Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär:


Lot №34 – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi üçin lukmançylyk enjamlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.


Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnan, Türkmenistanda harytlar bilen üpjün etmekligi amala aşyrmaga, işleri ýerine ýetirmäge we hyzmatlary etmäge hukugy bolan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler we ýuridik şahslar çagyrylýar. 


Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşindäki, ýagny dalaşgär hökmünde doly adyny, hukuk derejesini we bank rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak islegi baradaky arzany tabşyryp, öňünden ýörite tölenýän tölege degişli hasap kagyzlaryny (hasap-fakturasyny) almaly. «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, bäsleşikleri geçirmegiň tertibi we resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly. Bäsleşigiň degişli resminamalar toplumy – lotlaryň ýöriteleşmesi, tehniki ýumşy we şertnamanyň esasy şertleri töleg tölenenden soň berler.


Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň Internet web-saýtda ýerleşdirilen ýa-da metbugatda çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň merkezi edarasynda kabul edilýär.


Şu maglumatlar «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda çap edilen №219 (31154) sanynda hem ýerleşdirildi.


Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 20-nji jaý


E-poçta salgysy: bhhb2@saglykhm.gov.tm


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 40-04-79

Aşgabat şäheri, 

2024-nji ýylyň 30-njy awgusty, anna.


banner
banner
banner