çekiji enjamlar bilen bejergiler geçirilýär. Bedeni hem-de ýüzi ýörite enjam bilen owkalama, duzly we mineral howadan dem almak arkaly geçirilýän bejergiler-de örän gowy netijeleri berýär. Bejergi bermegiň SPA kapsula, bejeriş bedenterbiýesi ýaly döwrebap we netijeli usullaryndan peýdalanylýar.


Suw bilen bejeriş bölüminde mineral suwly wannalar we duşlar, suwasty owkalama, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan erginler, suwasty oňurga çekiji enjam, galwaniki wanna usullaryny amala aşyrmak bilen bejeriş işleri geçirilýär. Şeýle hem bu ýerde 2 sany mineral suwly kiçi howuz we 1 sany adaty suwly uly howuz, 2 sany sauna (hammam) ýerleşýär.


«Daşoguz» şypahanasynda mineral suwlar howuz, wannalar, duşlar (şarko duşy, aýlawly duş) görnüşlerinde ulanylýar. Bejeriş wannalar mineral suwuň düzümini we ýylylyk derejesini üýtgetmän saklap bilýär. Bu wannalaryň kömegi bilen dikeldiş bejergilerini bir wagtyň özünde dürli ugurlarda, ýagny wanna hem-de suw akymyny goşup, suw owkalamasy görnüşinde berip bolýar. Haçan-da suw-howa akymy bilen owkalama görnüşinde kabul edilen wannanyň bejeriş täsiri has-da güýçlenýär.


Howzuň daşynda ýerleşdirilen trenažorlaryň kömegi bilen bir wagtyň özünde bedene berilýän fitnes agramyny, mylaýym suwda ýüzmek we dürli maşklary ýerine ýetirmek bilen utgaşdyryp bolýar.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Daşoguz» şypahanasy


Salgysy: 746340, Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Akdepe etraby, N.Andalyp geňeşligi, «Daşoguz» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (322) 9-10-96, +993 (322) 9-10-98


Faks belgisi: +993 (322) 9-10-96


E-poçta salgysy: dashoguzshypahana@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner