Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Arkadag şäherinde dessin gulluklary çagyrmak üçin niýetlenen «123» ulgamy

Arkadag şäherinde ornaşdyrylan «123» belgili bu ulgam (mundan beýläk  «123» ulgamy) müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we «Tiz kömek» merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär.


«123» merkezi gullugyň düzümine 01 (ýangyn howpsuzlygy), 02 (polisiýa), 03 (tiz kömek), 04 (gaz howpsuzlygy) ýaly gulluklar girip, bilelikde halkymyza gyssagly gaýragoýulmasyz kömegini bermek üçin niýetlenendir.


Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ähli işleriň sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde durýandygynyň aýdyň beýanydyr.


«123» ulgamyň esasy maksady Arkadag şäheriniň çäginde gyssagly islendik hadysalarda bir belgä – «123» ulgamyna jaň etmeklik hadysa bolan ýere degişli gullugyň wagtynda kömege barmagyna uly ýardam berýär. Jaňa ýörite programma üpjünçiligini ulanyp, islendik gelen jaňy degişli ulgamyna geçirip bilýän operator jogap berýär.


Bu ulgamyň esasy artykmaçlyklaryndan biri, gelen jaňa iň ýokary duýgurlylygy we netijeligi bilen tapuwutlanmagydyr, sebäbi jaňa jogap berýän operatorlar ähli zerur kömek hyzmatlaryny jaň ýerinde 1 minudyň dowamynda gerekli ulgama habar edip bilýärler. 


Arkadag şäheriniň «Tiz kömek» merkezinde «123» ulgamyň döredilmeginiň esasy maksatlary:


• çagyryşlaryň «123» belgisi bilen kabul edilmegi.


• hadysany kabul etmek, onuň ýerini kesgitlemek;


• hadysa barada gelýän maglumatlary seljermek;


• degişli ulgama hadysa barada habar bermek, gyssagly kömek çärelerini gurnamak;


• «123» belgisine ýüz tutan adama uzakdan psihologiki goldaw bermek;


• birikme duýdansyz kesilen halatynda «123» belgä jaň eden adamyň ulanyjy (terminal) enjamlary bilen baglanyşygy awtomatiki dikeltmek;


• gelýän we gidýän jaňlaryň hemmesini «123» belgisine hasaba almak;


• «123» belgä gelen jaňlar esasynda hasaba alnan hadysalara başdan soňuna çenli gözegçilik etmek we olaryň netijesi barada hasabat ýöretmek;


• daşary ýurt dillerinde jaňlary kabul etmek mümkinçiligi.

banner
banner
banner