Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Ýüzlenmäni ugratmagyň düzgünleri

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi Internet saýty fiziki we ýuridik şahslaryň (ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler) hatlarynyň, arz-şikaýatlarynyň, ýüz tutmalarynyň Ministrlige iberilmegini üpjün etmekde goşmaça serişde bolup hyzmat edýär. Ministrlik öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde fiziki we ýuridik şahslardan gelip gowuşýan hatlara «Administratiw önümçilik hakynda» we «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda bellenilen tertiplerde we möhletlerde garaýar.


Saýt arkaly elektron görnüşinde ýüz tutulanda fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýüzlenmesi hökmany suratda şulary öz içine almalydyr:


1) Ýüzlenmäni iberijiniň – ýuridik şahsyň ady ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady we atasynyň ady (bolan mahalynda);


2) Adresatyň wezipesiniň ady (bolan mahalynda);


3) Ýüzlenmäni iberijiniň salgysy, poçta we elektron salgysy;


4) Ýüzlenmäniň görnüşi (şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary – minnetdarlyk, teklip, arz-şikaýat, haýyşnama we ş.m.);


5) Ýüzlenmäniň habary.


Fiziki ýa-da ýuridik şahslar saýtda elektron görnüşinde, gorag hereketlerini ulanmak we ýörite bellik etmek arkaly, «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny nazara almak bilen, döwlet edarasyna  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine öz şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygyny berýär.


Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahsy maglumatlary saklamagyň möhleti olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen sene bilen kesgitlenýär.


Fiziki ýa-da ýuridik şahslar saýt arkaly elektron görnüşinde ýüzlenme ugradanlarynda umumy ahlak-etiki kadalaryna we özüňi alyp barşyň düzgünlerine goldanmalydyrlar hem-de öz ýüzlenmeleriniň habarynda beýan etmek isleýän sözlerini dykgat bilen saýlamalydyrlar, şeýle hem esaslandyrylmadyk, sebäpsiz maglumatlary getirmeli däldirler.


Hormatly saýtdan peýdalanyjylar, gadyrly ulanyjylar!


▪ Ýüzlenmäniň habarynda ýazylýan belgileriň sany 2000-den köp bolmaly däldir;


Ýüzlenme öz düzüminde onuň mazmunyny has doly açyp görkezjek bir faýl görnüşindäki arhiwlenmedik goşmaça elektron resminamalaryň nusgalaryny ýa-da materiallary saklap biler. Goşundy faýlyň göwrümi bolsa, 5 Mb-den ýokary bolmaly däldir;


Ýüzlenmäniň habarynda uzak (düşündirişli) ýazgylary we onuň ýanyna goşulan resminamalaryň, fotosuratlaryň we başga-da mümkin bolup biläýjek goşundylaryň birnäçe nusgalaryny özünde saklaýan hatlary adaty poçta bilen bellenen salga ýollamak maksadalaýyk bolar: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 20-nji jaý.

banner
banner
banner